Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

GÖRÜM GÖRÜLMEGEN ÝERDE

 

Yzzat, hormat, syn etmegin,

Görüm görülmegen ýerde;

Akyl bolsaò, söz aýtmagyn

Nobat berilmegen ýerde!

 

Akly ýagºylar unutmaz,

Gury agaja ýaprak bitmez,

Akylly är mesgen tutmaz

Hulky söýülmegen ýerde.

 

Batyl galan aryk akmaz,

Her naºydan kerem çykmaz,

It gözlemez, piºik bakmaz

Supra ýaýylmagan ýerde.

 

Haj eýleseò, jara döner,

Gül açylsa, ha:ra döner,

Hyzmat etmek ha:ra döner,

Gadryò bilinmegen ýerde.

 

Namart goº üstünde harlar,

Orta-aº üstünde gürlär,

Söweº gurup, gylyç parlar

Duºman görülmegen ýerde.

 

Öý içinde hyra döner,

Muhannes bir nere döner,

Tilki, ºagal ºire döner

Söweº gurulmagan ýerde.

 

Parasat kyl, bakyp akla,

Goç ýigidiò sözün hakla,

Magtymguly, diliò sakla,

Habar soralmagan ýerde!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak