Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

DÖKER BOLDUK ÝAªYMYZ

 

Istär – elden çyka döwlet humaýym,

Doga kylyp, döker bolduk ýaºymyz.

Dilegim duº eýle, gözel Allahym,

Ersgin boldy gitdi gyzylbaºymyz.

 

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,

Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn,

Bir suprada eda bolsun aºymyz.

 

Derwüºler köòli jem dursun namaza,

Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,

Ilimiz ulaºsyn sowulmaz ýaza, –

Togsan dolup, tamam bolsun gyºymyz.

 

Türkmenler baglasa bir ýere bili,

Gurudan Gulzumy, derýaýy-Nili,

Teke, ýomut, gökleò, ýazyr, alili,

Bir döwlete gulluk etsek bäºimiz.

 

Magtymguly diýdi jannyò dirligne

Musulmany goýma, käpir horlugna,

Rowaç bergil ýomut, gökleò birligne,

Ol Kemal han owgan bolsun baºymyz!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak