Magtymguly Pyragy
BU DÜNÝÄ
Magrypdan
maºryga dünýäniò ýüzi,
Diýmäò, bize
mälim däldir bu dünýä.
Abady,
haraby, derýasy, düzi
Ýüz kyrk
alty müò agaç ýoldur bu dünýä.
Bu jahan
ýüzünde iºler peýdadyr,
Teferrüçdir,
tomaºadyr, gowgadyr,
Kyrk alty
müò agaç suwdur, derýadyr,
Ýetmiº iki
tüýsli dildir bu dünýä.
Bir elli müò
agaç ýollar anda bar,
Döw-peri
mesgeni, gullar anda bar,
Daºlar,
daglar, aç arslanlar anda bar,
Ol ýerde
adamdan çöldür bu dünýä.
On iki müò
agaç jaýy-Hindistan,
Alty müò
agaç ýol arzy-Rumystan,
Tört müò
Saklap, Senjap, tört müò Zeòistan,
Göýä geçip
bargan sildir bu düòýä.
Tört müò
farsah Ýemen, bir müò-de Bulgar,
Zemini-Ýunan
hem bolar ýek hezar,
Müò agaç ýol
dagdyr döwi-merdumhor,
Anda agyp
bargan saldyr bu dünýä.
Müò agaç
kelim güwº, ýek dest-u ýek pa,
Bäº müò agaç
Ýajuj, müò agaç sähra,
Ýedi müò
agaç ýer jezire, derýa,
Müò agaç ýer
ýatan maldyr bu dünýä.
Iki müò üç
ýüz agaç ähli-yslamdyr,
Yrak,
Azerbaýjan, Müsürdir, ªamdyr,
Horasan,
Fars, Bezirkuhda tamamdyr,
Ýok bolynça,
galmagaldyr bu dünýä.
Magtymguly,
adyò döndi Praga,
Paryg bolup,
çek özüòni gyraga,
Hasap etdim
dünýä baºdan-aýaga,
Üç ýüz
altmyº ýyllyk ýoldur bü dünýä.
|