Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

GADRYN NÄBILSIN

 

Harazban goluna düºse algyr baz,

Ganatdan aýyrar, gadryn näbilsin.

Bir çopan eline degse bir almaz,

Çakmak daºy kylar, gadryn näbilsin.

 

Pakyra mynasyp sabr-u kanagat,

Baýlar ýaraºygy haýr-u sahawat,

Har beslän täjige düºse ºalyk at,

Palan çeker süre, gadryn näbilsin.

 

Kämil bolmaz ol ºerbetden datmaýan,

Hezl eýlemez söz aslyna ýetmeýen,

Däli Mejnun yºky eser etmeýen,

Perizat Leýliniò, gadryn näbilsin.

 

Meýlis girip, märekäge barmaýan,

Beglik edebilmez, berim bermeýen,

Çölde açlyk muºakgatyn görmeýen,

Öýde ýssyg nanyò gadryn näbilsin.

 

Ötenden soò, aòlar adam döwletin,

Bilmez döwlet bile geçen nobatyn,

Çekmeý kiºi bimarlygyò zähmetin,

Bu gözel saglygyò gadryn näbilsin.

 

Rysmanyn berk edip, labyr salmaýan,

Girdaba ugraºar häzir bolmaýan,

Kiºtisi kölekde bendil galmaýan,

Gury gara ýeriò gadryn näbilsin.

 

Aýralyk oduna ýanyp biºmeýen,

Zalymlar elinden ülke aºmaýan,

Watandan ayrylyp, garyp düºmeýen,

Ülkesinde iliò gadryn näbilsin.

 

Ýigit degil bir ykrarda durmasa,

Ulag gadryn bilmez kiºi armasa,

Ördek, guba gazlar çöli görmese,

Serçemenli kölüò gadryn näbilsin.

 

Magtymguly aýdar, ýar-u hemdemge,

Geliò, dostlar, ºükür edeliò bu demge,

Zatynda söz pähmin bilmez adamga,

Müò magny söýleseò, gadryn näbilsin.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak