Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

AZADYM KANY

 

Pelek, idär idim, sen duçar bolduò,

Gözümniò nurany – Azadym kany?!

Ýüregim soguryp, seglere berdiò,

ªährimniò soltany – Azadym kany?!

 

Ymamsyz galandyr mesjit-mährabym,

Dogmady nur saçyp ol mahy-tabym,

Ýowuz galdym, sil alypdyr etrapym,

Köòlümniò ummany – Azadym kany?!

 

ªekerlikden zäher boldy sözlerim,

Zagpyran dek sargarypdyr ýüzlerim,

Kuwwat gitdi, gubarlandy gözlerim,

Münberim azany – Azadym kany?!

 

Tört paslym nar boldy, daglar eridi,

Diriler uçdular, öli ýöridi,

Giden baryp haka maòlaý diredi,

Ilimnin zybany – Azadym kany?!

 

Topraklar sil boldy, siller gum boldy,

Humlar jam boldular, jamlar hum boldy,

Höwesler ýas boldy, piºäm gam boldy,

Ýüregim aramy – Azadym kany?!

 

Ölüler dirilip, arza bardylar,

Hakdan bir kelamny ýörip sordular,

Çoh ýalbaryp, “Goýber!” diýip durdular,

Öli-diri döwrany – Azadym kany?!

 

Käpirler bolupdyr ýyglap musulman,

Haka ýalbarypdyr Hydyr, Süleýman,

Bug bolulp göterilen arza, gör, umman,

Gökleòiò pälwany – Azadym kany?!

 

Armanym ýok, pelek, bir söweº kylsam,

Ýa ýyksaò, basylsam, ýa seriò alsam,

Seglere aº eýläp, bazarga salsam,

Bagymyò reýhany – Azadym kany?!

 

Güwºlüler eºitgeç, bary ker boldy,

Daglar eräp akdy, daºlar ýer boldy,

Mollalar “Kuransyz”, pirler kör boldy,

Sahyplar “Kurany” – Azadym kany?!

 

Zemin ýüzün syýa duman eýlediò,

Diýgil pelek, kimni aman eýlediò,

Pyragyny, bak, biiman eýlediò, –

Namysym, imanym – Azadym kany?!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak