Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

ATAMYÒ

 

Altmyº ýaºda, nowruz güzi, luw ýyly,

Turdy, ajal ýolun tusdy atamýò.

Bu dünýäniò iºi beýlemiº, beli,

Ömrüniò tanapyn kesdi atamýò.

 

Agyr döwletlere köòül goýmady,

Bu jahanyò eºretini söýmedi,

Eski ºaldan artyk puºeº geýmedi,

Ahret öýi boldy kasdy atamyò.

 

Diýrdi: Dünýä durmaz, ömre baky ýok,

Gündiz roza, gije bolsa uky ýok,

Müòkür bilmez, muhluslaryò ºeki ýok,

Pygamber destidir desti atamyò.

 

Görmesem, söýlemen oý bile çenden,

Maksadyna ýeter ýykylan çyndan,

Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,

Müjewürsiz bolmaz üsti atamýò.

 

Nukaba diýrler, üç ýüz eren uugraºdy,

Çiltende atama nazarym düºdi,

Nujeba barsam, heftenlere garyºdy,

Abdallardyr çyn peýwesti atamýò.

 

Älem içre adam galmaz, at gezer,

Bu syrlardan jahan halky ýat gezer,

Jany jennet içre, gökde ºat gezer,

Ýerde hoºwagt ýatar posty atamýò.

 

Magtymguly, gizlin syryò bar içde,

Kämil tapsaò, kyl gulugyn seriºde,

Magºar gün gaýgysyz girer behiºde, –

Her kim çyndan bolsa dosty atamýò.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak