Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

HABAR BER – ªEÝLEDIR

 

Magtymguly:

O nämedir, ýaºyl-gyzyl öwüsýän?

O nämedir, aýagy ýok, towusýan?

O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?

ªahyr bolsaò, ºondan bize habar ber!

 

Durdy ºahyr:

Ol ekindir, ýaºyl-gyzyl öwüsýän,

Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan,

Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,

Bizden salam bolsun, jowap ºeýledir.

 

- O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok?

O nämedir, ganaty bar, gany ýok?

O nämedir, adam ýuwdar jany ýok?

ªahyr bolsaò, ºondan bize habar ber!

 

-Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok,

Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok,

Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,

Bizden salam bolsun, jowap ºeýledir.

 

-O nämedir, derwezesiz galadyr?

O nämedir, penjiresiz binadyr?

O nämedir, bir-birinden aladyr?

ªahyr bolsaò, ºondan bize habar ber!

 

-Ol köòüldir, derwezesiz galadyr,

Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,

Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr,

 

Bizden salam bolsun, jowap ºeýledir.

 

-O nämedir, iýmediler, doýdular?

O nämedir, kyýamata goýdular?

Ol kim idi, dabanyndan soýdular?

ªahyr bolsaò, ºondan bize habar ber!

 

-Ol didardyr, iýmediler, doýdular,

Ol namazdyr, kyýamata goýdular,

Nesimini dabanyndan soýdular,

Bizden salam bolsun, jowap ºeýledir.

 

-O nämedir, ýedi ülkäni gezer?

O nämedir, bilini bir zat ezýän?

O nämedir, adam mysaly syzýan?

ªahyr bolsaò, ºondan bize habar ber!

 

- Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän,

Ol goýundyr, taýak bilini ezýän,

Bedew atlar adam mysaly syzýan,

Bizden salam bolsun, jowap ºeýledir.

 

- O nämedir, toprak üste sürünmez?

O nämedir, adamlara görünmez?

O nämedir, hiç bir dona bürenmez?

ªahyr bolsaò, ºondan bize habar ber!

 

- Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,

Ol beladyr, gelse, göze görünmez,

Ýalan gürrüò hiç bir dona bürenmez,

Bizden salam bolsun, jowap ºeýledir.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak