Magtymguly Pyragy
HER ÝANA
Ýarsyzlykdan
ýaman iº ýok,
Göz salyp
gezsem her ýana.
Ýa, ýaradan,
bir ýar bergil,
Köp muºakgat
degdi jana.
Bir ýar
bergil etli-ganly,
Köòli giò,
göwsi meýdanly,
Dil bilen,
akly kemally,
Ýüzi hem
bolsun görkana.
Gadyr
bilenden daº etme,
Nägadyra
ýoldaº etme,
Til bilmez
bela duº etme,
Sada dil
bolsun – türkana.
Keremiò
güçlüdir, görgül,
Diýr sen:
“Doga kyl, el gergil”.
Ne berseò,
tizräk bergil,
Ygtybar
ýokdur bu jana.
Boýy uzyn,
pes bolmasyn,
Hetden aºa
mes bolmasyn,
Akylsyz,
näkes bolmasyn,
Sadadan
bolsun – türkana.
Ýagºy aýal
ele gelmez,
Nadan ýagºyò
gadryn bilmez,
Aýalsyza
mydar bolmaz,
Dönseò häkim
Süleýmana.
Derwüºlere
ýolsuzlygy,
Ýigitlere
malsyzlygy,
Ylahy
aýalsyzlygy
Görkezme hiç
musulmana.
Magtymguly,
köýsem, biºsem,
Ynanmazlar
oda düºsem,
Höwesim bar,
bir gyz guçsam,
Diýsem
sözümni erkana.
|