Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

ÇILIMKEª

 

Hak seni raýyòa goýmuº jahanda,

Ede bileniò et munda, çilimkeº!

Diwan gurlan güni hasap jaýynda,

Jowabyò nämedir anda, çilimkeº!

 

Kuwwatyò kemelder, güýjüò az durar,

Keýpi kellä gelse, aklyò azdyrar,

Süòòüòü syzdyrar, etiò gyzdyrar,

Bir nyºana budur sende, çilimkeº!

 

El götergil beýle nähak talaºdan,

Puluò köýer, içiò ýanar bu iºden,

Erte garnyò doldurarlar araºdan,

Zähmi çykmaz, galar janda, çilimkeº!

 

Iki dünýä ýagºylyk ýok egriýe,

Kiºi bolsaò, gadam goýgul dogruýa,

Binamaza, gybatkeºe, ogruýa

Ýoldaº bolar yowuz günde çilimkeº!

 

Magtymguly, möwlam jandan ýakyndyr,

Çilim bir ºor suwdur, ten bir zemindir,

Iman bir tilkidir, göwre bir hindir,

Tilki tüssä dözmez hinde, çilimkeº!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak