Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

ILI GÖZLÄR

 

Ilinden aýra düºen –

Ah urar, ili gözlär.

Ýolundan aýra düºen –

Jäht edip, ýoly gözlär.

 

Gökde pelek gerdandyr,

Halk ýerde sergerdandyr,

Ne bazygär jahandyr,

Göz açan maly gözlär.

 

Kimlerde altyn täçdir,

Kimler saýyl mätäçdir,

Kimler düýpden gallaçdyr,

Kim parça, haly gözlär.

 

Kim nan tapmaz iýmäge,

Kim ýer tapmaz goýmaga,

Kim don tapmaz geýmäge,

Kim tirme ºaly gözlär.

 

Bu jahan bir puºtadyr,

Kim zinde, kim küºtedir,

Her bende bir iºdedir,

Her kim bir haly gözlär.

 

Heòòam uzyn, ömür az,

Çahar pasla baºdyr ýaz,

Gökde ganat ýaýan gaz –

Gözleri köli gözlär.

 

Magtymguly, huº eýläp,

Gezgin didäò ýaº eýläp,

Däli köòül joº eýläp,

Ýüz müò hyýaly gözlär.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak