Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

MÄTÄÇ EÝLEME

 

Kadyr jepbar, senden dilegim kändir,

Sen meni namarda mätäç eýleme!

Hazynaòdan bergil meniò ryzkymy,

Bendäòi bendäòe mätäç eýleme!

 

Azaºdyrma dogry ýolum egrige,

Egrini deòleme hergiz dogryga,

Kiºi maly nesip etmez ogryga,

Halaly harama mätäç eýleme!

 

Namart köprüsinden ölsem geçmez men,

Kerwen bolsam, halal iºden gaçmaz men,

Elinden bir käse ºerap içmez men,

Sag elim sol ele mätäç eýleme!

 

Ýagºy niýet – senden dilegim köpdür,

Ajy sözler dilden çykan bir okdur,

Doganyò dogana bahasy ýokdur,

Agany inige mätäç eýleme!

 

Magtymguly, hakdan dile baryny,

Dilär bolsaò, dile öz imanyòy,

Abat eýle iki gözüm nuryny,

Sag gözüm sol göze mätäç eýleme!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak