Magtymguly Pyragy
MEÒZÄR
HÜKÜMLI
Köòüller
köºkünde hyýalyò hany
Öwlady-hüòkara meòzär hükümli.
Aºyk çeker
nalany,
Ýada salar
läläni,
Ýerde beºer
patyºahy,
Hudaýymnyò
halyny,
Gamzaò
garakçysy salar talany,
Kirpigiò ok,
gaºyò ýaýdyr çekimli.
Gözelleriò
waspyn etseler kanda,
Älem agzy
tamam jem ola sende,
Tä jan
bardyr bu tende,
Arzumendim
bar sende.
Adyò Ruma
düºdi, owazyò gitdi Hinde,
Leýli saòa
kenizek, Züleýha bolsun bende
Men hem
seniò derdiòden galyp erdim dermende,
Bagda biten
gülçihre sen bulgur bakymly.
Yºkyò
ataºyny saçyp sen düze,
Jan polatdan
bolsa, dözmez bu köze,
Gonsa
dilber, bu köze,
Zyban geler
her söze,
Görküò
Güneºi dogsa, ne san bardyr ýyldyza,
Alma
zenehdana, bu kümüº ýüze
Syýa zülpüò
suratkärdir dökümli.
Humaý
oturyºly, laçyn turuºly,
Kebuter
topukly, maral görüºli,
Täze helal
gaºly, merwerit diºli,
Tawus guº
zynatly, Dawut towuºly,
Tezerw
ºiweli, käkilik ýöriºli,
Tugun guº
timarly, tarlan bakymly.
Baglanyban
çyksaò ºiddeýi-gülzar,
Husnuò
hyýalaty älemni aldar,
Aºyk aýdar:
“Eý dildar,
Husny Güne
taý dildar,
Tapar hajyò
sowabyn –
Her kim bir
garyp goldar,
Magtymguly,
sen dek görmedim, dildar,
Bu jana
taraly, köòle ýakymly.
|