Hydyr
Amangeldi
GARAMURT
(hekaýa)
Öòi gözenekli kiçijik penjireden
eýlesi-beýlesi üç, üç ýarym metr töweregi dar otaga daò
ýagtysam göwünsiz girýän ýalydy. Törde, ortarada ellinji
ýyllaryò ysy gelip duran, galyò tagtadan ýasalan mähnet
stol, onuò bilen asla sazlaºmaýan ýeòiljek, ejizje oturgyç
jaýyò esasy bölegini tutup durdy. Üstüniò matasy süzülip
giden köne diwanda ýatan Garamurt diwardan asylan
suratlardan gözüni aýyryp bilmän ýatyrdy. Alagaraòkyda
birihili baºga bir dünýeden seredýän ýaly görünýän Lenin
bilen Dzeržinskiý hem Garamurta diòkelerini dikipdiler.
Kagyzynyò saralyp, ýüzüni tozan basyp gidenligi bu
saratdakylara hasam adatdan daºary jadylaýjy sypat
berýärdi. Lenin ýasama gülümsiräp, gözlerini köpbilmiº
süzgekletse, Dzeržinskiniò gözi çakgyò çüýi ýaly içiòden
giçip barýardy. Olar gürläberselerem geò däldi. Olaryò
ikisiniòem gözlerini sowman, baºga seredere zat gapyºan
ýaly özüne dikanlap durmalary Garamurtyò bogunlaryny
sanaýardy. Esli salymdan ukudan oýanýan ýaly özüne gelip
ugran Garamurt ýüreginde dörän gorkyny kowjak bolýan ýaly
daºyndan: “Al-aýt
diri ýal-aýt”
diýdi. Suratdakylar diýdiòmem dimedi. Muòa Garamurt hasam
gorkdy.
Harby adamlarda köp duº gelýän, endigi
durmuºyna öwrülip giden bu adama beýdip ýatmak mahsus
däldi. Onuò üçin jahanyò ýagtylmasy diòe ukudan
oýanmalydygyny, hasyr-husur düºegiòi ýügnaºdyryp,
ýuwanlydygyny aýdýan duýduryºdy. Ýöne bu gün welin, onuò
düºeginden turasy gelmeýärdi. Garamurtuò baryp-ha haçandan
bäri hiç wagt hiç zady küýsemedik göwni birinji gezek bir
zat isleýärdi ýa-da ol göwnüniò islegini diòleýärdi. Göwni
bolsa bary-ýogy „Turma, Garamurt, ýene azajyk ýat!“
diýýärdi. Ýöne suratdakylaryò ýitigini tapan ýaly
jiòkerliºip durmalary artykmaçdy.
Birden suratdaky çokga sakgal pyýadalaryò
ikisem aºak
düºdi. Hamala öòem mydama diwardan syrylyp ýere düºüp
ýören ýaly olar juda arkaýyndylar. Adatdan daºary bir iº
edýändirisem öýtmeýärdiler. Haýran galaýmaly, Lenin bilen
Dzeržinskiniò boluºlaryny Garamurtam demi tutulyp synlap
ýatsa-da geò görenokdy. Ol „Keýpine bütin ömür diwara
ýelmenen ýaly asylyp durmak bolmaz-a, ahyr bir gün bir
hokga-ra çykararsyòyz“ diýip öòem göwnüne getirerdi. Emma
olaryò bolºy myrtardy. Tilki gözlüsi Garamurtuò hemiºeki
ýöreýän ýerinde iki-baka haýdap, hyrsyzy ony düºegine
ºatyrdadyp saramaga baºlady. Il bilýän eken Pelekis
diýilýäniò eline düºseò sypjak gümanyò ýokdy. Ol tutan
ýerini doòduryp goýaýýardy. Garamurt gymyldajak boldugyça
beter ne eline diýenini etdirip bilýärdi ne aýaklaryna.
Ol gorkusyna zowladyp gygyrjak boldy, emma sesi çykmady.
Lenin ýyljyraklap geldi-de «Ta-ak» diýip eliniò sowuk
aýasyny Garamurtyò agzyna tutup aýyrdy welin, agzy
gowuºman durberdi. Asla gutarmaz öýden günleriniò
gutaranyna birden akyl ýetiren garrynyò gözüne ýaº
aýlandy. Ýaºly göaleriniò öòünden tutuº ömri bir-bir
geçiberdi...
Garamurtuò çyn ady Garamyratmy, Garagulmy,
Garameretmi... ºoòa meòzeº bir zat bolmaly, ýöne ony anyk
bilýän az-azdy, her kim ony Garamurt diýip tanaýardy.
Garamurty ähli deò-duºundan tapawutlandyrýan gulaklaryna
ýetip duran, ujy tekäò ºahy ýaly towly, haýbatly murtudy.
Diòe murtam däl. Tutuº
Garagumy
tirýek bilen üpjin edýän baý heleý – Mamur telekeçiò ýeke
ogly Garamurt geýnende-de iò saýlama eºikler geýerdi.
Üstesine-de daýaw göwresi göreni eýmendirerdi. Mamuryò
özi erkekleri oturyp-turuzyp bilýän, gepi-gep, sözi-söz –
edenli aýal bolansoò, ondan bolan ogla-da ºo häsiýetler
ýokupdy. Mamur telekeçiòem bar derdi ogluny hakyky erkek
kiºi edip ýetiºdirmek ýalydy. Ol ogluna ýeke gezek ºarpyk
çalypdy. ªol gezek Aºgabatdan öýlerine gelen iki sany
myhman üç-dört gün ýatyp gidipdi. Olaryò biri saryýagyz
çypar ýigit türkmen däldi. Emma alçakdy. Öz dilinde
birzatlar diýip gülýärdi. Hatda ol ýaòy ýetginjek ýaºa
gelen Garamurtdan aºyk oýnamanam öwrenipdi. Kese ýurtly
bir gün kiçijik aýnasyny, ýaºyl saply, poladynda ýüzüò
görnüp duran päkisini çykaryp, sakgal-murtuny sysrpdy.
Ondan gözüni aýyrman gapdalynda her hereketini sypdyrman
synlaýan oglan onuò üýtgeºik päkisine höwes edipdi.
Garamurt myhmanyò eýlesine bir geçip, beýlesine bir geçip
päkisini aýnasy bilen birlikde bir gysym grana hem bäº
sany aºyga satyn alypdy. Myhmanlar gaýdany bilenem alaòyò
aòyrsyna geçip ýaòy dümterip ugran murtuny syrypdy.
Murtuny syryp ýyljyraklap ejesine görünmäge gelipdi.
Garamurt ºonda birinji gezek ejäò eliniò gatysyny bilipdi.
Ol ýaòagy gyzyp gidenden gözlerinden ot çykaýdymyka
öýdüpdi.
Näme murtuòy syryp, heleý boljak bolýaòmy?
Özüòe Mamuryò ýylmanagy diýdiresiò gelýämi? Gaýdyp murtuòa
päki degreniòi göräýmäýin. Murtuò peleòiò murty ýaly
bolsun. Gaýratyòam ºoò ýaly. Geçi sakgalyò bilen iºim ýok.
ªodur-ºodur Garamurtuò murtuna päki
degmedi. Oòa Garamurt diýmez ýalam bolmady, zaòòaryò murty
ygally ýylyò selini ýaly ösdi. ªeýle bir murt boldy,
gözüòe söweýin, çugdamlap ýeòsesinde bogaýmalydy. Sakgaly
welin, Garamurt goýbermedi. Her hereketi bilen ejesiniò
göwnünden turmaga çalyºýan ýigit gapylaryndaky
hyzmatkärden, talabandan paýyº sözüni, gamçysynyò awusyny
gysganmady. ªonda-da merdemsi heleý oglunyò bärden gaýdan
ýerini görende «Häk, höwür atym duºmady-da» diýip hyrçyny
diºlärdi. Bu Garamurta iò ýokuº degýän sözdi. Heniz
bäbejikkä gum içinde ºehit bolan kakasynyò sypatynyò
nähili bolanynam bilmese-de, ahmyr edip ondan ar alasy
gelibererdi.
Döwrem 30-njy ýyllaryò öò ýanlary. O
döwürler gumuò jümmüºinde bir guýyò daºyna üýºen bu
obajyga Aºgabatdan setanda-seýranda birlän-ikilän myhman
gelerdi. Olaram Mamur telekeçiòkide bolardylar,
gaýdardylar. Emma 30-40 öýli kiçijik obadan Mamuruò
özünden baºga Aºgabada gidip-gelip bilýän ýok diýerlikdi.
Garamurtam ýyl içinde bir gezek ºähere
giderdi. Onda-da ne gidiº – murty ýaglap, ädigi
lowurdadyp, täzeje gyrmyzy dony ºowurdadyp, eslije kümüº
gyranam biline guºap giderdi. Bäº gün, bir hepdedenem
öòküsindenem peººerlip dolanyp gelerdi. Gelensoò,
dyzlarynyò aºagyny ýalaòaçlap gezýän aýal maºgalalar, çala
çekseò öz-özi çözülip, goýberdigiòem öz-özi daòylýan
bihaýa uçgurlar, öz-özi ýöreýän arabalar, gaýnatma çorba
atylýan «gärtiºge» diýilýän zat hakynda geò gürrüòler
bererdi. Ol bir gezek «möwzer» diýip birhili gysga nilli
tüpeòem alyp gelipdi. Oò bilen Garamurt alakany, beýlekini
atan bordy. ªo sesine alakaò her tikesini gulagy ýaly
edäýjek ýaly welin, zähresi ýarylan janawar göreni haýran
edip, hinine tarap haýdap barýandyr. Muny gören gumlular
hezil edip gülºerdiler, o bela-beteriò sesinden welin
eýmenerdiler. Degrip ataýsaò dagy içegäòi çogduraýjagy
bes-bellidi. Zada ýaramasa-da haýbat üçin Garamurt
möwzerini bilinden sallap gezerdi.
Bir gezegem Garamurt Aºgabada diýip
gitdi-de, gaýdyp dolanyp gelmedi. Mamuram näme üçindir
ýeke ogluny gözlemedi. Oba her-hili myº-myºlar ýaýrady.
Kim «Aºgabatda pul oýnap utulyp öldürilenmiº» diýdi. Emma
pul diýilýäniò nädip oýnalýanyny hiç kim göz öòüne-de
getirip bilmeýärdi. «Mamur telekeçiò özi ogluny kowanmyº»
diýenem tapyldy. Il-gün «Kim öz perzendini, onda-da ene
bolup ýeke dikraryny kowsun. Mamurdan beýle zadyò
çykaýmagam biçeme däl welin, Mamur telekeçi bolaòda-da
garabagyrdyr-a, heýem ogluny kowarmy? Öldürilen bolsa
ahmal» diýdi-de goýdy. Mamuruò özündenem het edip sorap
bilen bolmady. Bolan iº welin ºeýledi:
«Baý-gulak» diýlip Sibirde gözi açyljak
bagtygaralaryò has baýap puluna ýer tapmaýan döwüleri
«Teke bazar» diýilýän ýer ahalda iò meºhur ýere öwrüldi.
Teke bazaryòam iò meºhur ýeri çaýhanasydy. Bu çaýhana juda
özüne göwni ýetýän mes ýigitler barardylar. Bu çaýhanada
çilim ýerine ýüzi möhürli tirýek çekilip, çaý ýerine
göknar içilerdi. Ady belli, elýetmez bagºylaram gulagyna
urlan ýaly gygyryp, aýdym aýdardy. Kä «Gürjiniò» janyòy
alyp barsa, kä «Sallançakly» ýüregiòi tüýdüm-tüýdüm
ederdi. Oturanlar çaýkanyºyp, käte bir çümmük Eýranyò
nohutly kiºmiºini agyzlaryna atyp, dere batyp aýdym
diòlärdiler. Bazar sowlansoò, o bagºylar orta oklanan
kümüº gyranlardan doly ýelýyrtan ýaglygyò uçlaryny zordan
düwüp, alyp giderdiler. Pah, meslik, elpe-ºelpelik diýibem
ºoòa diýseò. Her kimiò gapdalynda mauzeri sallanyp
durandyr. Olar gaharyny getirse, siòegem tüpeòlemekden
gaýtjak däldiler. Bir günem çaýhana murty, hamala, piºge,
elleri ýekedaban ýaly, goºarlarynyò çopüri täze gyrmyzy
donuò ýeòinden çogup duran, her egninde bir ýigdekçe
oturaýmaly pyýada sary ädigni lowurdadyp, owºanaklap
geldi. Öò görülmedik bu haýbatly ýigit her kimiò ünsüni
çekdi. ªol wagt çaýhanaò töründe büküdip, ýumruk ýalyjak
bolup ýassyga ýaplanyp, tirýek kükedip ýatan iki kiºiò
biri beýlekisine:
–ªol söwüt saplyò murtunyò birini kesip
bilermiò? – diýip, kih-kih edip güldi.
–Gel diýemde gels-ä keserin.
–Çagyr onda, gelmese, özüm getirin.
Murt kesjek kiºi mauzerini gabyndan
çykaryp, ýassygynyò aºagyna dykdy-da, dyzyna galyp:
–Ah-ow! Goç ýigit! – diýip, çasly gygyrdy.
Tüòçeden sähel ulurak pyýadadan beýle haýbatly, ýognas ses
çykar öýtmersiò, Garamurt ýalt edenini duýman galdy.
–Bärik gel, gürrüò bar.
Garamurt birbada geòirgenjek ýaly etse-de,
apaò-apaò ädimläp, göni çagyranlara tarap gaýdyberdi.
ªowhuny asmana göterilýän çaýhana birden dym-dyrslyk
aralaºdy. «ªekli kümüºe çitilmeli durna-da» asmanda doòup
galdy. Diòe agyr göwräò aºagynda jygyldaýan sary ädigiò
sesi eºidilýärdi. Goçulardan oòòullugyò çykmajagyny
bilýän adamlar gözlerini gyrpman, nätanyº ýigidi
yzarlaýardy. Bu ümsümligiò ýöne ýere däldigini aòan
Garamurtuòam uýlugy saòòyllaberdi. Çagyran kiºi ol
gelenden bir eli bilen sapançanyò sowuk nilini onuò ýagly
böwrüne diredi-de, beýleki eline-de ýanyndakyò uzadan
gaýçysyny alyp, murtunyò bir taýyny ºarpyldadyp goýberdi.
Garry kempiriò ýüò daragyndan çykan gara guzyò ýüòüni
ýatladýan piºge murt ýere togarlanyp gitdi. Göz-açyp
ýumasy salymda bolup geçen bu iºe Garamurt hiç hili
päsgelem berip ýetiºmedi. Soòam gözleri çakgyò çüýi ýaly
içiòden geçip barýan garadan gaýtmaz:
–Gaýdyp ºu jelegaýda görnäýseò, indi
kelläòden dynarsyò. Bar gidiber – diýdi-de, hiç zat
bolmadyk ýaly, saçy täze syrylan ýylpyldap duran ýalaòaç
ýeòsesini öwrüp, ýassyga ýaplanaýdy. Onuò ýoldaºynyòam
eliniò üstüne gyraly ýaglyk ýapylan sapançaò
mäºesindedigine Garamurtuò gözi düºdi. Äm-sämlikde aòòalak
gapdyrylan gelmiºek ýigit ºagga derläp, näderini bilmedi.
Saòa gidiber diýildi.
Murtuny keseniò ýanyndakyò diºiniò
arasyndan syzdyryp, ýigrenç bilen aýdan bu sözleri
Garamurta Hudaýyò emri ýaly eºidildi. Ol gelºi ýaly,
çaýhanadan çykyp gitdi. Biçäre ýigit çykyp gidenden soòam
çaýhanada az salym dymyºlyk dowam etdi. Her kim aýak
astynda ýatan burmaly ýeke taý murta seredýärdi.
Bagºy aga durnaò yzy gelmedi-le.
Mämmedaly, bu tüýleri çaýhanaò bir böwründen asyp goý,
görene sapak bolsun. Her kim hetdini tanasyn. Göterip
bilmejek murtuny goýbermesin. Ha... ha... ha...
Garamurt daºaryk çykyp-çykman murtuna
ýapyºdy. Yzyna dolanyp haklaºmaga gaýraty çatmady.
Dolanaýanda-da ol entek ýaòkylaò ýanyna ýetmänkä paçagynyò
pytrajagyna düºündi. Biçärelikden onuò daýaw göwresi
büküläýdi. Ol elini ýüzünden aýyrman gözünüò garaýan
tarapyna haýdady. Köp ýöredi. Hamala, halasgäri öòünden
çykyp, çykalga salgy beräýjek ýalydy. Emma her kim oòa
haýran-haýran bakyp oòaýýardy. Kime dadyòy aýtjak, bu
güwläp duran ýat ºäherde? Haýsy gapy saòa hossar çykjak?
Onuò ezilen ýüreginde birinji gezek ynsana ýigrenç döredi.
Yns-jynssyz Garagumy ºeýle bir küýsedi welin, bogunlaryna
çenli syzlady. «Ak çägä ýaplanyp, ýaòkylar bilen atyºsam,
onusyna-da aldyrmazdym. Bil tutuºsam ýüzüsiniò bilini
çykan ýerinden oòurardym» diýip, ahmyrly hyrçyny diºledi.
Ýöne indi nädip oba barjak? Nädip ejeòe görünjek?
Ýöräp-ýöräp sütüni süýnen Garamurt ºäheriò gaýrasyndaky
gonamçylyga – «Ops öwlüýä» diýilýän ýere ýetdi. Ol
baºujunda ekilen agaçlaryò kölegesinde ýatan mazarlara
gözügidijilik bilen seretdi. Töwerek çolady. Garamurt
ejizje pürli arçalaryò iò edenlisiniò aºagyna bardy.
Bilindäki guºagyny çözdi. Ejesiniò beren granlary bir
garry orsuò mazarynyò üstüne ºaòòyrdap döküldi. Mazaryò
baº ujuna dikilen haça berkidilen suratdaky goja
granlardan gözüni aýryp bilmän seredýän ýalydy. Garamurtuò
gözüne welin, gran görnenokdy. Onuò titreýän gödensiz
elleri guºagynyò bir ujuna syrtmak salmak bilen baºagaýdy.
Garamurt ahyry salan syrtmagyny boýnundan geçirdi. Soò
howlukman atanak çüýlenen haça çykyp, gök salyp oturan
arçaò ýokary baºyndaky ºahasyna elini ýetirdi. Ony özüne
tarap egdi-de, guºagynyò beýleki ujuny agajyò berdaºlyrak
ºahasynyò çykan ýeriniò ýokary ýanyndan geçirip berk
daòdy. Indi diòe haçdan özüòi aºak goýberäýmelidi. Ol
haçyò üstünde durºuna birden töweregine seretdi. Entek
ýigrimbäºiò dälijesi diýilýän ýaºa-da ýetmedik, öòünden
çykylar öýtmedik, «tüf!» diýse tüýkülgi ýere gaçmadyk baý
ogly henize çenli dünýäni beýle gözel görnüºde görmändi.
Guºlaryò owazymy, mymyjak ºemalmy, dury asman gümmezimi...
töwerek diýip-aýdardan owadandy. «Be, mawy reòk, asyl,
reòkleriò iò owadany eken-ow, men gyrmyzymyka diýer
ýörerdim» diýip, pikir eden Garamurtuò göz öòüne
çaýhanadaky goçular geldi. Ol:
–Haý, munuò reòkiniòem, görküniòem... –
diýip, paýyº sögündi-de özüni haçdan aºak oklady. Garamurt
aýagy ýere ýetmän bir asylyp, boglan ýaly etdi. Soò
ºartyldy eºidildi. Ol gütläp ýere düºdi. Agaç näçe
berdaºly görünse-de daýaw pyýadanyò agramyna orta
bilinden döwlüpdi. Oòa çenlem orsçalap bogazyna
sygdygyndan gygyryp gelýän garry ors göründi. Bu ºol
gonamçylygyò serenjamçysydy. Garamurt turup gaçjak boldy.
Boýnundaky guºagy çözülmedi. Ol döwlen agajam özi bilen
süýräp, bäº ädim gaçsa-da garry derrew yzyndan ýetdi.
–Ty çýo, sumaºedºiý? Stoý tebe goworýat.
Garry tozan turzup barýan ºahadah aslyºyp,
Garamurty saklady. Garamurt syrtyny ýere urdy-da, baºyny
dyzyna goýup aglamaga baºlady. Öküz bögüren ýaly kä wagt
bir ýognas ses çykaýmasa, onuò aglaýanam bildirenokdy.
Diòe ýasy eginler silkinýärdi. Birsalymdan
nämäò-nämedigine düºünen goja biçäräò gapdalynda çökdi.
Goja Garamurty külbesine äkitdi,
bildiginden ýarpy-ýalta türkmençeläp oòa arak içirdi.
Hakykatdanam göwni giòän ýaly bolan iºigaýdan özüni bilmän
ýykylýança içdi. Murtunyò beýleki taýynam syryp, on-onki
gün ors gonamçylyrynda ýatyp, garry orsuò maslahaty bilen
obasyna, ejesiniò ýanyna gitdi. Emma obasyna gündiz baryp
bilmedi. Ogurlyga gelen kimin çola ýerde garaòky düºüp,
aýak ýygnanaryna garaºdy. Bu oòa näçe agyr degse-de, ilki
ejesine görünmän, bu sypaty bilen iliò gözüne görnesi
gelmedi. Ahyry garaòkam düºdi. Ol atuwa barýan ýaly
saòòyldap, öýlerine tarap ugrady. Emma Garamurt özüniò
nähili barýanyny, aýagynyyò ýerden
süýrenýänini-süýrenmeýäninem bilmeýärdi. Hatda ºol barºyna
gapylaryna ýetmän büdräninem duýanokdy. Ol gapylarynyò
agzynda ardynjyrajak boldy – bokurdagyndan ses çykmady.
Ýüzüni ak tam edip içerik ätlän ogluny görenden Mamur
telekeçi «Hih» edip ýakasyny tutdy. Garamurtam iç iºikde
uly göwresini aºak goýberip, ýüzüni tutup, iner çöken ýaly
ejesiniò öòünde dyzyna çökdi.
–Murtuòy nätdiò?
Garamurt sakawlap, sesini endiredidp, näçe
agyr düºse-de, baºyndan geçenleri, özüni öldürjek bolºuna
çenli birin-birin gürrüò berdi. Mamur ýüzüni ýerden
galdyrman, esli oturdy-da:
Murtuòy aldyryp geleniòden baºyòy aldyryp
gelen bolsaò gowy bordy – diýende Garamurt nädip syçrap
ýerinden turanynam duýmady. ªol turºuna-da gaýdyp
öýlerinde dyzyny epmedi. Ýüzüni garaòka tutup, çykyp
gitdi. Mamuram sarsmady. Belki, oòa-da «Ogly masgara bolup
gelipdir» diýlenden gelmäni gowy görnendir.
Niredeigini,
näme
iºleýänini
bilmeýän
Garamurt
bir-iki
alaòy
aºansoò,
gapdalynda
ºalkyldap
barýan
mauzeri
ýadyna
düºdi.
Halasgäri
hakydasyna
gelen
kimin
mauzeriò
agaç
gabyny
açdy.
Gap
boºdy.
Megerem,
ony
ätiýaçdan
müjewür
ors alyp
ýygnan
bolmaly.
«Möwzerini»
araga
çalºan
bolsa
kim
bilýär.
Garamurt
sähelçe
günüò
içinde
ikinji
gezek
syrtyny
ýere
urdy,
ikinji
gezek
adamzada
ýigrenji
bokurdagyna
dykyldy.
Ol
Garagumyò
çägesine
togalanyp,
janynyò
ýangynjyna
bogazayna
sygdygyndan
gygyryp paýyº
sögünýärdi.
Ömründe
bir
gezegem görmedik
kakasyndan
baºlap
ejesine,
doglan
ýurduna,
teke
bazaryna,
onuò
goçularyna,
ors
öwlüýäsine,
onuò
müjewirine
çenli
gaýgyrmaýardy.
Emma
onuò
sesini
eºidýänem,
diòleýänem,
alga alýanam
ýokdy.
Gum
depelerem
bagyrlaryny
ýere
berºip,
çöken düýä
meòzäp,
garalyp
ýatyrdy.
Olar
ºeýle
bir
biparhdylar
welin,
gäwüºem
çalýarmyka
diýdirýärdi.
Elinden
ýaragy
alnan,
murty
kesilen,
enesi
tarapyndan itçe-de
görülmän
kowlan
garamaòlaý
ýigidiò
bolsa
bar elinden
gelýän
sögünmekdi.
Sögüne-sögüne
ahyry
gidip
orsdan
ýaragyny
almagy,
teke
bazaryna
barmagy,
çaýhanada
öòünden
çykanyò
janyny
jähenneme
ibermegi
ýüregine
düwdi.
«Eje,
dogry
aýdýaò,
beýdip
diri
gezenimden
ölenim
gowy.
Ýöne
ölmezden
öò içimi
bir
sowadaýyn»
diýdi.
Emma garry
sapançany bermedi. Ant içip, awy ýalap «Alamok» diýdi.
Öldir ýaly ýençdi, ºonda-da bermedi. Ahyry öldürse-de
ýaragyny alyp bilmejegine gözi ýeten Garamurt orsuò
külbesini agdar-düòder edip çykdy, ºonda-da ýaragyny
tapmady. Ýene-de oò iò ýakyn dosty arak boldy. Birnäçe
günläp galman içdi. Çalajan orsa getirdip içdi. Emma her
zadyò çägi bar. Arakdan doýup dünýäni duýman ýatmagyòam.
Allanyò güni darydan köp, Garamurt içmän içini hümledibem
ýatyp gördi. Gün bolsa dogup-ýaºyp dur. Indi orsuòam
iòirdisi artyp ugrady. Arak getirmesini goýdy. Garaz,
Garamurt ýuwaº-ýuwaº sowaberdi. Edil gyzyºy ýaly, ýüregine
myrtar sowuklyk ornaºdy. Ors ony demirýol edarasyna - «DEPO»
diýilýän ýere iºe saldy. Adynyò yzyndaky «murty» aýrylyp,
diòe Garasy galdy. Daýaw, gujurly, dymma ýigidi
demirýolçular erbet görmeseler-de onuò garasöýmezliginden
çekindiler. Kim «Ol bir gumly, ejesini öldürip gelipdir»
diýdi. Kim «Öýleneni gyz çykmansoò, ºony öldürip gelipdir»
diýip, gürrüò çykardy. Her kim göhert ýaly hyýrsyz
pyýadadan daºrak duranyny kem görmedi. Onuòam il diýip
gözi-gaºy çekip durmady. Garaò eline ýekedaban berdiler.
Onuò janynyò ýangynjyny gyzgyn demirden çykarjak bolýan
ýaly ýekedabany baºyndan aýlap urºuny görseò, eýmenmez
ýalam däldi. Gara gaýdyp «Teke bazaryò» töweregine barmady.
Goçularyò öòüni garawullap öz ediºleri ýaly ahmala salyp
ar alasy gelmedi. Ejesi «Baºyòy aldyryp gelen bolsaò gowy
bordy» diýenden soò, ol goçular gözüne çirkeýçe-de
görünmedi. Ol olary ýeke-ýeke öldürse-de ejesiniò sözüniò
içinden çykmajagyny bilýärdi. Namazyny goýdy, nahar
baºynda garry ors bilen arajyk içmesini goýmady. Sakgal
murtuny ürç edip, her gün gazap-gazap syrdy. Edarada aýlyk
paýlaýan garaýagyzja ýumruk ýalyjak gyz Garaò gowºak
tarapyndan barmany oòardy. NKWD-äò ketdeleriniò biri bilen
arasy bar diýlip gürrüòi edilýän kassir gyz Gara durmuºa
çykdy. Garaò bu gürrüòlerden habary bolmasa-da: «Aý indi
maòa parhy näme? Öòi-soòy ejemiò alyp berjek «Baýdak ýaly
gelniniò» maòa nesip etjek gümany ýok» diýdi. Birinji gije
gelniniò ýagdaýyny bilse-de bilmedik boldy. «Bu-da bir
özüm ýaly bagtygaranyò biridir-dä» diýdi. Hakykatda welin,
Gara bar zatdan doýdy, doòdy. Indi ony eredip, gaýtadan
direldip, adam hataryna goºjak zat ýokdy.
Garaja gelin Garany hor etmedi. Ol NKWD-ä
iºe girdi-de, sähel salymdanam adamsynam ýanyna aldy. Gara
harby eºik berdiler. Eline bäºatar, biline sapança
dakdylar. Ol täzeden murt goýberdi. Ýene Garamurt boldy.
Bar etmeli iºem, ölüme höküm edilenleri atmakdy.
Garamurt birinji gezek sapançanyò sowuk
nilini goly arkasyna bagly, aòyrsyna bakyp duran orta
boýly arryk adamyò ýeòseçukuryna diräp mäºäni gysjak
bolanda, barmaklary doòan ýaly, diýenini etmejek bolupdy.
ªol bada-da onuò ýadyna teke bazaryò çaýhanasy düºdi.
–Ah-ow! Goç ýigit! Bärik gel, gürrüò bar.
Garamurtuò böwrüne täzeden mauzer direlen
ýaly boldy. Ol hyrçyny diºläp, mäºäni gysdy. Ýeòsesinden
ok giren adam ºalkyldap ýere ýazyldy. Teke bazaram
goçulary bilen ºol bada gümüò teýine gitdi. Sag eliniò
ýaglak aýasynyò derini çep eliniò gödensiz barmaklary
bilen sylan Garamurtuò göwresine atan adamsynyò ysgyny
goºulan ýaly boldy. Ol sapançasyny gabyna salyp, murtuny
taýly gezek towlaºdyrdy. Emma janyny alan adamsynyò
jesedine seretmedi. Ölini süýremek, gömmek oòa degiºli
däldi. Garamurtda iº bitiren, aryny alan, ahmyryny çykaran
ýaly duýgy döredi. Bu duýgy ondan esli wagtlap aýrylmady.
Garamurtuò günde birnäçe adamy atýan günleri hem bolýardy.
ªonda agzysary ors esgerleriniò ýöwsellemesine onuò hasam
göhi gelip, ýeke özi hatara duruzylan adamlary
ýeke-ýekeden atyp çykýardy. Hemiºe-de adamyò ýeòse
çukuryndan – gün düºmezinden atýardy. Ölüme höküm
edilenleriò sandyraýºy, gözleriniò hanasyndan çykaýjak
bolºy, sowuk derläp, ysgyndan gidiºleri oòa düºündirip
bolmajak lezzet berýärdi. Ol her adamy atanda, hamala,
onuò jany özüne geçýän ýaly, özüniò asla ölmejekdigine
ynamy artýardy. Garamurtuò ak sakgal garrynyò äòinden
ädiginiò beýik ökjesi bilen basyp, towlap durºuna:
«Keramatly iºanmyºyò-la. Görkez näme keramatyò bolsa
maòa!» diýºi NKWD-äò iºgärleriniòem käbirini
üýºendirse-de, onuò arkasyna kakyp: «Molodes!»
diýýärdiler. Berekellalar oòa hasam meçew berýärdi.
Teke bazardaky çaýhana bir wagt
gum-guklyga öwrülipdi. Hatda bir gün Garamurt ýanyna iki
sany esgeri alyp gidip ýörite boº çaýhanaò bir burçuna
buºugybam gaýdypdy. Emma ºonda-da içi sowamaýardy.
Aslynda, ýüreginiò ody ejesi, onuò sözleridi. Ol ºonda
gugaryp galan çaýhanada näme edende-de dünýesiniò
düzelmejegine göz ýetiripdi. Garamurt ºol günden adamy
keýpine, serçe atan ýaly biparh atyp baºlady. Onuò käri
onuò çöregidi, goragydy, abraýydy, derejesidi. Ol adam
atmasa, özüniò hiç kim boljagyna gözi ýetýärdi.
«Tut-ha-tutlugyò yzy kesiläýsä-rä, men bulara gerek
bolman. Aý, heleýler dogrup dursa, adam gyrlyp gutarasy
ýok. Bu millete geregem ºodur – gorkmasa sylamaz. Murtda
akyl-a bar» diýýärdi.
Gana suwsan Garamurt daºyndan ºeýle
doòýürek görünse-de öýünde ýatsa rahat ukusyny alyp
bilmeýärdi. Kä wagt düýºünde öz ejesini atýarmykam öýdüp
basyrganyp oýanýardy. Käte-de haýsydyr bir iºan ony
keramaty bilen jadylap, oda oklaýardy. Bir günem ol gijesi
bilen iº ýerinde bolmaly boldy. Haýran galaýmaly, ol näçe
ýyldan bäri ilki gezek ukusyny alyp oýandy. Ne düýº gördi,
ne-de basyrgandy. Diwardan asylgy suratlar onyò ukusyny
goran ýalydy. Hasam Stalini diýsene, özünkiçe bolmasa-da
haýbatly murtlary, gaýºaryp duruºy Garamurta arkasynda
gala bar ýaly täsir edýärdi. Garamurt göni naçalnigi
«Gyzyl orsuò» ýanyna bardy-da iº ýerinde ýatyp-turmaga
rugsat sorady. Nämäò nämedigine ºo bada düºünen naçalnik
ýylgyryp: «Sen tarhansyò, Garamurt!» diýdi. «Tarhan»
sözüni eºden pyýada murtuny towlap ardynjyrady. Birdenem
ýadyna ejesi düºüp gitdi. Ejesiniòem gowy görýän sözi
«tarhandy».
ªeýtdi-de Garamurt iº ýerine çaýy-çäýnegi,
paty-putusy bilen göçüp geldi Ol indi dünýäni unudyp,
egnindäki ºinelinem aýyrman, ädiginem çykarman arkaýyn
uklaýardy. Daò bildirendenem turup maºk edýärdi, maºkdan
soò gyºyn-ýazyn üstünden bir bedre sowuk suw guýýardy.
Muny oòa «Gyzyl ors» diýýän naçalnigi «ªeýtseò, nerwiò
berk bolar» diýip öwredipdi. Garamurt özüni ähli
adamlardan tapawutly duýýardy. Hatda adam atmak wezipesi
hem ºeýle üýtgeºikligi üçin özüne ynanylan hasaplaýardy.
Öz ýanyndan özüne «Diòe maòa adam atmak hukugy berlipdir.
Diòe men lezzet bilen jan alyp bilýän. Men Eraýylyò
ýerdäki wekili. Ta-ak!» diýýärdi.
Garamurtuò iº bolsa-bolmasa edarada ýatmak
häsiýeti aýaly üçinem kemje kerdem däldi. Oglam
oglanjykka-ra kakasynyò iºde ýatyp turmasyny kän bilmedi.
Ulalansoòam kakasynyò kimdigini, näme iºler edenini
aýdanyndan, ýaºyranyny kem görmedi. Ejesiniò ýanyna gelýän
«Alik daýy» oòa murtlak, hyýrsyz adamdan has mährem
göründi.
Ýyllar geçdi. Garamurt üçin agyr günler
baºlandy – uruº turdy, adam atylmasy galdy. Ýogsa Garamurt
üçin uruº turdy-turmady birdi. Onuò urºa alynjak aladasy
ýok – milisiýa iºgärleri bronlydy. Ol harby eºikli, uzak
gününi edaranyò darajyk kabinetinde o burçdan, o burça
gatnap geçirýärdi hem özüniò urºa alynmaýanyna begenýärdi.
«Diòe ºu bähbidem ähli zada degýär» diýip, özüne jellatlyk
käriniò ynananylanyna depesi göge ýetýärdi.
Garamurt urºuò nähili gutaranynam
bilmedi. Çünki uruº ýyllary radiodan Lewitany diòlärdi,
milisiýaò iºgärleri bilen urºuò gürrüòini ederdi. Kim urºa
gitmejek bolup gaçgaklyk etse, ony tutmaga kömekleºerdi.
Ururºdan soò welin, onuò güni asla-da geçmedi. Stalin öldi.
Bir günem onuò kabinetindäki üç suratyò biriniò, iò erkek
kiºi saýýanynyò suratyny alyp gitdiler. Staliniò suraty
äkidilensoò Garamurtuò göwnüne kabineti boºap galan ýaly
bolaýdy. Ol surat Garamurtuò arkasynyò dagy, öòüniò
galkanydy ahyryn. Soòa-baka ol «Staliniò guýrugy» diýlip
atylmakdan gorkup baºlady. Ýüzüne kül sepilen ýaly bolan
murtlary sallandy, sesi ýuwaºady. Emma ony atmadylar –
türmä garawül etdiler. Özüniò atylmajagyna düºünen
Garamurt muòa begense-de, bu iºigaýdan üçin tutulanlary
atmasa iºi netijesiz ýalydy. Garawulçylygyndan hiç hili
lezzet almaýan garry özüni gapyò öòünde goýlan gury töòòe
ýaly görýärdi. Ýaºam gidip barýardy. Indi elleri
sandyraýardy. ªol sebäpden oòa setanda-seýranda atuw
jezasy berlýänlerem atdyrmaýardylar. Garamurtuò ýigrendigi
ýaºlar ýetiºýärdi. Ol ýaºlary garrylaryò belasy saýýardy.
Olar köpeldigiçe, garrylar azalýardy. Muòa garamazdan
Garamurt öljege meòzänokdy, henizem kellesi çüri, maòlaýy
bäº ýyldyzly papakly, köne ºinelli milisiýaò jaýynda
ýatyp-turup ýördi. Täze gelenler oòa indi hiç iºi hem
etdirmeýärdiler – “Seni pensiýa çykardyk, biziò
weteranymyz” diýýärdiler. Milisiýaò jaýyny boºadam diýip
bilmeýärdiler. “Aý, ýene ýaºasa sähel ýyl ýaºar, öler
gider-dä” diýip oòuºyk edýärdiler. Garamurt bolsa ne ýasa
görünýärdi, ne-de toýa gidýärdi. Dört diwar, Leniniò,
Dzeržinskiniò suratlary onuò gürrüòdeºi, ýakyn ýoldaºydy.
Dogrusy, Stalin gideli bäri olar bilenem uzak gürleºip
durmaýardy. Garamurtuò iò köp gaýtalaýan sözi türkmençä
geçirseò hiç bir manysyz, diliò ugruna «ºeýle» diýmegi
aòladýan ors sözi «takdy». Bu sözi ol uzadyp «ta-ak» dýip
aýdardy-da, ýene darajyk otagynyò o burçundan beýleki
burçuna gatnap baºlardy. Onuò içini hümledip, nämäniò
pikirini edýänini bilýän ýok. Asla hiç zadyò pikirini
etmeýän bolsa-da belli däl.
Garamurt diòe oglunyò toýunda zordan ýarym
sagat oturyp gaýdypdy. Çünki her kimiò gözi gadym woýenniý
eºikli, goçuò ºahy ýaly çal murtly adamdady. Toýa gelenler
barmaklaryny çommaldyºyp «kakasy-da, kakasy» bolºup, ony
biri-bilerine görkeziºýärdiler. Aýaly, oglam onuò
barlygyndan utanýan ýalydy. Ýaºulularam edil geplese
atylaýjak ýaly Garamurtuò ýanynda dymyºyp otyrdylar.
Ekin-tikiniò, ýagyº-ýagmyryò gürrüòini etselerem Garamurt
olara goºulºyp bilmeýärdi. Onuò üçin ekin bitdi-bitmedi,
ýagyº ýagdy-ýagmady tapawudy ýokdy. Garamurt ahyry
çydamady, hiç kim bilen gepleºmän doòdurylan ýaly
oturdy-oturdy-da toýdan iki çüýºe arak alyp, çykyp gitdi.
Kabinetine gelibem çüýºäò baºynda teke bazaryò
çaýhanasyny, iºan-mollalary atyºyny ýatlady (onda ýatlara
baºga zadam ýokdy). Birdenem onuò ýadyna arak içmäni
öwreden, soò DEPO iºe ýerleºdiren garry ors düºdi.
«Barmykan-aý? Ýa ölüp gitdimikä? Ölen
bolaýmasa?»
Garamurtuò nije ýyldyr doòan ýüreginde
çalaja ýyly döräp ugran ýaly boldy. Aòynda mähir bilen
ýatlap biljek ýekeje-de bolsa bir adamyò bardygyna onuò
özem geò galdy. «Bolmanda mazaryny taparyn» diýip, ors
mazarçylygyna gitjek boldy. Emma aýaklary diýenini etmedi.
Daºarda-da eýýäm garaòky düºüpdi. Garamurtuò iò halamaýan
zady garaòkylykdy. Ol garaòkydan gorkýardy. Garaòkyda
gözüne her hili zatlar görünýärdi. ªonuò üçin ol
ýatanda-da çyrany öçürmän ýatýardy.
Garamurt käsesini arakdan dolduryp, garry
orsuò hatyrasyna içäýmekden baºga alaç tapmady. Duz datman
diýen ýaly, tä ýykylynça içdi. Bu onuò iº ýerinde ilkinji
hem iò soòky gezek düzgüni bozan gezegi boldy. Ol uzak gün
kellesini ýassykdan galdyrman ýatdy. Ýöne ertesi ýene öòki
düzgünine mündi.
Ýyllar bolsa geçiberdi. Garamurtuò
agtyklary dünýä indi. Olaryò bolanynyò käbirinden habarly
bolsa, köpüsini-hä bilmedem. Öò milisiýada bile iºlän,
«Men ilki iºe baºlamda-da ºar gara murtyny towlap, gara
ädigini günde iki ýaglap, adam atyp ýördi» diýýän
ýaºulularam öldi gitdi. Garamurt welin ölenokdy. Onuò
ýaºynam anyk bilýän ýokdy. Ýöne Garamurtda ýekeje gara gyl
galmady. Kän Gün görmänsoò ýüzüniòem reòki üýtgäp,
gögerdi. Agaran murty birhili ýakymsyz gyzgylt sary
öwüsdi. ªonda-da ol irden turýardy, maºklaryny doly
edýärdi, sowuk suwa düºünýärdi. Hatda il arasynda «Ony
öldürmeýän irden sowuk suwa düºünmesi» diýibem gürrüò
edýärdiler. Ahyry sowuk suwuòam güýji gaçdy.
...Bu gün Garamurt aladaòdandan düºegine
çüýlenen ýaly bolaýdy. Ol turjak bolýardy welin, hatda
dyzabam, özüne agram salybam bilmeýärdi. Hamala göwresi
ýok ýalydy. Ysmaz bolan Garamurtuò göwnüne ähli bela iki
suratdan – Lenin bilen Dzeržinskiniò könelip, saralyp
giden portretlerinden gelýärdi. Emma olara garºy elinden
gelýän zat ýokdy, hatda bogazyna sygdygyndan gygyryp hem
bilmeýärdi. Garamurtuò ala-takyrdy bolup ukyò nebir süýji
wagty oýarmandygyna dokuzyò öò ýany tisginip turan
nobatçam duýmady. Iº baºlap, aladalar köpelensoò-a Garmurt
diýlen bir aýagyny göre sokup oturan garryò dünýede
barygam unudyldy. Diòe gün günortana ýetende edarany
syryp-süpürýän Amanbibi daýzaò ýadyna Garamurt düºdi. Ol
nobatça «Gyýw, janym. Bu gün garry milisgeden ses-üýn
çykmady-la» diýdi. Birden göwnüne howsala düºen ýaº ýigit
ylgap Garamurtyò gapysyna geldi. Gapy içinden ildirilgidi.
Onuò gapyny kakmasyna garry ses bermeýärdi. Nobatçy egni
bilen gapyny itip kilti goparjak boldy – baºarmady. Ol
näme etjegini bilmän, uzyn koridorda ondan oòa ylgady.
Garamurt welin, bir wagtky «ors öwlüýäsinde» özüni asjak
bolan Garamurt däl ýalydy. Garrap sandan galan, ýaºynyò
näçedigem bilinmeýän bu ülhidiò ýaºasy gelýärdi. Ol bir
hysyrdyò bardygyny aòyp gapa seredýärdi. Lenin bilen
Dzeržinskiý bolsa bir zatlar diýiºýärdiler. Olar türkmençe
gürleýän ýaly bolsalaram Garamurt olaryò näme
diýiºýändiginiaòºyrmaýardy. Ol özüni nähilem bolsa aklajak
bolup: «Stalini näme üçin äkitdiòiz? ªo gitdi siziòem
badyòyz gaçdy. Getiriò murty, getieirò.Bar zat ýerbe-ýer
bolar» diýýändirin öýdýärdi. Ahyry nobatçynyò akylyna
naçalnigine telefon etmek geldi:
–ªol garry ölýä diýibem maòa azar berýäòmi?
Ussa Miºany tap. Gapyny döwsün-de açsyn.
Bir sagat çemesi wagt geçenden soò, ussa
Miºa tapyldy. Garamurtda bolsa gapy açylar diýen umyt
galmandy. Ol henizem diwaradan aºak düºen hyýrsyz
adamlaryò öòünde özüni aklajak bolýardy:
–«Atmaly diýdiòiz atdym. Stalin
“At!“
diýdi, men
bir kiçijik adam. Barynyò günäkäri, baryny eden Stalin.
Men ahmyrymy
atdym, arymy atdym, armanymy atdym. Meò ölesim gelenok.
Ölesim gelenok...”
Gapy döwüldi. Nobatçy kürsäp jaýa girdi.
Garamurt gözünden akan ýaºam süpürip bilmän gelenlere
emenip seredip ýatyrdy.
Çakylyga gelen lukmanlar Garamurtuò
bäº-alty günden artyk ýaºamajakdygyny aýtdylar. Naçalnik
derrew onuò ogluna jaò etdi. Ogly, agtyklary ýörite
maºynly gelip, Garamurty edaradan öýe, oba ýygnadylar.
Garamurt töweregine garanjaklap «Meni nirä getirdiòiz?»
diýjek bolýardy. Birden ol ogluny tanady. Megerem, özüniò
öýüne getirilenine-de düºünendir-dä, Garamurt zordan
«Maýsa... Maýsa...» diýip, pyºyrdady. Onuò agzyna gulagyny
goýup sözlerini saýgarjak bolýan ogly: «Kaka, ejemiò
ölenine on ýyl boldy,
ony bilýäò-ä»
diýdi. Mundan soò Garamurt bir zatlar ýatlajak bolýan ýaly
hanasynyò düýbüne çöken, nury öçük, çöòòelen gözlerini
depesine dikip, sesini çykarman uzak ýatdy. ªondan soò ol
asla gürlemedi. Hor çekgeleri sallanaýdy. Hatda ajygýan,
suwsaýanam diýmedi. Agtyklary onuò iýjek-içjegini agzyna
tutup berdiler.
Garamurtuò öýüne getirileniniò bäºinji
günüdi. Gyrasy çala gädilen Aýyò ýagtysy Garamuruò ýüzüne
düºýärdi. Ol gabagyny zordan galdyryp Aýa seretdi-de ýene
gözlerini ýumdy. Aýyò keºbi onda geò pikirleri oýardy.
«Näme üçin ýaºasym, Aýyò nuruna seredesim
gelýärkä? Mawzermi tapman alaòlaò arasynda togalanýarkamam
Aý aýdyòdy. Ýadyma düºýä. Men ºonda Aýa-da sögünipdim.
ªondan soò bir gezegem Aýa seredenim ýadyma düºenok. Bu
gün ºondan bäri birinji gezek Aýy göresim gelýär.»
Garamurt ýene gabagyny galdyrdy. Aýyò
reòki oòa ors mazarçylygyndaky asmanyò mawy reòkiniò
owadanlygy ýaly owadan göründi.
«Asyl men murtumyò kesilen güni ölen
ekenim. ªonça ýyllap özümiò ölenimi nädip bilmedimkäm?
Ölen ölenini bilmese nähili bor?! Batan Aýymyò täzeden
dogjak bolup durºumyka bi?»
Agtyklarynyò biri:
–Aýyò ýagtysy gözüne düºýär öýdýän –
diýeniinden beýlekisi galyò tutyny penjiräò öòüne çekdi.
Aýyò öòi tutuldy.
Garamurt
«Açyò!»
diýip
gygyrjak
boldy,
emma
basylan
dili
«Açyò!»
diýdimi
«Atyò!»
diýdimi
saýgartmady.
Ýaºy
altmyºdan
geçen
ogly:
–Iºigaýdan henizem adam atyp ýatyr-ow –
diýdi. Oglunyò aýdanlaryny aýyl-saýyl eºiden Garamurt
gözlerini ýumup oòaýdy.
Orsuò jelladynyò iò soòky aýdan sözleri ºu
düºünilmedik sözler boldy. Ol ýatylmazynyò öò ýany jan
berdi.
«Garamurt ýogalypdyr» diýlen habar ºo gije
oba ýaýrady. Obadaky mollalaryò biri daò atandan
gapysyndaky goýunlaryny öòüne salyp, öýündäkilere-de
«Garamurtuòkylar idese, meò nirdedigimi salgy bermäò»
diýip, berk tabºyryp, gaýraky tutlyga siòdi. Beýlekisi-hä
«Bir hepdeden gelerin» diýip, Tejende oturýan
garyndaºynyòka gitdi. Murty sallanyp ýatan ölini welin,
jaýlamalydy. Ogly, agtyklary uly obadan molla
gözleýärdiler. Niçigem bolsa, Garamurtuò ogly goýun
bakmaga giden mollany tapdy. Ol molladan aýyp bir iºi
etmegi haýyº edýän ýaly ýüzüni ýerden galdyrman:
Goýunlaryòa sereder ýaly oglanam alyp
geldim. Etmelisini edip gaýtsaòyz bolýa, molla aga. Item
ölse gömülýändir-ä, o näme indi öýde porsap ýatsynmy?
Edilmelsini edip gaýtsaòyz... – diýip ýalbardy.
Molla ahyry gönülemeli boldy:
–Özüne edilmelisini onuò özi edendir. Ony
barylmajak, görülmejek çörlüräk, çöp-çalamrak bir ýere
duwlaýyò. «Pylanyòkylar kakalaryny ºeýdäýipdirler» diýip,
il sizi ýazgarmaz.
Bu anyk jogapdan soò Garamurtuò ogly
sesini çykarman yzyna dolandy.
|