Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

GÜLE MEÒZÄR

 

Eý, ýaranlar, ýagºy ýaryò

Goýny jennet, güle meòzär;

Sözlese, dürler saçylar,

Dilleri bilbile meòzär.

 

Yºk ody ýandyrdy bizi,

Sormaòlar menden sözi,

Ýaryò eýgi gyzyl ýüzi

Göýä Aýa-Güne meòzär.

 

Näler çekdim derdi-pyrak,

Ýeteý diýsem, ýolum yrak,

Galam gaºly, badam gabak,

Saçlary sünbüle meòzär.

 

Zülplerine urup ºana,

Meni ol kyldy diwana,

Göýä ol – ºem, men – perwana,

Ýandym, tenim küle meòzär.

 

Köýen ýok düòýäde mençe,

Didar görmek ýok doýynça,

Diºleri dür, agzy gunça,

Bili inçe – gyla meòzär.

 

Gözi nerkes, boýy ºemºat,

Kirpikleri misli polat,

Peri-peýkar serwi azat,

Desse-desse güle meòzär.

 

Göwsünde bar goºa nary,

Ak ýüzünde jüre haly,

Leblerinden akan baly

ªähd ile ºekere meòzär.

 

Özüne köpdür binasy,

Geýip reòbe-reò lybasy,

Eline goýan hanasy,

Göýä gyzyl nara meòzär.

 

Magtymguly, bolduò harap,

Isräp tapman ýary sorap,

Orturyºyò ýola garap,

Ýol tapmadyk köre meòzär.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak