Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Hydyr Amangeldi
hydyr_amangeldi@yahoo.com

ÜZÜLEN KIRIª

(hekaýa)

 

Sizde-de bolýandyr. Ikindiò öòýanlary garalyp gelen bulut ýere däl, ýüregime çöken ýaly boldy. Ýazyò soòky günleri howa-da bir gyzýar, birdenem ºeýdip agyr bulut gelýär. ªeýle bolanda adamlardan ýadap, „jansyz“, „dilsiz-agyzsyz“ diýilýän zatlar – dag, agaç, köneje çäýnek gözüme yssy görünýär. Olar bilen gürleºip baºlanymy, erkimi berip yzlaryna düºenimi duýman galýan. Näme üçindir oklasaò oklan, goýsaò goýan ýeriòde ýatýan, adatça kän üns hem bermeýän o zatlaryò dünýesi köplenç gussaly. Hat-da ºatlygymy ýadyma salýan zatlaram ýene aýlanyp-dolanyp gussa ºäherime getirýär.

- Süýji çydadyp bolanok çagalara, nabat alaýdym...

 * * *

O wagtlar 14-15 ýaºlarymdadym. Öler janymam atdy. Obamyzyò atlaryny düýºümde-de görýärdim. At howlynyò ilersindäki suwly ýabyò ýakasyna kakam ikimiz sygrymyzy örklärdik-de sowulardyk ºol howla. Kolhozyò 10-12 sany taýly baýtalyna hem bir höwür ata Ýazly aga seredýärdi. Bilmedim birmi ýa iki ýyllykdamy aýaly ýogalansoò ºo ýerde ýatyp-turýan boýy kelterägem bolsa eginlek, pälwan sypat ýaºuly biziò gelerimize garaºyp, ýörite çaý demläp goýýardy. Sebäbi kakama onuò deò-duºy – gürrüòdeºi, menem derrew baýtallary suwa ýakýardym, bedelerini öòüne atýardym. Bu „hyzmatym“ üçin Ýazly aga-da höwür aty eýerläp berýärdi.  

Ýazly agaò kepbesi üstüne atylan pürslerine ökjämi galdyrsam elim ýetip duran, pessejik, diwarlary palçykdan galdyrylan, ini-boýy üç metr töweregi garawulhanady. Petle dakylmadyk ýeke göz penjireli bu jaýyò töründe ýarsyny diýen ýaly tutup duran agaçdan edilen seki bardy. Gara, galyò ors keçesi düºelen sekiniò bir gyrasynda ýaºulynyò daºynyò kirinden reòki anyk bidirmeýän ýorgan düºegi togarlanypdyr. Jaýyò gapysyna ýakynyrak demir peçiò öòünde-de tagta-tugta, tuduò goºardan sähel ýogynyrak ºahalary üýºürlipdir. Ýarty halta töweregi kömürem golaý burça söýelipdir. Jaýyò diwarlaryna çyýlenen çüýlerden Ýazly agaò dony, telpegi, at uýany, kelleki, bir-iki gulaç tanap külterlenip asylypdyr. Sekiò aºagynda-da maòa zordan göterdýän ullakan at eýeri. Men bu garypja görnüºe aºykdym. Sebäbi bu öýe höwür atyò kiºòeýän sesi, tohum baýtallaryò hokranmasy, taýjagazlaryò toýnaklarynyò güpürdisi gelip durdy. ªol günem kakam bilen Ýazly aga hersi pejiò bir gapdalynda, ýere iki gat eplenip taºlanan gülsüz zawut keçäniò üstünde oturyp çaý içýärdiler. Menem içerik girip «Baýtallaò bedesinem berdim, suwa-da ýakdym» diýjek boldum-da, görsem, ýaºulularyò meò bilen iºleri ýok. Onsoò nälaç, sesimi çykarman iºigiò öòünde, pessejik agaç oturgyçjykda otyrmaly boldum. Men olar gürrüòlerini gutararlar, Ýazly aga-da hemiºekisi ýaly «Baý-bow, onça iºi bitiren bolsaò, ýör, Meleguºy eýerläp bereýin» diýer diýip garaºýardym.  

- ...Halymy soramaga erikden ýykylan gelsin diýmeýärmi. Meòkem ºeýle.

- Hmm...

Kakamyò „hümmüldisinden“ oòa Ýazly agaò gürrüòiniò ýakmaýandygyny aòdym. Ýöne muny ýaºulyò aòanyny-aòmanyny bilemok.

- Geò görüljegine-de düºünmän duramok. Ýöne galan ömrümi soòuna çenli nädip ºu kepbäò içinde geçireýin? Öýüme barsam edil boºan ýurda baran ýaly. Hiç öwrenºip bilemok boºluga. Agtyklaò sesem, radio-telewizoram o çolalygy dolduranok. Edil harabaò bar-da. Gaýta ýene bärde atlar bilen hümürdeºenim kem däl.

- Hany bir göz öòünde tutýanyò, tapanyò dagy barmy?

Ýazly aga bir gobsundy. Megerem, bu sowal oòa ýaran bolarly.

- Tapylar-la. Ilçilikdir. Ýöne „padymanlary“, olaò „mollalaryny“ göwnetmän nädip etjek bu iºi.

„Padymanlar“ Ýazly agaò ogullary bolmaly. Olara bu ady dakanam ýaºulyò özi. Bir sadakadamy ýa baºga bir üºmeleòdemi alty ogulyndan gürrüò çykanda „Men kyrk ýyl kolhozyò sygyr çopany boldum – padymançylyk etdim, ºondan baºga gören, bilýän zadym ýok. Bäº-alty ýyl bärem baýtallara seredýän. Perzent diýlenem diòe ejeden bitenok, biziòem goºandymyz gerek-dä. Onsoò bularam padymanyò ogullary bolar-da“ diýipdir. Iliòem gözleýäni ºolar ýaly gürrüò ýa-da Ýazly agaò ogullaram ºol ada mynasybrakdyr-da „padymanlar“ lakamy olara ýelmeºdi galaýdy. Biri söwda edýär, beýlekisi traktor sürýär, garaz, hersi bir piºede çagalaryny il deòinde ekläp-saklap ýören ogullaryna bu lakamyò ýakmajagy belli, ýöne köplük bir at berensoò ony aòsat aýryp bolýarmy. „Mollalar“ diýýänem, megerem, ogullarynyò aýallary bolmaly, ýöne ýaºulyò „iº“ diýýänine düºünip bilmesemem onuò iºini ogullaryna ýetirmän ediberesim geldi.

- Dert aladalary zat. Öý-iºigi paýlaºmaly bolar. Üstümize hojaýynlyk eder. Yzyna düºürip çaga getirse, olaram mal-mülküòe ºärikdir diýýäni haýsy. Käºgä giden mally tüjjar baý bolsam. Öweý öweýdir-dä diýºip. Uly tutaryklaram «Il näme diýer?» Il ildir-dä – diýer goýar. Näme indi men Jepbew kör näme diýer ýa Sapby saòsar näme diýer diýip etjegimi edip bilmerinmi? Obaò özüò ýaly akylly-baºly adamlaram düºüner.

Bu gezek kakam akylly-baºly diýilenine gobsundy. Göwnüme bolmasa adam dili bilen  diýýänlerinden hereketinde köp zat aýdýan ýaly. Elbetde, hekaýatdaky pikirlerimiò köpüsi soò aklyma gelen zatlar, ýöne ýaºulularyò hereketini welin, soò birine gürrüò bermeli bolaýjak ýa-da uly bir zat öwrenäýjek kimin sypdyrman synlanymy bilýän. Ýazly aga-da näçe janygyp, özüniò aýdýanlarynyò dogrudygyna ynamly gürlese-de elleriniò ortadaky içi gantly güllüje haltajygy bir sagyna, bir çepine geçiriºi, çaý guýmagy unudyp boº käsesini agzyna ýetiriºi, bir egilip, bir dikelºi garrynyò howandara, gepini tassyklap, arkasyny alana mätäçdigini has aýdyò düºündirýärdi. Kakamyòam kän Ýazly agaò ýüzüne seredesi gelenok – elinde çöpjagaz ýer çyzyp otyrdy. Ýazly aga gyraly ýaglygy bilen derini syldy-da gürrüòini dowam etdi.

- Geò görüljeginem bilýän welin, halys ýekelikden ýadadym. Adam diýlen mal däl, ýöne malam höwürsiz ýeke özüni uzak saklasaò ugry bolmajak ýaly.

- Ol-a ºeýledir-le. Miweli agajam ýeke ekseò hasyly pes bolýan eken. ªonam taýly ekmelimiº.

- Wah, meò diýýänimem ºo-da.

Ýaºulynyò bu sözi has ýalaòaç eºdilendir-dä, olaryò ikisem nädip gürrüòiò yzyny alyp gitjeklerini bilmeýän ýaly dymyºdylar. Gaýtalaýanam bolsam gaýtalaýandyryn, ýöne iki sakgaldaºyò ºol günki gürrüòiniò inçe taraplaryny häzir ýatlap oturºyma çyzýan. Emma o wagt ýaòy murty taban ýigdekçe, näçe at münesim gelse-de, ne kakamy, ne-de Ýazly agany beýle çynlakaý halda gürleºenlerini owal görmämsoò üns bilen diòleýärdim hem her hereketlerini sypdyrman synlaýardym. Dymyºlygy ýene Ýazly aga bozdy:

- Her kim maòa birhili ýeke ýatmany kyn görüp, heleý küýsäp ºu gürrüòi tapýan ýaly görýä.

- Hmm.

- Orta ýolda atyò büdremesin, orta ýaºda aýalyò ölmesin. Indi men orta ýaºdan geçenem, dogrusy, altmyºdan geçenem welin... ynanaý, bilýänsiò bäº wagtyna sypdyrman obaò mesjidine gatnaýan. Obada sadaka bolsun, toý-ýas bolsun baryna görünýän. Senden gizledim-dä Alladan nädip gizläýin, ynanaý, Allaò razyçylygy diýilse-de mesjide sähel salym bolsa-da ýüregimi giòeldeýin diýip gidýän. Öýüòde keýwanyò otursa beýle Hudaýa yhlasly bolunmajak ýaly-da. Ýöne Ýaradanyò özi geçiräýsin bu bolup ýörºümizi. Toý-tomgy, sadaka, ýas ýerine barsam-a hem garnymy doýurýan, hem ondan mundan gürrüò edip uzak günümiò nädip geçeninem bilemok. Il-günem günämi geçsin, her kim sylap gelýärem diýýändir... sylanybam barylýa welin, ýaòky aýdanym-da... Bilýän, köpüm geçip azym galdy. Bir aýagymy göre sokup otyryn. „Aý, bu dünýede näme nesibämde bolsa gördüm, indi Ezraýyl han, haçan gerek bolsa geliberersiò-dä“ diýip, ajalyò ýoluna garap oturmak iò akyllysy. ªeýdip ölüp gitsem ilem meni geòlemez. Ýöne ºu çaýyòam iò soòky käsesi beýlekilerinden has tagamlydyr. Ony alyp beýläk serpip goýberesiò gelmez. Demiò gelip-gidip durka, içki öýüòe sokulaga-da, üstüme gum sürüò diýseò bir adamam etmez. Senem etmersiò, emma welin, ölüçe-de bolman ýaºa diýýä her kim. Ynamarsyò, kiçi oglum: „Onsoò ol getirjegiò adyny nädip tutmaly? Eje diýmelimi ýa-da daýza?“ diýýä. Bilmedim, öz tapýan gepimi ýa ýanyndaky gara saçly mollasy tapýamy?“.

Kakam käsäò düýbünde galan ýarty owurt ºemli çaýy kömürli haltaò düýbüne serpdi-de:

- Baºga birini getireniò bilen Jennet pahyra dolanyp gelmez – diýdi.

- Bilýän. Jennetiò gaýdyp gelmejegini bilýän.

Gürrüò ºu ýere ýetende ýaºulyò nämä janygýanyna düºündim. Birhili tisginip giden ýaly boldum. O ýaºda diòe öýlenmedik ýigitler öýlenýändir öýdýärdim. Bu ak sakgaly döºüni tutup duran garry adamyò toý edip, gelin getirºini göz öòüme-de getirip bilmeýärdim.

- Jennet gelmese-de, dowzaham geläýmez-ä, pylany? (Ýazly aga kakamyò adyny tutdy). Kakam jogap bermedi welin, ýene özi naýynjar gülümsiräp:

- Ýa dowzahdanam beteri sataºaýarmyka? Aý, beýle bolup durasy ýok-la. Görüp-gürleºip, maslahatlaºyp etmeli bor-da... Jennet ýanymdaka ony dünýämiò diregidir öýtmändirin. Indi meò bolºum eýdip-beýdip diregsiz öýi saklajak bolmak, dogrusy. Oòam gülkünç görünýäninem duýýan.

- Hmm... Ýazly, biz öýe baraly. Bu maslahatyòam, men-ä entek howlukma diýjek. Bu iºler adam elindäki zat däl.

Bu gezek Ýazly aga baºyny ýerden galdyrman „hümledi“. Kakamyòam, Ýazly agaòam hümmüldemesi ºu wagtam ýatlasam gulagyma gelip duran ýaly. Çözläp bolsa o sesiò müò sözüò aýdyp bilmejegini özüne sygdyrýany magat. At arkasyna salynmadyk eýere naýynjar, nälaç seredip kakamyò yzyna düºdüm. Ýolda:

- Kaka, Ýazly aga öýlenjek bolýamy? – diýdim. Kakam bir alarlyp seretdi-de jogap bermedi. Bu serediº maòa „Hemme zada burnuòy sokma“ diýildigidi. Kakamyò ýüzünden gar ýagýandygyny ºonda görüp galdym. Diòe alarylma bilen sypanyma ºükür etdim. At münmän gaýdanyma welin hemme zatdan beter gynanýardym. Atyò üstüniò nähili hezildigini Ýazly aga-da, kakamam menden kem bilenokdylar ahyryn, ºonda-da...

 

* * *

 

Geçen bolsa bir-iki gün geçendir. Agºama ýakyn wagtdy. Özümden uly doganymyò maòa elletmeýän dutarynyò kirºini üzüpdim. Garader bolup kirºiò gulaga saralýan sähel artykmaç böleginden halka ýasap uzyn böleginem ºol halkadan  geçirip çatjak bolýardym. Kiriº polatdan bolansoò aòsat towlatmaýardy, ahmal bolsaò iòòeden ýiti ujy barmagyòa çümýärdi. Birden  kakam biziò ýeke-ýeke adymyzy tutup gygyrmaga, gaty sesi bilen ala-galmagal etmäge baºlady.

- Eje gerek dälmi indi size? Ýa ýanyòyzdaky ejeòiziòem ýerini tutýarmy?

Oòa çenli kakamyò gözi maòa düºdi:

- Bar, bir kile nabat getir, gara çaýam al. Ejeòiz kelläm diýip baºyny galdyryp bilenok, siziò welin, azaryòyza-da däl.

Derrew nabadam, gara çaýam getirildi. Gelinejelerimiò biri ejemiò elini owkalaýar, beýlekisi kellesini. Kakamam çaý guýup oturºyna: „Keýwany, nabatly çaýdan keýpi kökle. Menden öòürtjek bir bolmawergin. Ilki meni ugrat. Sen näme-de bolsa ogul diýersiò, gyz diýersiò, güýmenje taparsyò“ diýip, degiºmä salyp, gülen bolýardy.

Ejem pahyr kakamyò bu ýumuºynam bitirdi. Ony ilki ugradyp, özi soòa galdy.

Häzir öòümde nabat, ýüregimde ynsanyò ýaradylyºyna gussa. Göwnüme dutaryò ºol üzülen kirºini henizem biri-birine öòküsi ýaly baglap bilemän garadere batyp oturan ýaly bolup durun. Dutar diýileniò bary-ýogy iki kiriºi bar – biri bolmany bilen üýtgejek zadam ýokdur diýdirýär, ýöne taýy üzülen kiriºde ne owaz bar ne-de heò.

Ýazly aga-da häzir dünýede ýok. Ol soò öýlenmedi. Näçe ýyldygyn-a anyk bilemok, bende ömrüniò soòuny at howludaky pessejik kepbede geçirdi. Ýöne ýogalanda gelinleriniò ses edip aglanyny bilýän. Maòa köp gezek höwür aty eýerläp beripdi pahyr...

 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak