ªahyr!
ªahyrlygyò çyn bolýan bolsa,
Sönüp,
ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk
ýazgydyò çuò bolýan bolsa,
Gara ýere
çümüp,
çykyp,
çümüp git.
Hem akyl
ber, hem iliòden akyl al.
Kitapdan
däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyò
demiò bilen ýakyp al,
Soò
ýene-de ýeriò süýdün emip git.
Dag
ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag
ýlounda—çat açmaýan polat bol.
Çöl
ýolunda—tirkeº-tirkeº bulut bol.
Teºne
görseò, dodagyna damyp git.
Ýol
agyrdyr:müò ýanylar öçüler.
Bagtly
ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna
ºaglap gitse geçiler,
Sen öküz
dek
ýele garºy yòyp git.
Bagt
paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap
baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen
çuwal-çuwal gülki al
Soò
tapylar, galan zady zyòyp git.
Dost
paýlansa „Äber!” diýip gyssanma,
Alaòdan
soò—gysgaltma hem gysgalma,
Dileg
etse–
gözleròi hem gysganma,
Birin ber-de,
biri bilen oòup git.
Ha çaryk
geý,
Ha çokaý
geý,
Telpek geý—
Parhy
ýokdur: geýseò bolar erkek deý.
Ýöne welin
ºypbyldama çepek deý.
Aýna
gonçly ädik ýaly doòup git.
Gözelligi
sor bagryòa, öýkenòe.
Söýülseò
söý, söýülmeseò süýkenme.
Söýgi hem
goºgudyr! Kiºä öýkünme,
Öz möhrüòi,
öz közüòi goýup git.
Ýeòip
ýaºa: ahyrda ýeò, baºda ýeò,
Tomusda
ýeò, ýazda, güýzde, gyºda ýeò.
Söýgiòde
ýeò, gaýgyòda ýeò, iºde ýeò—
Bir
oguldan
ýeòilip hem ýeòip git.
Ýeòsin
ogul
dil bilen däl, iº bilen,
Seòkä görä
has ýitiräk huº bilen.
Aýak
däl-de, parasatly baº bilen
Ýeòse ogul—
gözüò rahat ýumup git.
Gözüò
sürtüp merhum enäò alnyna,
Bir
aglapdyò. Indi beri aglama:
Öz balaòy
eliò bilen jaýlama,
Nobatyòda
mele ýere sümüp git.
Dünýä
gelmegiò-de
nobaty ýagºy,
Ýene
ölmegiò-de
nobaty ýagºy.
Men diòe
bir zatda nobata garºy:
Dost
öýüòde islän çagyò gonup git.
Baºarsaò –köplügiò
içine garyº,
Tanyºdan
dost tutun, ýatlardan—tanyº.
„Žiguliò“
içinden gözleme durmuº,
Köplük
bilen awtobusa münüp git.
Köpelsin
öýüòde ýürekdeº myhman—
Ýary iºçi
bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde,
alymam, ºahyram hökman.
Üýºüp,
çaºyp,
çar tarapa eòip git.
ªeýle
dostlar bilen gezseò birsellem—
Ýetersiò
iò uly matlaba çenlem.
Gadamyò
giòden ur!
Entekler ellem
Hol öòde-le.
. . Ýaº hakynda dymyp git.
Haly
wagtyò meòzemegin kilime,
Diri
wagtyò gyssanmagyn ölüme.
Öçen
wagtyò öýkünmegin çilime—
Içi közli
ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir
söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma
daº oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriò
astynda-da daº gyt däl,
Bakylyk
ºol:
ªol
daºlara siòip git.