Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

NAHANA GELDIÒ

 

Bu nakyldyr, adamzat, sen bu mekana geldiò,

Owwal ataò bilinden syzyp nahana geldiò,

Atadan enä baryp, bir katra gana geldiò,

Enede surat bolup, bu ºirin jana geldiò,

 

Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiò,

Emip enän süýdüni, gundalyp, dona geldiò.

Ýaradan gudratyndan diº bile dahan berdi,

Sözlemäge söz bile dahanda zyban berdi.

 

Köòlüò gidip her ýana, turdy, aýagyò ýördi,

Bildiò ýakyn-ýadyòny, gözüò dünýäni gördi,

Ýedi-sekiz ýaºyòda ataò mollaga berdi,

Okyp kuran-kitaby, ulalyp, ona geldiò.

 

On bäº ýaºa baraòda, oglanlykdan saýlandyò,

Gyz-geline meýl edip, köòül berip küýlendiò,

Göýä baryp ak öýüò dört daºyna aýlandyò,

Hakyò permany bile ahyr bir gün öýlendiò,

 

Ýigrimi ýaºa bardyò, esbabyòny ºaýlandyò,

Bedew münüp, segredip, sürüp meýdana geldiò.

Otuz ýaºa barynja, göýä bir algyr ºir sen,

Dünýä gamy baºyòda, göýä ýüwrüp ýelir sen,

 

Dünýäge doýmak ýokdur, bolgynça bolsun diýr sen,

Ähli musulman bolsaò, ölginçä halal iýr sen,

Kyrkyòda toba eýläp, bir mürºide gol biýr sen,

Köòlüòni bire baglap, azyz subhana geldiò.

 

Elli ýºa baraòda, dogrulykda bolar sen,

Kudeklikden aýryldyò, ºiweligi biler sen,

Her niçe jepa çekseò, ahyr bir gün öler sen,

Bäº wagtyòy okyban, haka ºükür kylar sen,

 

Altmyº ýaºa baranda, garryganyò biler sen,

Eken ekiniò biºip, orak ormana geldiò.

Ýetmiº ýaºa geleòde, ganyò gaçar ýüzüòden,

Ak diºleriò döküler, ºugla gider gözüòden,

 

Kuwwat senden aýrylar, güýjüò gaçar dyzyòdan,

Hiç kiºi heder etmez seniò aýdan sözüòden,

Segsen ýaºa baraòda, köòlüò geçer özüòden,

Gider bolsaò dünýäden, ýakasyz dona geldiò.

 

Magtymguly, mähnetdir her kim togsandan ötse,

Kem-kem geler jahana eger ýüz ýaºa ýetse,

Hiç kimden haraý bolmaz ajal ýakaòy tutsa,

Imanyny gazansaò, ýoluòny rowan etse,

Ahyr boljagyò ºuldur – teniò ýer bile ýatsa,

Iºigi, tüýnügi ýok, garaòky hana geldiò.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak