Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

GYBATKEª

 

Ruzy-magºar ºikat eder tiliòden,

Ryswalygyò budur seniò, gybatkeº!

Ömrüò ele berme, azma ýoluòdan,

Agyrtmagyl iliò-günüò, gybatkeº!

 

Bulut dek küküräp, bark kimin gürlär,

Gähi buzdan tagtlar, ataºdan ýerler,

Gatyr dek içýanlar, bugra dek marlar,

Bedeniòden sorar ganyò, gybatkeº!

 

Halyò gören haýran bolup aglarlar,

Özüò Syjjyn atly jaýda baglarlar,

Tiliò çekip, demir bile daglarlar,

Gara bolar ºol gün Günüò, gybatkeº!

 

Ýaman söz aýradyr ýagºy dostuòdan,

Günähiò agramy basar üstüòden,

Jähennem içinde tamug astyndan,

Peleklere çykar üýnüò, gybatkeº!

 

Malekler göterip, gürzler urarlar,

Endamyòdan suw dek akar zäherler,

Haºlaºyp durarlar ýanyòda marlar,

Endamyòdan sorar ganyò, gybatkeº!

 

Bir dem gutulmaz sen, tamug naryndan,

Teniòe ýaýylan ýylan zährinden,

ªol azabyò hasratyndan, zaryndan,

Peleklere çykar üýnüò, gybatkeº!

 

Orun biýrler saòa eltip bir jaýda,

Günüò geçer gije-gündiz hay-waýda,

Azabyò artdyrar seniò her aýda,

Çilimkeº hemradyr-ýanyò gybatkeº!

 

Ruýsyýa sen magºar güni kerime,

Taòry sowabyòdan alar jerime,

Imansyz ten idip elter jehime,

Gile eder senden janyò, gybatkeº!

 

Magtymguly diýer iliò gözünden

Düºübän, hor bolsaò, görgül özüòden,

Tiliòni çekmeseò haram sözüòden,

Belli, bibat bolar diòiò, gybatkeº!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak