Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

DAÒ ATMAZDAN BURUN

 

Adam ogly, ýatma gapyl,

Tur-ha daò atmazdan burun!

Ýigitlikde tagat kylgyl,

Garrylyk ýetmezden burun!

 

Garrylyk tagat kyldyrmaz,

Iºin ebesdib, bildirmez.

Pelk agladar, güldürmez,

Sür döwran ötmezden burun!

 

Bendäge eýleme kasdy,

Agyrtmagyl ýary-dosty,

Bir gün gelip, ajal desti

Ýakaòdan tutmazdan burun!

 

Gardaºlaryò ýyglapl galar,

Ýeò, ýakasyz dona salar,

Bir gün amanadyò alar,

Sen toba etmezden burun!

 

Bu dünýäge gelen geçer,

Halaýyk ol meýdan içer,

Bir aždarha agzyn açar,

Wehm eýle ýutmazdan burun!

 

Meºgul sen dünýä oýnuna,

Girer sen ýeriò goýnuna,

Ajal bendäniò boýnuna,

Gaýdawer münmezden burun!

 

Ajal barçany edalar,

Galmazlar ºah-u gedalar.

Haramdan gaç, kethudalar,

Rusyýa bolmasdan burun!

 

Sakla gybatdan tiliòni,

Baglatma iki goluòny,

Açylan täze gülüòni

Alla soldurmasdan burun!

 

Bendäge etme hyýanat,

Barça gul taòryga raýat.

Bu sözde bar hadys, aýat,

Pähim eýle ölmesden burun!

 

Tur säher, taòryga ýygla,

“Hak” diýp ýüregiò dagla,

Toba gorun mäkäm bagla,

Kyrkyòa gelmesden burun!

 

Magtymguly, dogry söýle,

Ömrüò gelip, geçer beýle,

Zynhar, ýaºulyòy syla,

Baº göre girmesden burun!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak