Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

BOLAR SEN

 

Belent daglar, beýikligiòe buýsanma,

Güdazda suw bolan zer dek bolar sen!

Teriò derýa, haýbatyò guwanma,

Wagtyò ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!

 

Daglaryò arslany, babyr-peleòi,

Bir güni deò bolar pil, peºe jeòi,

Mejmegul-Bähreýniò, Niliò näheni,

Gulagyna urlan har dek bolar sen!

 

Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,

Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,

Zalymlar har bolar, galar aýakda,

Garyp, sen ýyglama, ºir dek bolar sen!

 

Ýagºy bedew münen, hup mahbup guçan,

Bile eltipmidir bakaýa göçen,

Hakykat namartdyr imansyz geçen,

Iman bile barsaò, ner dek bolar sen!

 

Ýagºylar ýanynda ýörgül sen özüò,

Dür bolsun daýyma sözlegen sözüò,

Alymlara uýsaò, açylar gözüò,

Jahyllara uýsaò, kör dek bolar sen!

 

Lukman kibi dertler dermanyn kylsaò,

Süleýman dek döwni permana salsaò,

Isgender dek ýeriò ýüzüni alsaò,

Ýere ýegsan bolup, ýer dek bolar sen!

 

Magtymguly, garap gözle daºyòny,

Jaýyn bilip sarp et nan-u aºyòny,

Kämil tapsaò, goý ýolunda baºyòny,

Är yzynda ýörseò, är dek bolar sen!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak