Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

BU IªI

 

Bende, sen bet iºe batyrlyk etme,

Aldyòda goýarlar ol gün bu iºi!

Nebse uýma, ºeýtan raýyna gitme,

Hajalata goýar, bilgin bu iºi!

 

Nebsiò aýdar: “Urgun bu bir hözirdir!”

Janyò aýdar: “Haý, dur, taòry häzirdir!”

Sen görmeseò, ol-ha saòa nazyrdyr,

Utangyn, eýmengin, goýgun bu iºi!

 

Bir ýolda güòä bar, bir ýolda sowap,

Arasatda senden istärler jowap,

Halala hasap biýr harama-azap,

ªeki ýokdur, ýada salgyn bu iºi!

 

Ömrüò geçip bargan ýazdyr bir sagat,

Ne bolar, bu ýazda eýleseò tagat,

Sowaba ºatlyk bar, jürme – hyjalat,

Boýnuòa almagyn, gelgin, bu iºi!

 

Baºyò göge, göwsüò ýle göterme,

Köòlüòe gorkyny çala getirme,

Ýürekde ýok sözü tile getirme,

Yhals gulagyna çalgyn bu iºi!

 

Mysapyr sen, mukym iºin gurar sen,

Bibaka dünýäde niçe durar sen,

Munda ne iº etseò, anda görer sen,

Ýagºydyr, ýamandyr ol gün bu iºi!

 

ªeýtan aýdar: “ªirin iºdir, azagoý!”

Rahman aýdar: “Nebs umydyn üzegoý!”

Magtymguly: “Tur, goluòny köze goý,

Eger dözebilseò, kylgyn bu iºi!”

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak