Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

AÝRYLDYM

 

Bilbilem, ahy-zar çekip,

Täze gülzardan aýryldym.

Gözden ganly ýaºym döküp,

Ol söwer ýardan aýryldym.

 

Ýara ýaraºar sürmeçe,

Sypatyn söýlärem ança,

Lebi ºeker, agzy gunça,

Zülpi garadan aýryldym.

 

ªirin janda ýokdur takat,

Jebri anyò jana rahat,

Gaºlary pitneýi-apat,

Çeºmi hunhordan aýryldym.

 

Aýryldym gunça-gülümden,

Syýa saçy sünbülimden,

Hoº owazly bilbilimden –

ªirin güftardan aýryldym.

 

Däli köòlüm arzymany,

Külli gözelleriò hany,

Sekiz jennetiò bostany,

Bakjaly bardan aýryldym.

 

Illeri bar diòli-diòli,

Sowuk suwly, ter öleòli,

Ili – gökleò, ady – Meòli,

Näzli dildardan aýryldym.

 

Magtymguly, aºyk mestan,

Bagladym ºanyna destan,

Menzilgähi bag-u bostan,

Almaly nardan aýryldym.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak