Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

MALA SERETMEZ

 

Owwal-a mal ýagºy, maldan baº ýagºy,

Baº döwletin tapan mala seretmez.

Dogmadyk oguldan dogan daº ýagºy,

Nadan ogul atasyna seretmez.

 

Atda aýak bolsa, baºga syn bolmaz,

Ärde gaýrat bolsa, iºi kyn bolmaz,

Söweº güni muhannesde üýn bolmaz,

Ýere garar, özge ýana seretmez.

 

Alaman öòüni serdary baºlar,

Goç ýigitler naýza urar, gylyçlar,

Kimse adam ýykyp, kimse at goºlar,

Abyraý tapmasa, paýa seretmez.

 

Är dostdan geçerler adam aç galsa,

Ýar ýardan aýrylyp, ara daº galsa,

Ýaman hatyn ýagºy äre duº bolsa,

Baºyny terk eder, daýa seretmez.

 

Köne dünýä mounýetniò öýüdir,

Süýthor bolankesiò dowzah jaýydyr,

Altyn-kümüº gözleriniò maýydyr,

Goç ýigitler bozuk jaýa seretmez.

 

Dünýä görki näzeninler, ne janlar,

Nadana ýolukdy türpe jenanlar,

Ärden galan, äri ölen juwanlar

Goç ýigidi gözlär, baýa seretmez.

 

Magtymguly garyp köòlün baý edip,

Kanagat ülkesin bende jaý edip,

Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,

Aýyn gözlär, baºga aýa seretmez.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak