Magtymguly Pyragy
GIDIJI BOLMA
Gel, eý,
köòlüm, saòa nesihat kylaý:
Watany terk
edip, gidiji bolma!
Özüòden
egsik bir gaýry namardyò
Hyzmatynda
gulluk ediji bolma!
Hyzmat
kylsaò, bolsun bir asylzada,
Ata-babasyndan beýik begzada,
Her çent
eger bolsa aj-u uftada,
Ýanyndan bir
zaman gidiji bolma!
Akmaýyn
galmazdyr bir akan aryk,
Bir tende
adam ki, semizdir aryk,
Bar ýüzi
burukdyr, ýok ýüzi çirik,
Çirik diýip,
gaty söz aýdyjy bolma!
Ýagºylardan
hergiz çykmaz ýamanlyk,
Asly ýaman
bolsa, çykmaz ýagºylyk,
Aslyga
dartadyr ýüwrük, çamanlyk,
Ýüwrükni
çamanga satyjy bolma!
Bir nesihat
bereý, pendimi alsaò,
Imtiyaz
eýlegil, otursaò-tursaò,
Idegsiz-habarsyz bir ýere barsaò,
Kiºi aºynyò
duzun dadyjy bolma!
Çagyrlan
ýere bar, oturgyl, turma,
Çagyrylmagan
ýere görünme, barma,
Uýalmas kiºi
dek süýrenip ýörme,
Buýrulmagan
iºi ediji bolma.
Eger sen hem
bolsaò nerm-u mylaýym,
Sen mylaýym
bolsaò, guluò bolaýym,
Gulagyma
bergen pendiò alaýym,
Kiºige gaty
söz aýdyjy bolma.
Nem düºmese
gökden, ýer neý götermez,
Ýygylsa müò
gaýgy, bir iº bitirmez,
Är ýigit
köòlüne gaýgy getirmez,
Namart ogly
deýin gaýgyçy bolma.
Mert
oguldyr, ilge ýaýar desterhan,
Dogry söz
üstünde berer ºirin jan,
Ömrüni
ötgerip diýmesdir ýalan,
Jäht eýläp
ýalan söz aýdyjy bolma.
Sahty-dil
kükregi hergiz boº bolmaz,
Herniçe
ºatlansa, köòli hoº bolmaz,
Iki ýagºy
bir-birewge duº bolmaz,
Ýagºyny
ýamana çatyjy bolma.
Töwekgel ner
erer, endiºe – maýa,
Köòlüòni
iberme her kaýsy jaýa,
Barçanyò
yºanjy kadyr Allaýa –
Alladan
özgäge söýenji bolma.
Okur bolsaò,
ok ur nebsiò gözüne,
Gara, çyn
göz bile müshef ýüzüne,
Aldanyp
girmegil ºeýtan sözüne,
Allanyò
emrine goýgujy bolma.
Eger bolsun
diýseò ýeòil, agyrlar,
Çykgyl bir
ýana, tä, birýan bagyrlar,
Ýoluksa
gözüòe güò-u sagyrlar,
Olaryò
halyga gülüji bolma.
Kiçiklikden
ybadatga boýun goý,
Kyýamatnyò
oýun kylsaò, oýun goý,
Terk edip
dünýäni, zowk-u toýun goý,
Gir pena
ýoluga, gaýtgujy bolma.
Uruglyg men
diýme, taòla urug bar,
Hasab-u
mana-ýu wezn, sorag bar,
Ýalançy
bende, miz, sansyz durag bar,
Bilip,
ýalgan sözni aýdyjy bolma.
Meý içseò
mertebe hezar haºrda,
Otny ur
Kagbaga taryky-künçde,
Kurany
köýdürip, butga kyl sejde,
Merdumga
azar iº ediji bolma.
Ger tapsaò
dünýäde mülki Isgender,
Karunyò maly
hem bolsa miýesser,
Ahyry bolar
sen ýerge barabar,
Köòülde
men-menlik ediji bolma.
Eger çendi
bolsaò sahyby-mansap,
Sözün diòle,
köòül bozgunça teòläp,
Söz tapsaò
sözlegil, tapmasaò, bil hiff,
Goldan
gelmez iºni ediji bolma.
Daò atsa,
mollalar çagyrar azan,
Bozulmazdyr
hergiz kysmatda ýazan,
Ýigitlik
bossandyr, garrylyk – hazan,
Tesbihden
özge söz aýdyjy bolma.
Aýdarlar:
“Ýyrtyk don görse, it gapar”,
“Päli ýaman
bende, hudadan tapar”,
Ahyry bir
güni kylar sen sapar,
Dar köòül
pyglyny tutujy bolma.
Kitabyn
açyban okyp molla diýr,
Gögeredir
ýagmyr suwy birle ýer,
Alkyºy-fatyha doga bilen är,
Mazlumga
sütemlik ediji bolma.
Yzzat etgen
bile kiºi baý bolmaz,
Her niçe
katlansa, mülki ºaý bolmaz,
Jahany talh
edip, köòli jaý bolmaz,
Jennete
jaýyòdan gidiji bolma.
Garrylyk
gelgisi bir gün apaty,
Ýigitlik
gitgisi bir gün kuwwaty,
Ganymat bil,
gapyl, bu dem-pursaty,
Murda dek
uzanyp, ýatyjy bolma.
Itnin
balasyny tula azdyrar,
Hojasy
geçirer, bende ýazdyrar,
Argumak
balasy bara ozdurar,
Bende sen,
hojaòa ýazgyjy bolma.
Döwletli
ogullar ýaºda baº bolar,
Ýaºadykça,
bidöwletler ýaº bolar,
Birehim
zalymyò bagry daº bolar,
Barar ýerge
kesek atyjy bolma.
Är ogul
balasy bara beý bolar,
Gamçynyò
astynda ýaman eý bolar,
Märeke
görmegen ýigit neý bolar,
Geler-gelmez
sözü aýdyjy bolma.
Mümüniò
kinesi-keten roýmaly,
Guraýança
bolar ermiº mysaly,
Köòlüòniò
kineden eýlegil hali,
Küpür dek
kinäni tutjy bolma.
Ey köòül,
gelgil sen, hakny tapaly,
Nebsimiz
merkebin münüp çapaly,
Aýdarlar:
hak ermiº mähr-u wepaly,
ªol sözünden
hergiz gaýdyjy bolma.
Hak ermiº
bendäge ýakyndan-ýakyn,
Kim nesip
eýlese muhubbet çakyn,
Jaýba-jaý
getirseò bendelik hakyn,
Hojanyò
buýrugyn goýujy bolma.
Man diýdim
birniçe pendi-nesihat,
Bilseò
nesihatdyr, ýogsa pesihat,
Pesihat
bilmegil, bilgil nesihat,
Ýalançy
sözleri aýdyjy bolma.
Maksat – bu
sözlerni kylgyl ygtybar,
Umdetil-umra
mehter ynak bar,
Aòlamaý
sözleme: “Tamda gulak bar”,
Iç syryò
kiºige aýdyjy bolma.
Magtymguly,
köòülde köpdür armany,
Tapmady
akybet derde dermany,
Ýetiºer bir
güni taòry permany,
Ruzy-ºeb
gaflatda ýatyjy bolma.
|