Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

ÇILIM ÇEKMEGIL

 

Janyòa kast etme, düýdkeºim, özüò,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

Pendim bu, roza tut, oky namazyò,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Çilimden ýylanlar düºer boýnuòa,

Agzyn açyp, haºlap girer goýnuòa,

Her zaman zäherni salar iniòe,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Tenleriò tisginip, andan gaçar sen,

Suwsuzlykdan zäher-zakgum içer sen,

Içim ýandy diýip, agzyò açar sen,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Ýylan aýdar: “Bu gün gaçar sen menden,

Ol hakyò emridir, aýrylman senden”,

Oºal wagtda bizar bolar sen andan,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Ýalançy dünýäde isteme wepa,

Ot iýmek bolarmyº bizowk-u sapa,

Düýdkeºler ummat däl diýdi Mustapa,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Bu dünýä panydyr, durmaýyn geçer,

Her kimse akyldyr, bil, andan gaçar,

ªeýtana ýol berme, imanyò öçer,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Amanat janyòa kylmagyl töhmet,

Sarpasy nedir, gel, sen imdi pähm et,

Magºar gün nä diýr sen, jowabyòny aýt,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Iblise berme, ýuwtmagyl nary,

Gül diýip özüòe salmagyl hary,

Bigaýratlyk etme, saklagyl ary,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Terk eýle çilimi, dogry dur haka,

Her zaman toba diýp, tutgul sen ýaka,

Diýrlermiº, suw bermez düýdkeºe sakka,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Içdigin zakkumdyr, iýdigiò otdur,

Bilmez sen, ºeýtanlar kesbiòe ºatdyr,

Bu gün hoºnud bolsaò, taòla heýhatdyr,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Bir sapar hatadan çekipdir Aly,

Seýl üçin sähraga çykypdyr weli,

Bir mesjidi görüp zerli-sapaly,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Mesjidi görüpdir ajaýyp zada,

Tomaºa eýleýip, girmiº pyýada,

Sütüni syýamyº, örtenmiº oda,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Oºol demde gaýdyp gelmiº resula,

Habaryn söýlemiº sahyp usula:

“Sütüni syýamyº nädir wusula?”

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Resul aýdy: “Aly eºitdim sözüò,

Sypatyò, suratyò görüpdir gözüò,

Düýdkeºlik zyýandyr, eºitgil özüò,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Görüp sen mesjidi, turpa ýaranmyº,

ªeýtap saòa bu gün keýpi berenmiº,

Anyò üçin sütün oda bürenmiº,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Adamyò sütüni – bilgil, – imany,

Bu ºeýtan mekriden saklagyl any,

Gapyl bolsaò ýakar, etme gümany,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil”!

 

ªol pursatda Haýdar çykdy meýdana,

Gahr ile kast etdi lagyn-ºeytana,

ªondan bäri ºeýtan boldy pynhana,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Andan owwal ºeýtan äºgär gezermiº,

Adam aldap, dinin beýle bozarmyº,

“Bissimilla!” diýseò, umyt üzermiº,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Magtymguly, pendiò illere söýle,

Öz halyò niçikdir bir pikir eýle,

Sapar kylmak lazym, azygyò eýle,

Haýypdyr janyòa, çilim çekmegil!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak