Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

NAS ATAN

 

Göýä bu dünýäge, geldiò, gelmediò,

Kül ýygar sen mydam iºiò, nas atan.

ªerigat ýolundan habar almadyò,

Galar dowzah içre läºiò, nas atan.

 

Temmäki diýp her iºige ýortar sen,

Çala owup, üç mysgaldan tartar sen,

Bir sümgürip, ýanbaºyòa sürter sen,

Haram bolar üst-u baºyò nas atan.

 

Namaza duraòda, üstüòe akar,

Anýò üçin müò ýyl dowzahda ýakar,

“Weýl” diýgen jaýda tütüniò çykar,

kabul bolmaz gözde ýaºyò, nas atan.

 

Ýagºy-ýaman eden iºin “hak eder”,

Nas atanlar galampurun çak eder,

Akar durar, üsti-baºyò poh eder,

Senden gaçar deni-duºuò, nas atan.

 

Gözüòi ýaºardyp, mähriò gandyrar,

Gelse humar, imanyòy ýandyrar,

Tagam iýseò, tabagyòy doldurar,

Murdar bolar içen aºyò, nas atan.

 

Her adamy görseò, gizläp gaçar sen,

Burnuòdam dem gelmez, agzyò açar sen,

Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,

Haýran bolar oba-goòºyò, nas atan.

 

Kyrkyòa baraòda, beýniòe çykar,

Bu ºirin janyòy dowzahda ýakar,

Çakjaòy ot eýläp, burnuòa dakar,

Zehmiòden döküler diºiò, nas atan.

 

Magtymguly, ölenden soò bilerler,

Jynaza okamaý, burnuò dilerler,

Sakar diýgen jaýa seni salarlar,

Nara döner içiò-daºyò, nas atan.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak