JEMGYÝET
EÝRAN
BILEN TANYªLYK

Umumy maglumat
Eýran günorta-günbatar Aziýada,
Orta Gündogarda ýerleºen döwlet bolup, tutýan meýdany 1648 müò
kw. kilometrdir. Territoriýasynyò ululygy boýunça dünýäde
16-njy orunda durýar. Ýurduò araçäkleriniò umumy uzynlygy 6420
km. Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Yrak, Türkiýe,
Azerbeýjan bilen araçäkleºýär.
Ilaty we ºäherleri
Ilaty 60 million adamdan gowrak bolup, ºonuò 57,3 %-ti
ºäherlerde ýaºaýar. Paýtagty Tähran ºäheri (10 millliondan
gowrak). Paýtagtda ýurduò 18 prosentden gowrak ilaty
jemlenendir. Esasy ºäherleri Yspyhan, ªiraz, Niºapur, Abadan,
Kum, Bender-Abbas, Maºat. Ilatyò artyº depgini 4 %-te golaý.
Çaklamalara görä, 2000-nji ýyla çenli Eýranyò ilatynyò 78 mln
adama ýetmegi mümkin. Ýaº sostawy boýunça Eýran dünýäniò iò
ýaº ýurdy hasaplanýar (ilatyò 50 %-ni 15 ýaºa çenli
etginjekler düzýär). Ilatynyò 99,5 %-ti musulmanlardyr.
Dil we milli azlyklar
Döwlet dili pars dili. Agdyklyk ediji millet parslar bolup (ähli
ilatyò 45,6 %-ti), olar yslamyò ºaýy mezhebine uýýarlar.
Azerbeýjanlar (16,8 %), kürtler (9,1 %), türkmenler, araplar
(2,2 %), buluçlar özbaºdak etniki toparlar hasaplanýarlar.
Ilatyò 29 %-ti oba hojalygynda, 13,5 %-ti senagatda, galan
bölegi bolsa hyzmat ediº sferasynda zähmet çekýär. Iºsizleriò
sany 1,8 mln adama golaý.
Ýyllyk girdeji
1989-1994-nji ýyllar aralygynda
ilatyò jan baºyna öndürilýän milli önümiò ýyllyk artyºy 7,7 %
boldy. 1993-nji ýylda adam baºyna düºýän ýyllyk girdeji 4360
dollar boldy. Inflýasiýanyò derejesi öò 30 % bolanlygyndan
1991-nji ýylda 7,5 %-te çenli kemeldi. Önümçiligiò pese
gaçmagynyò öòi alyndy. Soòky döwürde umumy milli önümiò artyºy
10 %-den geçýär.
Transport we gara ýollar
Awtomobilü transporty
transportyò esasy görnüºidir. Eýran kalendary boýunça
1358-1367-nji ýyllar aralygynda (1979-1989 ýý.) 402 km
magistral ýollar, 4831 km ºosse ýollary (ini 7 metr), 10320 km
ikinji derejeli ýollar (ini 5-7 metr) guruldy. 1989-njy ýylyò
martyna çenli Eýranyò ýollarynyò umumy uzynlygy 167 müò km
bolup, ºonuò 14 %-ti magistral ýollardyr. Eýranyò daglyk
ýerlerde ýol gurmakda baý tejribesi bar.
Demir ýollar
Eýranda demir ýollar döwlete
degiºlidir. Olar ýylda 6672 müò ýolagçy we 8047 müò tonna ýük
daºamaga ukyply. 1979-njy ýyla çenli Eýran demir ýollarynyò
uzynlygy 4567 kilometrdir. Häzirki döwürde 1000 kilometrlik
ýollaryò gurluºygy alnyp barylýar, ýene-de 500 kilometrligi
planlaºdyrylýar. Eýran, Tejen-Sarahs-Maºat demir ýolunyò
Maºatdan Sarahsa çenli aralygyny gurdy.
Nebit
Nebit Eýranyò esasy baýlygy
hasaplanýar. Onuò barlanan zapaslary 90,5 barrele (nebitiò
halkara ölçeg birligi, 1 barrel 159 litre deò-J. G.) Nebit we
nebit önümleri ýurduò yksportunyò esasyny düzýär.
1979-1986-njy ýyllarda nebit Eýran gaznasyna 120 mlrd dollar
girdeji getirdi. Bir günde 4,2 mln barrel nebit çykarmaga
mümkinçiligi bolsa-da OPEK-iò (nebiti eksport ediji
döwletleriò guramasynyò) kararyna laýyklykda nebit çykarmagyò
bir günki çägi (kwotasy) Eýran üçin 3 mln 340 müò barrel diýlp
kesgitlenildi. Abadan, Yspyhan, Tähran ºäherlerinde nebiti
gaýtadan iºleýän zawodlary bar.
Gaz
21 trillion kub metr gaz
zapaslaryna eýe bolan Eýran bu görkeziji boýunça Russiýa
Federasiýasyndan soòra ikinji ýerde durýar. Ýurduò 280-den
gowrak ºäheri tebigy gaz bilen üpjün edilendir.
Esasy hyzmatdaºlary
Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa,
Türkiýe, Welikobritaniýa, Siriýa, Hytaý, Günorta Koreýa,
Päkistan, Merkezi Aziýa respublikalary Eýranyò esasy söwda
partnýorlarydyr. Eýran daºary bazara nebit, haly, çoýun, pisse
we guradylan miwe önmlerini, bekre balygynyò iºbilini, we º.m.
çykarýar. Daºary ýurtlardan bolsa metal konstruksiýalary,
enjamlar, däne, agaç materiallary, medisina abzallary we º.m.
getirilýär.
Metbugat
Häzirki wagtda Eýranda 176 sany döwürleýin neºirler hereket
edýär. Olaryò bir ýyllyk möçberi 450 mln ekzemplara ýetýär.
Neºirleriò 103-si hususy sektora degiºlidir. Döwürleýin
neºirleriò 60 %-ti yslam ynkylabyndan soòra çykyp baºlady.
Metbugatyò 9 %-ti ýokary bilimliler, 29 %-ti aýallar we
çagalar, 36 %-ti bolsa ilatyò ähli gatlagy üçin niýetlenendir.
Žurnalistleriò diòe 1,6 %-ti uniwersiteti “žurnalistika”
hünäri boýunça tamalanlardyr. Ähli žurnalistleriò 13 %-ti
aýal-gyzlardyr. KEÝHAN, ETTELAAT, RESALAT esasy gijeki,
JOMHURI-ýe ESLAMI, ABRAR irki gazetlerdir. KEÝHAN INTERNEªNL,
TEHRAN TAÝMS iòlis dilindäki gazetlerdir.
Medeniýet
Medeniýet we Yslam ugry Ministrligine degiºli. 486 kitaphanada
333 müò kitap saklanýar. 1988-nji ýylda Eýranda 4873 kitap
neºir edilipdir.
Sowatlylyk
Sowatsyzlygy ýok etmekdäki
bitiren iºleri üçin Eýran ÝUNESKO-nyò ýörite diplomyna mynasyp
boldy.
Kuran öwrenmek
Eýranda mukaddes Kurany-Kerimi
öwrenmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ony öwrenijileriò sany
1988-nji ýylda 6 mln adam bolanlygyndan, 1994-nji ýylda 17
million adama çenli ýetdi.
Kino
Eýranda 166008 orunlyk 264
kinoteatr bar. Olarda ýylda 1 milliona golaý tomaºaçy Eýran we
daºary ýurt filmlerine tomaºa edýär. 1993-1994-nji ýyllarda
Eýran kinematografy 125 halkara festiwalyna gatnaºyp, 34 sany
baýraga mynasyp boldy. Bu özboluºly rekorddyr.
Saglygy saklaýyº
1990-njy ýylyò maglumatlaryna
görä, Eýranyò saglygy saklaýyº ministriliginiò garamagynda 1
mln 984 mün adam iºleýärdi. Bu döwürde ýurtda 625 keselhana we
klinika bolup, ºolaryò 114-si hususydyr.
Administratiw bölüniº
Eýran administratiw taýdan 24
sany ostana (prowinsiýa) bölünip, olar 499 ºäheri we 50000
obany özüne birleºdirýärler. Ine ºol ostanlar : Tähran,
Merkezi, Gilan, Gülüstan, Mazenderan, Azerbeýjan, Bahtaran we
Huzestan, Fars, Kerman, Horasan, Yspyhan, Seýistan, Bulujystan,
Kürdüstan, Hemeden, Çaharmahal we Bahtyýary, Lurystan, Ilam,
Kahgiluýe we Boýer Ahmad, Buºer, Hormuzgan, Zanýan, Ýezd.
Baýdak
Eýranyò resmi baýdagy ýokardan
aºak ýaºyl, ak, gyzyl reòkde bolup, merkezinde gerbiò suraty
ýerleºdirilen. Baýdak 22 gezek gaýtalanýan “Allah Akbar”
(“Allah Beýikdir”) diýen söz bilen bezelendir.
Kalendar
Eýranda iki kalendar : Hijri
kamary (Aý) we Hijri ªemsi (Gün) kalendarlary ulanylýar. Täze
ýyl 21-nji martda (Nowruz) baºlanyp, indiki ýylyò 20-nji
martynda tamalanýar. Hepde ºenbe güni baºlanyp, juma güni
gutarýar. Juma resmi dynç alyº günüdir. 11-nji fewralda
(22-nji bahman) Yslam ynkylabynyò ýeòiº güni baýram edilýär.
Eýran
ilçihanasynyò çykarýan
“Tretiý wzglýad” informasion býulleteniò
materiallary esasynda taýarlan :
Jumamyrat
GUrBANGELDIÝEW
 |