Magtymguly Pyragy
KAÝDA SEN
Badaraga,
neýlerem men, mähribanym, kaýda sen?
Iki dünýä
ýoldaºym, ºähri-imanym, kaýda sen?
Gözlerimniò
röwºeni, ýagty nuranym, kaýda sen?
Neýlerem
bagu-çemeni, mahy-tabanym, kaýda sen?
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
ªum pelekniò
zulmundan çykmyº jesetden jany, heý,
Gitdi ol
ºähri-behiºtge, aýrylyp imany, heý,
Sowuldy
daglar baºyndan, ýagynly dumany, heý,
Turdy
naglydan bu gün, ol guradyp ummany, heý,
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
Görmedim öz
rastyma, ol bakydan gül deý ýüzün ,
Diýdi:
görmedim çyragym, ýaº ediban ol gözün,
“Pyragy!
Pyragy!” diýip, unudyban ol sözün,
Berdi ol
zemin içre biygtyýar görge özün,
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
Aýra düºmez
käkilik, çölde goýuban balasyn,
Agalýyr
bilbil mydam, älemge ýaýyp nalasyn,
Ak maraldyò
owlagy çyksa golundan, neýlesin,
ªum pelekde
ýok utanç, saldy-la pyrkat hilesin…
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
Il-güni
bolmasa, ºalar tagtydan düºer gider,
Salsaò ol
narga daragtny, kül bolar, biºer gider,
Bazsaò ki
ary hinini, döwr eýleýip, üýºer gider,
Ölse göz
astyda owlak, gäbesi çiýºer gider,
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
Ýygnaýyrlar
mallary bir kiºi eýläp sarwan,
Ukyda ýatsa
kiºi, mallar ki çaºar bigüman,
Duºadyr
börige her dem, galmaýä biru aman.
Düºdi
baºymga ki, dostlar, beýle bir ahyrzaman,
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
Il-uluslar
zar edip, kyldy özüni har-u zar,
Gyº pasylga
öwrülibän, gitdi ol pasly-bahar,
Guýdy
bulutlar ýagmyryn, halymga eýläp gahar,
Joºduryp
dünýä ýüzün, umman deýin siller akar,
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
Girmiºem
baga rowan, solmuº ki gördüm güllerim,
Tyg
degmeýen, damy ösüp, ölmüºki ol bilbillerim,
Çykdy derýa
kenaryndan, akdy dünýä sillerim,
Aglaýyr
Aýym-Günüm, matam tutuban illerim,
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
Goç ýigitniò
goludan gaçdy bu gün, gör, gylyjy,
Uzamaz,
ýetmez, zeminde, ýokdur anyò alajy,
Dökdi
ýapragyn birden, ýas tutup serwi agajy.
Daýy,
dogan-gardaºy zar eýleýip hem-de bajy.
Walydym,
Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?
Aýra düºüp
käbeden, goýdum Pragy adyma,
Il-ulus,
hazynadan düºmez bir zerre ýadyma,
Gördi
garakçy bu gün gol urdy göwher zadyma,
Eredi
daglarnyò daºy, çydamady oduma,
Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda
sen?
|