Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

EKIP GEÇDI

 

Owwal Adam indi dünýä,

Bu dünýäni ekip geçdi.

Her pygamber bir kesp açdy,

Kesbin mydam edip geçdi.

 

Bela geldi lenber-lenber,

Doga kyldy anbar-anbar,

Öz döwründe Nuh pygamber

Nejjar iºin turup geçdi.

 

Ezraýyla janyn beren,

Anyò bilen söhbet guran,

Jennet içre diri giren

Idris köýnek tikip geçdi.

 

Tä Isa gelinçä daýym,

Esaby-kehf yatar gaýym,

Hakyn ýolunda Ybraýym

Janyn oda ýakyp geçdi.

 

Zaty egri gönenmedi,

Asla dogrular dönmedi,

Gurt Eýýubyn tenin iýdi,

Iblis ºonça nikb geçdi.

 

Süleýmanyò aly jahy,

Tört ýüz gurular bargähi,

Ynsyò, jynsyò patyºahy,

Ol hem zenbil dokyp geçdi.

 

Tur dagy diýr, düºer ýola,

Raz aýdyºar huda bile,

Asasyn göterip gola,

Musa goýun bakyp geçdi.

 

Kabys dagynyò burnunda,

Oglun tapmady ornunda,

Ýunus balygyò garnynda

“Ente subhan” okyp geçdi.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak