Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

ILIÒNI

 

Gel, köòül, men saòa öwüt bereýin;

Yrak kylma görer gözüò – iliòni!

Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle,

Uzatmagyl her näkese tiliòni!

 

Doga eýläp, haýyr sözläp ýaºagyn,

Hormatlagyl gözel iliò uºagyn,

Ýazdyrmagyl, mäkäm eýle guºagyò,

Ýeri bardyr, ajap sakla biliòni!

 

Çagyrylmaz jaýda görünme, barma,

Baºarsaò, sopynyò ýüzüni görme,

Pikir-zikriò dünýä malyna berme,

Karuna ogºatma, tutgul päliòni!

 

Sözüne ber jowap, her kes sorasa,

Özüò yrak eýle, namart ýörese,

Bir misgin telmuryp, ýyglap garasa,

Baha gurma, mugt bergin malyòny!

 

Gorkma namartlaryò köp diýp sanyndan,

Gara görse, bary geçer janyndan,

Ugrun tapsaò, ötmäwergil ýanyndan,

Bahyllardan yrak eýle ýoluòny!

 

Akyl baº köpdür, akyl kesen azdyr,

Datma ºerap, uzak içseò, ol azdyr,

Mert köòlünde daýym bahardyr-ýazdyr,

Mejnun umman içre salma salyòny!

 

Magtymguly, akyl baºymdan uçdy,

Ykbalym ýatypdyr, döwletim göçdi,

Pir-kazylar para istäp, gol açdy,

Haram eýle, emma berme puluòny!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak