Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

DURASYÒ GELER

 

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,

Anyò hyzmatynda durasyò geler;

Edepli, erkanly, mylaýymzada,

Tä ölinçäò bile ýöresiò geler.

 

Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy –

Garaòky gijede düºer ýalkymy,

Sözlegen sözleri misli bal kimi,

Ýaòagyndan posa alasyò geler.

 

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,

ªol gözeliò syýa zülpün örmeli,

Döküp, hazynanyò zerin bermeli,

Anyò söwdasynda bolasyò geler.

 

Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,

Artmaz, ýuwmaz, tabagyny, daºyny,

Sylamaz atasyn, ene, ýaºyny,

Anyò hyzmatyndan gaçasyò geler.

 

Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi,

Jan içinde bile bolar ýüregi,

ªeýle gözel mert ýigidiò geregi,

Ne hajat istese, beresiò geler.

 

Magtymguly, syn gerekdir gözele,

Her ne kysmat bolsa, tartar ezele,

Dünýä malyn harç et ýagºy gözele,

Ýamanyò ýanyndan gaçasyò geler.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak