Hydyr
Amangeldi
OK
(hekaýa)
Ellinji
ýyllaryò baºlarydy. ªäheriò milisiýasynda iºe baºlan ilki
günümdi. «Gije onkiò ýaryna gelersiò, Baýmyrat Sähedow
diýilýän kapitan bilen gije nobatçylyk edersiò» diýdiler.
Diýlen wagty gelsem «Täze gelen senmi? Baýmyradyò diºi
agyryp, güp ýaly çiºipdir, oò ýerine meò bilen nobatçylyk
etmeli bolýaò. Maòa Rejep diýýäler» diýip at ýüzli kapitan
garºylady. Ony gören badyma naçalnigiò kabulhanasynda
asylan «Hormat tagtasyndaky» surat ýadyma düºdi. O ýerde
Rejebiò edermenlik görkezenini – iºdeº ýoldaºyny halas
edip, bir ganhory tutandygyny, sonuò üçin medal bilen
sylaglananyny okapdym. ªo sebäpden muòa begenmänem
durmadym, «Bolmanda nobatçylykda ganhorly wakany eºderin»
diýip pikir etdim. «Nobatçylyk» diýilýänem Aºgabadyò
merkezi köçelerinde gije ýatman aýlanyp ýörmeli.
Urºam,
Ýer yranma-da geçipdi. «Geçdigi bolsun» diýlip parahat,
asuda ýaºaýºyò gadyry bilinýän ýyllar baºlanypdy. Gije-de
Aý-aýdyò, ýazyò ortaky aýlarynyò salkyn gijeleriniò biri.
Menem ýaòy goºun gullugyny sowup gelen ýigit, keýpine-de
ºäheriò çola köçelerinde gezesim gelýär. Üstesine-de uruº
döwründen bäri bu ugurda iºläp ýören adamyò milisiýaò
howply iºleri baradaky gürrüòlerini diòle-de geziber. Ara
tapawudymyz ýedi-sekiz ýasa bardyr, daýanykly, gür gara
saçlary arkan daralan syratly pyýada görenimden göwnüm
ýetdi. Onuò birhili mähir siòdirip «ºeýle dos jan» diýmesi
ºu wagtam gulagyma gelip gidýär. Gele-gelmäne «dos jan»
diýilmegime hoºal, ikimiz tirkeºip ºähere çykdyk. O wagt
iºe duran ilkinji gijämiò ömür ýadymdan çykmajak gije
boljagyny nireden bileýin...
Rejep
garaýagyz ýüzünde hasam akjaryp görünýän diºlerini
görkezip ýylgyrdy:
-
Ynanýaòmy, meò hiç hacan diºim agyranok.
- Aý,
nätdiò-aý.
- Hawa,
gara çynym. Azylamdan iki-ýeke owranyp döküleni bar welin,
sähelçe-de agyrmaz.
- Bäh, oò
ýalam bolýam-aý?
- Baºga
biri aýtsa özümem geò görjek. Bolaýsam dört ýa bäº
ýaºlarymdadym. ªeýle bir diºim agyrdy. ªu wagtam ýadyma
düºýä welin, birhili boluberýän. Daºarda ýatýardyk.
Tomusdy. Bilmedim diºim agyrandanmy, ºeýle yssy – petiº
gijedi. Uzak gijäni aglap geçirdim. Gözümden akýan ýaºdan,
derden ýaòa ýassygym myžžyk bolupdy. Ne ejem, ne enem,
ne-de atam meò sesime ýatyp bildiler. Biri diºimiò
köwegine duz dyksa, beýlekisi duzy gyzdyryp daºyndan
ýapýar. Emma hiç peýdasy ýokdy. Ahyry daò atdy. Diºimiò
çiºine agzym zordan açylýa, aglamakdan ýaòa sesim gyrylyp
gidipdi, kelläm güòläp durdy. Hawa, ºeýdip daò atdy welin,
segsene golaýlan garryja enem geldi-de goºawujymy gyzyl
bugdaý däneleri bilen doldurdy. O wagt çaga-da, bugdaý
dänesinem elime ilki alyºym bolaýmasa, aglamamy goýup geò
galyp olara seretdim. Böwrek ýaly dok, gyzyl däneler aýamy
ýakymly agyrdyp, çalaja batýar. Enem ºeýle mähirli, dili
süýji garrydy, ak gyòajam daòynýady. Gyòajy gülsüz arassa
ak matadandy.
- Goý,
balajygym. Bibi Patma janyò ýoluna çykaly, Alla jandan
dileg edeli, diºiò agyrysy ºo bada aýrylar – diýip çep
elimden tutdy-da Günbatarlygyna tarap alyp ugrady. O
wagtlar Gündogary, Günbataram bilemokdym welin, ilerimiz
daglykdy, edil Günüò batýan ýerinde-de gerºi beýlekilerden
saýlanyp duran beýik dag bardy, ana ºoòa tarap on-onbäº
ädim töweregi ýöredik. Belki, Bibi Patma däldir, mümkin
Paraw Bibi diýendir, ýadymdan çykarypdyryn, ýöne dym gyzyl
dänelerden welin, gözümi aýyryp bilmeýänim anyk ýadymda.
Ýöräp ugranymyzdan diºimde agyry galmady. Enem:
- Sep,
oglum bugdaýlaryòy. Bismillarrahmanrrahym! Alla jan, meò
çagamyò derdini özüò dep et! Emiò-ýomuò ºol bolsun –
diýdi-de, öz elindäki bugdaýlary öòüne sepip goýberdi.
Menem sepen boldum. Bugdaýlar ýarym ädim öòüme düºdüler.
Men jadylanan ýaly bir olara, bir eneme seredýädim. Soò
enem çommalyp, kündük ýaljak bolup oturdy-da, içinden bir
zatlar pyºyrdady, elini ýüzüne ýetirip «Allahu ekber»
diýdi. Dünýäni unudyp, enemiò hereketlerini sypdyrman
synlap durºuma, olary özümçe gaýtalaýardym. Elimiò aýasyny
açyp, çommalyp ýanjagazynda oturdym. Zordan dilim
öwrülse-de «Allahu ekber» diýdim. Soò öýmüze uzak ýoldan
dolanyp gelen ýaly gelenimizi, ýassyga baºymy goýanymy
bilýän. Atamam: «Hany oglum, sen uklaýançaò menem diºiò
dogasyny okaýyn» diýip baºujumda oturdy. Atam bir zatlar
okap, arasynda-da, «çüf, çüf» diýip ýüzüme üfleýär. Haçan,
nädip uklanymy bilemok, oýanamda diºimde sähelçe-de agyry
galmandyr. ªodur-ºodur asla diº agyry diýilýän zady
bilemok. Çüýränem, agyrman öz-özi owranyp gidýä. ªeýle dos
jan.
Rejebiò
gürrüòine haýran galyp «ors bazaryna» nädip gelenimizem
bilmändirin. Gijäò ýary, Aýyò ýagtysyna dükanlaryò
agzyndan asylgy gulplar kölegeleri bilen birleºip hasam
ullakan görünýärdi. Gündiz adamlardan hyò berýän bazar boº
welin, göçülen ýurt ýaly ýürekgysgynç görünýärdi. Harabada
ýatyp-turýan derwüºe meòzäp, bazaryò garawuly ardynjyrap
öòümizden çykdy. Biziò bilen gadyrly salamlaºdy.
- Rejep,
ýanyòdakyny tanamadym-la? – diýip, goja kütelen gözüni
maòa dikdi.
- Hawa,
Täºli aga, täze iºgär.
- Hä,
bolubilýä. Düºümli bolsun. Adyòa kim diýerler? Kimlerden
borsuò?
Ýaºululara mahsus soranjaòlykdan soò, onuò mürähet eden
çaýynam içmän Rejep ikimiz tirkeºip ýolumyzy dowam etdik.
Bir salym dymyºyp ýöränimizden soò ol durup çilim otlandy,
maòa-da uzadyp:
- Aýyò
serediºin-aý, janyòy alyp barýa – diýdi.
- Aýam
serederm-aý? – diýip, ýoldaºyma Rejep diýjegimem, Rejep
aga diýjegimem bilmän ýaýdanyp, çilim çekmeýänimi aýtdym.
- Maòa
düºünmersiò, kä wagt howluda ösüp oturan bir düýp
almamyzam her herekedimi sypdyrman maòa seredýän ýaly
bolýa.
Oòa näme
diýjegimi bilmän durkam ol arassa howadan gursagyny
doldurdy-da «Ýaºamak gowy-laý» diýip goýberdi. Soòam
birden müýnli ýylgyrdy-da «ªeýle gerek, dos jan» diýdi.
Içimden
«Ýaºamak erbedem bolýamyka?» diýip pikir etsemem «Hä»
diýen boldum. Ýöne Rejepde göçgünlilikmi, göterimlilikmi
ºuòa meòzeº häsiýetiò bardygyny syzdym. Dogrusy, beýle
adamlary kän halap baramokdym. Milisiýaò iºgäri göçgünli
däl, sowukganly bolmaly diýip hasaplaýardym. Ýöne beýle
adam ýoldaºyò bolsa ýüregiò-ä gysmaz. Aýdyºym ýaly,
nobatdaºym bir gep tapdy:
- ªu
asudalykda ikimizden artykmaç adam barmyka?
-
Artykmaç bolsak, hökümet hak töläp saklamazdy-la.
- Olam
ºeýle. Gel, ºu oturgyçda bir salym dyz epeli.
Ýoldaºyma
öýkünibräk aýaklarymy bir-biriniò üstüne atyp oturdym.
Depämizdäki sütünden asylan çyraò yºygyna ädiklerimiz
hasam lowurdaýardy. Täzeje eºik geýseòem öòki bolºuòy
saklaýmak aòsat däldir welin, hökümet adamsydygyòy
görkezýän ýörite eºigiò täsiri has güýçli bolýan eken.
Özümi arkamda dag bar ýaly batyr, ynamly duýýardym.
Maòlaýy nyºanly, ýalpyldap duran gara gaºly papagyny
gapdalynda goýup, çilimi uzyn-uzyn sorýan Rejebi welin,
bir zadyò horlaýany bildirýärdi. Ol garaòky töweregine,
ýyldyzly asmana aòyrsyndan bir zat göräýjek bolýan ýaly
siòe-siòe seredýärdi. Birdenem, bir nokada tiòkesini
dikip, sarsman oturýardy. Ony alada goýýan zady näçe
bilesim gelse-de, sabyrsyzlyk etsem ýalòyº boljagyna
düºündim-de, sesimi çykarman garaºmaga baºladym. Ol köp
garaºdyrmady:
-
Çagalygymyò gürrüòini bermeli däldim aslynda welin...
Bilýäòmi näme dos jan, men ölümi ýeòdim. Hawa, geò görme,
hakykatdanam ölümimi ýeòdim.
Näme
diýjegimi bilmän:
- Bir
ganhory tutanyòdan-a habarym bar. Oò üçin medalam
beripdirler öýdýän?!
- Bä, sen
eýýäm meò medal alanymam eºitdiòmi? Baºga näme eºitdiò?
Rejebiò
serediºiniò birden üýtgäninden üýºenip gitdim.
- Aý, ýok
baºga eºden zadym ýok.
Rejep
çekip bolan çilimini ädiginiò burny bilen öçürdi-de,
ýerinden turdy.
- Aý, ol
ºypana hiç.
Agzysary
oglanyò ýanynda özüni hasam iºbitiren duýýan kiºiniò
sözlerinde öwünjeòlik äheòini gözledim emma, ol gürrüòe
baºlamazdan öò agyr dem aldy. Ýüzüniò agraslanmasyndan
aýtjaklarynyò has düýpli gürrüòdigi ýa-da onuò bu gürrüòi
edesi gelmeýändigi bildirýärdi. Onuò bu bolºy meni hasam
gyzykdyrdy. Diº agyrysynyò aýrylyºy ýaly, arwahly-jynly
bir hekaýata garaºdym. Gijäò garaòkysam muòa meçew
berýärdi.
- Uruº
turmazynyò öò ýany, on bäºem ýaºamankam, 38-nji ýylyò
gyºynyò sowuk gijeleriniò birinde erbet düýº gördüm.
Düýºümde baglyk, agaçlyk ýerde biri meni atdy.
Alagaraòkyda ähli zat, çyraò yºygynamy, Aýyò ýagtysynamy
lowurdap dur, ýapraklara çenli ºeýle aýyl-saýyl. Maòa
tarap gönügen tüpeòiò nilem ýalpyldaýar. Birdenem
gulagyòy gapyp barýan ses bilen tüpeòiò nilinden ot çykyp
gitdi. Ok ºu böwrümden girip, arkamy böwüsdi. Okuò degen
ýerini tutup ýykyldym. Elim gyzgyn ganyma boýaldy.
Hopugyp, gygyryp oýandym. Tutuº göwräm saòòyl-saòòyl edýä.
Aýaklamda ysgyn ýok. Elimi böwrüme ýetirenimi duýman
galdym. Göwnüme hakykatdanam böwrümden ok giren ýalydy.
Aý, ol düýº däldi-laý. Beýle-de bir hemme zat aýyl-saýyl
düýº bolarmy? Çynam o düýºüò ýanynda ýalandyr. Ertesi ir
bilen gören düýºümi ejeme gürrüò berýän welin, gözümi
peçde gyzyl ot bolup ýanýan ºalmanyò ýalnyndan aýyryp
bilemok. Peçdäki odam «O düýº däl, hakykat» diýip dur.
Ejem görgüli «Tüpeò habardyr. Hoº habar aljaksyò, oglum»
diýip gowulyga ýoran bolýa. Men bir ýumruk ýaly oglan,
kimden, nirden habar alaýyn? Kim bilýär, ejäò duýgur
ýüregi dogry ýoranam bolup biler. Ol habar eken-de, ýene
üç ýyldan geljek habar eken. Aslynda, «37-nji» diýilýän
atha-atlyk, tutha-tutluk ýyllar her ýetginjegiò,
aýal-erkek diýmän her adamyò düýºünde göräýjek zady –
atylmak. Ýöne ºonda-da o düýºümi hiç unudyp bilmedim.
Unutdym-ow, diýip ýörkäm, oslamadyk wagtym ýadyma düºüp,
tisginip gidýädim, elimi böwrüme ýetirýädim.
Tanap
ugranyma ýaòy bir sagat çemesi wagt geçen bu geò adam
birden durdy-da:
- Bu
zatlary henize çenli bir adamyò ýanynda-da gürrüò
bermedim. Häzirem maòa ne jyn urdy, bilemok, içim dyòzap
dur, saklanyp bilemok. Ýa seni maòa düºünäýjek ýaly
görýänmi nämemi? Ýa ºu Aý meni günüme goýanokmy?.. Ýeri
bolýa, baºladym, indi baryny aýdyp bereýin. ªeýle dos jan,
41-iò gürrüòine baºlamankam ilki 30-njy ýyly diòle.
Diº
agyrymdan iki-üç ýyl soò bolmaly, alty-ýedi ýaºlarymdadym.
Bir gije elleri tüpeòli, maòlaýy ýyldyzly papak geýen
adamlar gelip atamy alyp gitdiler. Ine, ºu papaklarymyza
meòzeº, ýöne reòki solak ýaºyldy.
Rejep
kellesindäki papagyna birinji gezek görýän ýaly uzak
seredip, dymyp oturdy. Onyò maòlaýyndaky demir nyºana
baºam barmagyny degirdi. Soò ony çep elinde saklap
durºuna, sag eliniò irimçik barmaklary bilen sakgaly çala
ösüp ugran çekgesini owkalaºdyrdy.
- Atam
Ahala belli iºandy. Ejemiò, garryja enemiò aglaºyp, öýüò
içiniò uly yzlaºyk bolanyny, atamyò «Hä, häzir» diýip,
çäkmenini geýende elleriniò titreýºini garaòky burçda
galpyldap durºuma sypdyrman synlaýadym. Atam bir:- Goýuò,
sesiòizi, çagany gorkuzýaòyz... - diýdi-de, gelenleriò
öòüne düºüp, gara maºyna münüp gitdi. Öýmüz boºap galdy.
ªol
eýmenç gijeden soò esli aýlap, mümkin ýyllapdyr gorkup
gezendirin. Gorkyma dilim basylyp, tas sakawam bolupdym.
Ahyry enemden «Atam nirä gitdi? Haçan gelýä?» diýip, çala
sakawlap soradym. Enem aldajagam bolman ýeke agyz: «Ataòy
atdylar, oglum» diýdi-de, meni bagryna basdy. «Atdylar»
diýen söz özüniò elhençligi bilen beýnime ömürlik ok bolup
girdi. Diòe atam däl, ony dilemäge giden obada gepi
diòlenýän on-onki adamam dolanyp gelmändir. Olaò içinde
Sylabyò kakasam bar eken. Sylabyò kimdiginem ynha, aýdyp
bererin.
Kakam men
bäbekkäm, öýken keselinden ölensoò gözümi açyp görenim
atamdy. Ataçyldym. Mydam atamyò ýanyndan aýrylmazdym,
ýatamda-da bile ýatýadym. Oò döºüni örtüp duran ak sakgaly
bardy, adymam gysgaltman «Rejepmuhammet» diýip tutardy.
Atamyò äkidilmeziniò bir-iki gün öò ýany ýakymsyz, iòòildä
meòzeº basyk sese oýandym. Enemiò aglanyny heniz
görmändim. O ýaºymda her kimiò bir agysynyò, aglaýºynyò
bolýanyny nireden bileýin. Enem ak gyòajy bilen ýüzüniò
ýarysyny ýapyp, agysyny daºyna çykarmajak bolýardy. Onuò
aglaýanam diòe gözünden dynman akýan ýaºyndan bildirýärdi.
Atam ºonda: «Rejepmuhammedi turuzdyò. Ýazylandan gaçyp
gutulyp bolmajagyny sen bilýäò-ä» diýdi, gatyrganman,
käýinmän diýdi. Asla atamyò adama sesini gataldanyny
bilemok. Onuò ºeýle ýumºak adam bolanyny ulalamsoòam köp
eºitdim. ªol wagt welin, aýdanlaryna düºünmän
gözjagazlarymy petredip, geò galyp seredýändirin-dä,
baºymy sypalap «Ýatyber, oglum, ukla. ªujagazlaò görjegi
bir gowy bolsun» diýeni ýadymdan çykanok. Atamyò sesiniò
sandyraýºy ºindi-ºindem gulagyma geliberýä. Enemiò näme
üçin aglaýanyna-da, atamyò sesiniò sandyramasyna-da çaga
akylym ýetýämi?! Atam «ukla» diýdi – gözümi ýumdum. Indi
oýlanýan welin, ºo gün atama tutuljakdygynyò habary gelen
bolmaly...
Rejep
ýene uludan demini aldy. Kä garaòkylyga, kä aýagynyò
burnuna seredip, ellerini döºünde çilºirip, ýuwaºja ýöräp
gürläp barºy, ony bu wakalary maòa däl, onda-da telim
ýola, özüne gürrüò berýäne meòzedýärdi. Ol ýüzüni
galdyrdy-da:
- Hawa,
dos jan, ºeýle – diýip goýberdi welin, sesindäki gussadan
bokurdagym dolup gitdi.
Biz
«Azatlyk» köçesinò ugrunda salynan Akademiýaò owadan
jaýynyò deòine geldik. Beýle gürrüòleri birinji gezek
eºdiºimdi. Kitaphon bolamsoò beýle-beýle zatlar diòe
kataplarda bolýandyr, hakykatda adamlaò baºyndan
geçýändirem öýdemokdym. Rejep ikinji «Belomoryny» otlady:
- Birinji
parkyò içinden geçeli, soò Lenin bagynda bir salym
oturaýarys.
Onuò
sesinde ýaºyna geliºmeýän ýadawlygy duýdum. Ýogsa ilki
göremde, hyjuwy daºyna urup duran, ýörände aýagyndan ot
çykýan dogumly görnüpdi. Oòa baºlan gürrüòini dowam
etmegiò agyrdygyny aòsamam saklanyp bilmedim:
- 41-nji
ýylyò gürrüòini berjekdiò...
Arjanak
sypat pyýada gaºlaryny hasam çytdy. Ol:
-
Besdir-dä, 41-i baºyòa ýapjakmy – diýäýer öýdüp çekindim.
Emma, hakyna seredeniòde, bu gürrüò ýarsy aýdylyp goýuljak
gürrüò däldi. Rejep nälaç dowam etdi:
- Hawa,
tereziò bir gapdalynda 30 bilen 37-nji ýyl ýatyrka,
beýleki gapdalyna 41 mündi. Olaryò haýsysynyò agyr
gelenini bir Alla bilýä. «Uruº turupdyr» diýlenini
eºdenimden ýadyma düýºüm düºdi. Indi o düýºümiò
oraºandygyna sähelçe-de ºübhäm ýokdy. Obada erkek göbekli
bolsa topar-topar edip urºa äkidýädiler. Men düýºüm bilen
ýatyp, düýºüm bilenem turýadym. Çola ýerde gana boýaljak
elime, ok degjek böwrüme seredip oturýadym. Kän wagt
geçmän «öldi» habarlaram gelip ugrady. Menden üç-dört ýaº
uly Annaberdi aýagyny aldyryp geldi. Ol uruº gidýän
ýerler, ümmülmez tokaýlyklar barada aýdyp berýärkä, göz
öòümde düýºüm, agaçlyk ýerde atylyp öldüriliºim.
Annaberdiò jontaryp duran aýagyna her gezek gözüm düºende
ýüzümi sowsamam, uruºdan maýyp dolanyp gelmäge-de müòde
bir razydym. Emma ýaòy durmuºyò süýjüsini duýup ugramda
ölüp oturybermegi hiç aklyma sygdyryp bilmeýädim. Meò üçin
urºa gitdigim atuwa gitdigimdi. Gaçgak bolup daga-düze
çykaýmaga-da hyýal etdim, ýöne, gaçsamam tutulyp düýºümde
görºüm ýaly atyljagymy syzýadym. Mende „Uzak ýaºaryn,
ogul-agtyk görerin, atam ýaly ak sakgally garry bolaryn“
diýen sähelçe-de umyt ýokdy. Adam öljegini duýsa, ýoluò
gyrasynda ýatan daºam gözüne eziz görner eken. Göwnüme
ähli zat düýº, diòe ºol gören düýºüm hakykat. Gapymyzda
eken bir düýp tudum bilenem gujaklaºyp, hoºlaºyberesim
gelýädi. Ýok, ölümden gorkamokdym, ýagty jahandan
aýrylyºmakdan gorkýadym. Iò kyn ýerem, bu duýgularymy hiç
kim bilen paýlaºyp bilemokdym. Kimiò ýanynda dil ýarsam,
ýaòy murtuò garalanda ölmegiò nämedigini gözi bilen görüp
gelen Annaberdiò ýanynda-da agzasam meni gorkak, dowulçy
hasaplajagy belli. Men welin, dowulçam, gorkagam däldim,
biriniò duran ýerinde durjagymam bilýädim, her kimiò
irde-giçde ölmelidigine-de akylym ýetýädi. Meò diòe ýaº
ýigit, gujurly, ýüregim gursagymda gürsüldäp durka ölesim,
guma garylasym, çüýräp gidesim gelenokdy. Has dogrusy
ölmek hiç, ok deger nädip jan bereniòem duýmarsyò, ýöne
ºoòa tarap gitme-de iº bardy. Allaò iò uly keremi, meger,
ynsany geljegini bilmez ýaly edip ýaratmasydyr. Urºa
gitsem yzyma dolanyp gelmejegimi ºeýle anyk bilýändigime
hiç kimi ynandyryp bilmejegime-de gözüm ýetýä. Muny subut
etmek üçin urºa gitmeli, Orsýetiò gür tokaýlarynyò
birinde-de okdan ölmelidim.
- Aý, o
wagt hiç kimem uruºdan ölmän dolanyp geljegine ynanan
däldir-le.
Rejep
ýoluò gyrasynda ösüp oturan agajyò bir ýapragyny silkip
ýoldu-da:
- Hawa,
hiç kimem ölmejegine doly ynanan däldir, ýöne «belki...»
diýen bir umyt uçgunjygy her kimde bardy. Uçgunjyk
bolsa-da oò ýüregiòi nähili ýyladýanyny, diòe men, ºol
uçgundan mahrum adam bilýär, oòa düºünýär, edil çöldäki
teºnäò bäº damja süýji suwuò nämedigini biliºi ýaly.
Ýagtyò nämedigini kör biler, inim, gözli körçe bilmez.
«Gitdigim
gaýdyp gelmerin. Bu gün bolmasa, ertir alyp giderler.
Çopan bolup çöle gidäýsemmikäm? Çopanam bolsam äkiderler»
diýip kelle döwýädim. Birdenem milisge bolmak kelläme
geldi. Milisgä degenokdylar. Üstesine iýjegiò-geýjegiò
hökümediò hasabyna. Ýöne nädip milisä iºe girjek? Baranyò
bilen alaýýalarmy? Gel, diýip gujak açyp duran barmy?
Ýene
oturýan-oturýanda oda düºüberýän. «Indi ejemden, öýümizden
aýrylyp oturybermelimikäm? Ogulgüle öýlenip bilmän
armanlyja, gözümi açyp gidiberermikäm? Atam pahyr ºo gije
ýönelige «görjegi gowy bolawersin» diýip baºymy sypalan
däldir. O meò görjegimiò erbet boljagyny edil häzirki
syzyºym ýaly syzýan eken. Iºan atam janyò agzyndan boº söz
çykarmy?! «Menem okdan, senem okdan ölmeli boljak» diýdigi
eken» diýip içimi gepledýän. Diº agyrymyò aýrylyºy, atamyò
äkidiliºi, enemiò sessiz aglaýºy, özümiò atylyp
öldüriliºim, Ogulgül... bary möýüò kerepleri ýaly ºeýle
bir inçejik baglar bilen biri-birine baglanypdylar welin,
birine degseò ählisi birden yrgyldap, hereket edip daºyma
saralyberýärdi.
Özümden
sähelçe ýaº tapawutly Meretguly dagyò eline-de powestka
berdiler. Indi gezek biziòki. Meretguly bilen hoºlaºýan
welin, elini uzadyp, «Dos, aman gal, yzymyzdakylara
göz-gaº bolaweriò. Ýöne, senem bahym gitmeli bolaýmasaò.
Niçigem bolsa, ýagºylykda ýatla, saglykda görºeli» diýýä.
«Bolýa, sag-aman gel. Ejeò dagyny alada etme» diýip, syr
bermän gujaklaºyp hoºlaºýan, içimdenem: «Sen gaýdyp
geljegiòem bileòok, gelmejegiòem anyk bileòok. Kim
bilýär, belki, ölmersiòem. Ikimiziò aramyzda ullakan
tapawut bar Meretguly. Sen öòüòdäki geljegi bileòok, men
bolsa bilýän. Geljegi bilmegiò nähili agyr ýükdigini sen
bir bilsediò. Pygamberleriò göteren ýüküniò nähili agyr
bolanyna indi düºünýän» diýýän.
Atamam
atyljagyny iki gün öòünden anyk bilipdir, belki oòa biri
habar berip gidendir, onçasyny bilemok, emma atam meò
ýaly, közüò üstünde aýakýalaòaç byzbydyklamandy.
Arkaýyndy, parahatdy. «Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaz»
diýýädi. Aý, atamyòky hezil, ýetmiºden geçen, görjegini
gören garry. Men welin, ýaòy on sekiz ýaºymda. Meretgulyò
obadan çykaryp alyp barýan köne purgunda aýagyny sallap
oturºuna gitdigiçe daºlaºýan kepbe tamlaryndan gözüni
aýyryp bilmän barºy ºu günki ýaly göz öòümde. Mümkin, ol
baºyna düºjek her kynçylyga kaýyl, «Dolanyp gelerin,
inºalla. Kyrk ýyl gyrgyn gelse, ajaly ýeten öler» diýip
oýlanyp barýandyr. ªeýledirem. Ýöne meni alyp gitseler
beýle pikir edip bilmejegim belli.
Ahyry
baºga çykalga tapman, raýon merkezine gitdim. Milisgäò
naçalnigi Harçenko diýilýäniò ýanyna bardym.
Orsça-türkmençe garym-gatym edip, özümiò urºa gitsem
hökman öljekdigimi düºündirjek bolýan, neçelnigiò ýüregine
rehim indermäge dyrjaºýan. Rehim nire? Gaýta «Sen ýaº,
urºa esger gerek» diýýä. Gülümsiräp: „Bolmanda bize kömek
edip, jenaýatçy tutup beren bolsaò“ diýmesine-hä asla-da
nähili düºünjegimi bilmedim. Tutup eltäýer ýaly hany
ogurlyk edip ýören barmy? Adamlar aç ölýä, emma iliò
zadyna, kolhozyò harmanyna el uzadýan ýok. Gerek bolsa
ogry, haramzada-da gapyºar eken.
Rejep
gürrüòine dyngy berdi. Nirä gitjegini bilmeýän ýaly
sägindi. Menem ýanynda «Hakykatdanam öljegini ºeýle
aç-açan duýaýdymyka? Aý, gorkana goºa görnen bolaýmasa.
Urºa gitmek daýyòlara giden ýaly däldir, elbetde» diýip
oýlanasym gelýärdi welin, ol adamda gorkaklarda duº
gelmeýän içki güýji, gaýraty syzýardym. Özümiòem gulluga
diýip, otla mündürip alyp gidenlerinde Aºgabatdan
çykyberemizde erbet ýüregimiò gysyºy ýadyma düºüp gitdi.
Ors
bazarynyò günbatarsyny syryp ilerligine baýyrlyga tarap
uzap gidýän uly köçeden kä wagt bir geçip gidýän mele
«Pobeda» ýa-da gara «Zim» biziò ýolumyzy az salymlyk
gündizlik ýaly ýagtyldanda ýoldaºymy hasam merdemsi
görkezýän irimçik agzy, ýüzüne gelºip duran galyò
dodaklary, çala tüòòüräk burny, gaºlarynyò arasyndaky iki
sany çuò çyzyklara çenli bir pursatlyk aýyl-saýyl görnüp
gidýärdi. Içimden bolsa: «Näçe garadan gaýtmaz bolsaòam
uruº diýlen eýmendirýändir. Uly il gidensoò goºulyp
gidiliberilýändir-dä, ýogsa-ra...» diýip oýlanýan. Birden
ýoldaºym hyrra yzyna öwrüldi:
- Ýör,
«Gorka» gideli. Birazajyk garbanarys, gije uzakdyr.
Biz
Ýokary Sowetiò jaýynyò ilersindäki beýik üýºmek gum
depesiniò üstünde gurlan, Aºgabadyò iò meºhur
restoranlarynyò biri «Gorka» tarap ýöräp ugradyk. Rejep
ýene gürrüòini dowam etdi. Töwerek ümsümlikdi. Sagat ikä
golaýlaºyberipdi, ºäherde aýak ýygnanypdy.
Setanda-seýranda-da öòümizden adam çykanok. Garalºyp duran
arçadyr, ors agaçlary, iki gat jaýlar dymyºyp Rejebiò
gürrüòini diòleýän ýaly. Diòe ukusy tutan Aý, bu gürrüòi
öòdenem bilýän deýin, buludyò aòyrsyna geçipdir.
- Hawa,
ºeýdip, Harçenkäò ýanyndan lapym keç çykyp oba gaýtdym.
Her birinde sallançak uçubermeli üzümli haýatlaryò, daºy
saman suwag bilen suwalan pessejik palçyk tamlaryò gözüme
nähili mähriban görünýänini bir bilsediò. Ogulgülleriò
öýleriniò deòine ýetdim. Ogulgül diýýänim obaò iò owadan,
iò eli çeper, iò iºeòòir, iò mähirli, ejemiòem iò göwni
ýetýän gyzy. Oòa höwes etmedik eje, hiç kime aòdyrman
aºyk bolmadyk oglan bir barmydyka? «Uruº turmadyk bolsa,
belki, bu wagtlar eýýäm Ogulgüle öýlenerdim. Toý
ederdik... Bolmanda ºu wagt milisge eºikli, aýagym
aýnagonç ädikli, egnim pagonly barýan bolsam, çykyp
seretmese-de, penjirelerinden-ä jyklardy. Urºa gitsem,
gelýänçäm garaºarmykan-aý? ªu wagt ejemi gudaçylyga
ibersem diýip pikir edýän hemem öz niýetime özüm garºy
bolýan «Ýok, gaýdyp gelmen. Wah, ºo düýºi görmedik bolsam
bolmaýamy?» diýýän. Içimden igledip barýan bu pikirlerim
ºu ýere gelende birden sakga duranymam duýmadym. «Düýºümde
duýdurylan bolsam, diýmek çykalga gözle diýildigidir.
Çykalga-da bardyr, hökman bardyr. Ýogsa, o düýºüò manysy
näme?» diýen pikir kelläme gelende tisginip gitdim. Näme
men çykalga gözlämokmy diýsene, ýöne hany çykalga?
Gaçgaklyk etjekmi? Gumuò jümmüºinde ýyllap ýaban ýatjakmy?
Iýjegiòem töweregiòi talap tapjakmy? Beýdip
namartlanymdan-a urºda ölenimem gowy. ªeýdip, telbe diýseò
telbe däl, sag diýseò sag däl – özbaºyma düòderlip, düòle
bolup ýörün. O wagtlar kolhozyò ekinine suw tutýadym. Bir
günem aladaòdan egnime pilimi atyp obadan çykyp,
ekinçilige tarap ugradym.
Rejep
ýene gürrüòiniò arasyny böldi. Biz «Gorka» ýetdik. Mark
Bernesiò «Garaòky gijesi» gijäò asudalygynda uzaga
ýaòlanyp gidýärdi. Naharyò ýakymly ysy burnumyza urdy.
Rejep öòde, menem yzynda howlukman ýokaryk çykyp ugradyk.
Beýige galdygyòça ºäher aºaklap eliò aýasynda ýaly görnüp
barýar. Ýer yrananda-da ýykylmadyk un kombinatynyò
çyralary görünýä. «Birinji maý», «Azatlyk» köçeleriniò
yºyklary uzaga uzap gidýä. Biziò ýaºaýan ýerimiz - «Gaža»
diýilýän garaòka bürenipdir. Çen bilen biläýmeseò,
görünýän zat ýok. Gündogar tarapymyzda Lenin bagy. Leniniò
ýadygärliginiò çyralarynyò yºygy töweregindäki agaçlaryò
baºyna jähek çekip, owadan görkezýä. Arman Leliniò öòüni
arçalar tutupdyr. Restoranda adam ýok diýerlik. Kyrk-kyrk
bäº ýaºlaryndaky bir harby ors adam ýanyndaky özünden has
ýaº görünýän zenan maºgala bilen bir zadyò jedelini edýär.
Saryýagyz dolmuº pyýadanyò gowy serhoºdygyny dym gyzyl
bolan ýüzi aýdyp dur. Oò bilinde sapança görünýärdi.
Megerem, ulyrak organ iºgäri bolarly. Iki sany ýaº türkmen
ýigitlerem, özleri deò-duº rus gyzlary bilen çetki
stollaryò birinde otyrlar. Wagtal-wagtal olaryò gülki
sesleri aýdymam basyp gidýär. Oglanlaryò egnindäki ak
ýüpek matadan tikilen ýakasy nagyºly ukrain köýnekleri
hasam akjaryp ýagta ýalpyldaýar. Bolany. Baºga adam ýok.
Tans meýdançasy boº. Dogrusy, meò restoran diýlen ýere
birinji gezek gelºimdi. Özümem öýdeçildim welin, üstesine
oglundan zady gysganmaýan puldaryò oglam däldim. Rejep
welin, edil öýlerine gelen ýaly arkaýyn. Ofisiant gyz ony
görüp, ýyrºaryp, göni bize tarap gaýtdy. Bizem boº
stollaryò birine geçip oturdyk.
-
Taneçka, garbanar ýaly bir zat getir. Onsoòam... – Rejep
iki barmagyny birikdirip ºyrkyldayp goýberdi. Yºarata
düºüº gyz derrew yzyna ýumlugaýdy.
- Hawa,
ºeýle dos jan. Sen gowy oglan bolarly, düºbi serediºiò
bar. Birhili ýüzüò ýakymly.
Garaºman
durkam agam ýaly adamyò beý diýmesine gyzaryp gitdim. Ol
meò gyzaranymy görüp hasam göwnihoº güldi. Oòa çenli
ýelgamak ýaly gyz iki sany kotlet bilen arak getirdi.
Rejep:
- Dos, ºu
gün men-ä garºy bolmasaò ýüz gramjyk içjek. Ýöne sen içme.
Niçigem bolsa iº wagty ikimizden birimiz bir içgili
bolmaly – diýip bulguryny doldurdy.
Rejep
nahara baºlamanka bir bulgury boºatdy. Oturgyçda oturmak,
çarºak bilen nahar iýmek aýbogdaºyòy guraga-da saçakdan
bir kesemen ýylysy gitmedik, ysy janyòy alyp barýan
çörekden döwüp, bir jam çekdirmani öòüòe alan ýaly
bolmasa-da birhili dereje berýädi. Beýige çykdygyòça
howa-da hasam durlanýan bolarly, gije owadandy. Men
araksyzam özümi arºyò bäri ýanynda oturan hasaplaýardym.
Üstesine-de Aºgabadyò merkeziniò asudalygyna seretmek
ynanylan adam.
Birden
Rejep barmagyny asmana çommaltdy-da:
- Aý ýene
maòa bir zatlar diýýä. Bilýäòmi o näme diýýä? – diýip
gussaly ýylgyrdy.
Onuò
ýylgyryºynda ºadyýanlygyò sähelçe ýokundysam ýokdy.
Lowurdap duran alyn diºlerine asla kybap gelmeýän
ahmyrdan, armandan doly gözlerine bakmagam agyrdy, olara
bir gözüò kaklyºansoò aýyraýmak ondanam kyndy. Ýoldaºymyò
barmagyny çommaldan tarapyna zordan gaòrylyp seretdim.
Ýokaryk çykanymyzdanmy ýa öòündäki bulut syrylandanmy
dolan Aý hasam ýagtylan ýaly görünýärdi. Hakykatdanam bir
zatlar diýäýýäne-de meòzemän duranokdy.
-
Azara-da galma oòa düºünmersiò. Gowsy, gürrüòiò yzyny
diòle. Onnoò aladaòdan suw tutmaga barýadym. Edil ºu günki
ýaly ýazyò günüdi, daòyò reòki üýtgeºik, tämiz howa, dünýä
täsin saz çalýar. Meni welin, bu gözellik gysyp-gowurýar.
Günlerimiò sanalgydygyny ºeýle bir syzýan welin, edil
Ezraýyl bilen tirkeºip ýören däldirin öýdemokdym.
Egnimdäki pili aýlap ýere urup göni daga tarap
tutduryberesim gelýär. Obadan çykyberendirin-dä öòümden
egni köne güpbüli, saç-sakgaly ösen arryk uzynak biri
çykdy. Deòinden geçiberjek bolsam: - Eý, Rejep! – diýip
gygyrýa ýaòky. Bir bada daòyò ümüº-tamºynda gözüme
görünäýýärmikä öýtdüm. Aljyrap nätjegimi bilemok. Ýogsa
ony gygyran badyna tanadym. Ol menden iki ýaº uly,
ilerrägimizde ýaºaýan Sylapdy.
-
Saglykm-ow! Oba-gara gurgunçylykmy? Men Sylap how,
nätdiò-aý, tanamadyòmy? Men zordan, sakawlap:
- Sylap,
sen-maý? Hany... sen... urºa gitmediòmi? – diýdim.
Sowalyma Sylabyò ýüzi sallanaýdy:
- Aý,
obamyzy, ejemi-kakamy göresim, olar bilen ýekeje käse çaýy
bile içesim geldi. Gaçyp gaýtdym. Didarlaryny bir görsem,
soò yzyma barjak – diýýä. Gulaklaryma ynanmadym. Uruº näme
obaò mekdebimi gaçyp gaýdyberer ýaly.
- Gaçyp
gaýtdym diýýäòmi? Uruºdanmy? – diýip gaýtalap soraýan
welin:
- Hawa.
Aý ýarym bäri ýolda. Hernä tutulmadym. Hany gel,
elleºeli-le, how – diýip meni gujaklady.
- Sen
tutularynam öýdeòok-la? Arkaýyn gelýäò... – diýip henizem
gözlerime ynanamok. Ol bolsa:
- Rejep
jan, gaçyp-bukulyp gören günümi it görse gözi agarar. Ýöne
indi obama geldim-ä. Hanhajykka öýmüz. Onnoòam meò gaçgak
gezmek niýetimem ýok. Öýümiziò ysyny bir gursagyma
doldursam bolýa, soò „Yzyma iberiò“ diýip özüm barjak –
diýýä.
Birden
Harçenke neçelnigiò „Bolmanda bize kömek edip, jenaýatçy
tutup beren bolsaò“ diýeni aòymda ýyldyrym çakan ýaly
bolup gitdi. Ine, saòa jenaýatçy. Sylap welin, ºonça ýoly
tutulman geçensoò edil obasyna gelende tutularyn diýip
pikirem edenok. Onda-da menden beýle zat çykar öýdenok.
Ikimiz elimiz sapanly eriklikde, baý, sar tutandyrys. Ol:
- Seýidem
öldi. Bile topçy bolduk... Öýlerine habar etmeli. Ýa habar
aldylarmy? – diýdi. Men öz niýetim bilen baºagaý oò näme
diýýänine düºünmedim:
- Kim
Seýit? Ataly agaò oglumy?
- Hawa.
Aý, Rejep dos, uruº ýaman zat. Onuò erbetligini göz
öòüòe-de getirip bilmersiò. Seýit neresse elimdejik jan
berdi. Özüò nähili, ejeò ýagºymy? – diýende onuò
ýüz-gözüniò garaört bolany gözüme ildi. Neressä nebsim
agyryp gitdi. Hany, saglyk bolsun.
Rejep
ikinji bulguram göterdi. Bir salym dostuna duºuºyny
täzeden kinoda görýän ýaly göz öòünden geçirýän bolarly,
öòündäki naharyna tiòkesini dikip dymyp oturdy. Soò
nahardan datman diýen ýaly ýene bir bulgury boºatdy.
- Nirde
galdyk? Hä, o menden hal-ahwalymy sorady. – Heniz-ä
äkidenoklar. Sen çyndanam ýene yzyòa, urºa gitjekmi? –
diýip niýetimi akylymda aýlaýan. Asylam Sylap türk,
ynanjaò oglandy welin, ºonda-da ony sepini bildirmän aldap
ele salmalydy. Oò tutuljagy belli, esasy zat hiç kime
ýetirmän özüm tutmalydym. Neresse boýnuny burup:
- Dagy
alajyò näme? – diýip, naýynjar maòa seretdi.
Men
pilimi beýläk, ýoluò gyrasyndaky çaýyrlyga zyòdym-da elimi
Sylabyò egnine atdym.
- ªonça
ýoly geçip, tutulman gelipsiò indem yzyòa gitjek bolma,
dost. Bilýäòmi, men Harçenkäni tanaýan. Milisgäò neçelnigi
Harçenke. Ikimizem milisä iºe gireli. Milise boldugyòam
urºa alynmaly däl diýip kagyz berýäler. Özem häzir gideli.
Öýüòize barsaò, miliseler gelip tutup alyp gitseler erbet
bolar. Ýör gideli, Harçenke gowy adam. Oò saòa rehimi
iner, yzyòa ugratmaga dözmez – diýip saýrap baºladym.
Sylap
maslahatymy bir bada akylynda aýlap bilmedi. Bagtygaraò
obasyna, obadaºyna, onda-da bile oýnap ulalan dostuna
duºanyna akly baºyndan uçupdy. Men ikinji gezek Harçenke
bilen dostdugymy aýdyp, ynandyrmaga çalyºdym. Kerep
aýlaýan möý kimin oò bir sagyna, bir çepine geçýän.
Dogrusy, ºo wagtky aýdanlarymy ºu wagt gaýtalabam biljek
däl, edil biri agzyma salyp berýän ýaly, aýtjagym öz-özi
dilime gelip dur. Sylap nätjegini bilmän ýaýdandy. Ol
obasyna gelipdi. Öýlerine-de ses ýetim galdy, ýöne meò
aýdýanlarymam ony imrindirýä.
- Öýe
barsaò, oturyp-oturmankaò ejeòi agladyp südürläp alyp
giderler... Urºa gitmän bärde galyp bolsa oòa ýetesi zat
barmy? Elimiz kagyzly geleris welin, adymyzy tutan bolmaz.
Görýäò-ä ºu wagta çenli meò urºa äkidilmeýänimem Harçenkäò
arkasyndan. Ýöne bu gep ikimiziò aramyzda galsyn. Ýaman
gowy adam. Özem türkmenleri ºeýle gowy görýä. Ýör, gideli.
Biz barýançak olam iºine ger, ýör – diýip arkasyndan itip
diýen ýaly öòüme salyp raýon merkezine alyp ugradym. Sylap
aldanýandyryn, dosty äkidip tutdurar diýip göwnüne-de
getirenok. ªeýle gowy, ýüregi arassa, sada oglandy-da.
Onuò „Tutuljak bolsam ýolda tutulardym, indi geldim“ diýen
düºünjesine ºeýle bir berk ynanºy, meò urºa gitsem ölerin
diýip ynanºymdanam berk bolmasa, gowºak däldi. ªonda-da:
- ªu wagt
göni gidibereli-maý. Bolmanda salamlaºyp bir... – diýip
gaòrylyp-gaòrylyp obamyza ýetimiò serediºini edip,
özelenip seretdi welin, ýüregim jigläp gitdi.
- Sen
dogrudanam o Harçenke diýýäniòi gowy tanaýaòmy? – diýýä.
Menem:
- Hawa
how. Tanamasam seni äkiderinm-aý. Näme maòa-da
ynanaòokm-aý? – diýip gaýta ony götünogry edýän. Ahyry:
- Aý,
ýör. Kysmatda näme bolsa görübiris-dä. Seniò diýeniò
bolsun Rejep dos – diýdi.
Biz
tirkeºip raýon milisiýasynyò jaýyna bardyk. Sylaby daº
iºikde goýup, özüm naçalnigiò ýanyna girdim. «Gaçgak tutup
getirdim» diýdim. Gökden düºen ýaly bolup duran naçalnige
zordan ýagdaýy düºündirdim. Maòa düºünen badyna-da
naçalnik telefony galdyrdy, gözümiò alnynda gaçgak ýigit
Sylabyò goluny arkasyna gaòyrdylar. Neressäò bar diýeni:
- Dost,
bu näme etdigiò boldy?!
- Sen...
öòi-soòy yzyma gitjek diýdiò-ä...
Ol jogap
bermän ýüzüme tüýkürdi. ªeýle dos.
Içgidenmi
ýüzi birhili agaran ýaly görünýän Rejep aýna küýzejikdäki
iò soòky aragam bulguryna guýup, ýüzüniò ugruna içdi,
tarelkasyndaky kotletden sähelçe bölejigi agzyna saldy.
Garºymda oturyp dostuny satyºyny aragyò arasynda gürrüò
berip oturan bu adama näme üçindir ýigrenç bilen garap
bilmeýärdim. Ýöne, dogrusy, öòkim ýaly gözügidijem
seredemokdym. Özüne çekiji, milisiýaò iºgärine däl-de
kompozitoramy ýa-da dagyò eteginde ýaºap, çagalaryny aw
awlap ekleýän, hiç kime garaºsyz, ile-de kän goºulman
özbaºyna ýaºap ýören adama meòzeýän bu kiºi hakynda aòymda
düºnüksiz duýgular döreýärdi. Dogry, urºa gidäýmegem aòsat
däldir welin... Onuò öòündäki naharynyò ýarsynam
iýmändigine gözüm düºdi. Gazly limonady owurtlap oturºyma:
- Soò
nähili boldy. Sylap ejesi, kakasy bilen görüºip bir
bildimi? – diýdim.
- Soòmy?
Soòuny ýör daºarda gürrüò bereýin. Ýör Lenin bagyna
gideli-le. Näme üçindir ºo bagy aýratyn gowy görýän.
Biz
ýerimizden turanymyzda ak ýüpek köýnekleri garaýagyz
ýüzlerine gelºip duran oglanlardyr sary saçlary çyraò
yºygyna hasam altyn öwüsýän saryýagyz gyzlaram öò
ýanymyzdan aºak düºüp ugradylar. Olary synlap, Rejebiò
gürrüòini berýän günleriniò barmak büküp sanaýmaly ýyl öò
bolup geçenine-de ynanmak kyndy. Biz ýuwaºlyk bilen
gündogarlygyna Lenin bagy diýilýän, duºuºylýan, dynç
alynýan, gül goýulýan, Aºgabatda uludan-kiçä her kimiò
belet ýerine tarap ýöräp ugradyk.
- Hawa,
ºeýdip, Harçenko gaçgagy ele salandygy üçin sag bolsun
aldy, o-da meni iºe. Sylap ejesi, kakasy, jigileri bilen
otla mündürilende görüºipdir. Özüni ugratmaga gelen
garyndaºlaryna:
-
Didaryòyzy görsem razydym, çaý içip oturmagam nesibämde
ýokdur-da. Dolanyp gelmesem gandarym Rejepdir –
diýipdir. Dolanybam gelmedi. ªeýdip gan bergili boldum.
Milisä iºe girenimden ejemem alyp raýon merkezine göçdüm.
O wagtlar enem pahyr-a dünýeden ötüpdi. Niçigem bolsa
Sylabyò gan algysyny almaga gelen bolmady. Ogulgüle-de
öýlendim.
Ýyllar
geçiberdi. Urºam gutardy. «Uruº gutardy» diýlende her kim
begenendir ýöne men ölümi ýeòenime begenjimi hiç zat bilen
deòär ýaly daldi. Indi maòa okdan ölmek ýok. «Boljak iºe
çäre barmy» ýa-da «Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolýamy»
diýlenini eºitsem gülküm tutup, zordan özümi saklaýadym.
Tutuljagyna gözi ýetip durka-da gaçmaga hyýalam etmedik
atam, saòa akmak diýerler. Atam bolsaòam, näçe okumyº iºan
bolsaòam, öte nadan ekeniò. Sowatsyz adamlar-da. Ýöne seò
ynjydan adamyò-a bolmandyr. Diòe nadanlygyò üçin
atypdyrlar. Ýöne adamy nadanlygy üçin atjak bolsaò, Ýer
togalagynda adam sany sanaýmaly bolaýmasa. Dogrusy,
«Ýazgyt» diýýäniòe düºünmeýºim ýaly, atylºyòa-da
düºünemok. Düºünmeýän nadan boljak bolsa, onda menem
nadan. Ýöne eýläòe-beýläòe seretmänkäò geçip barýan ömürde
ömürden gymmat zat ýok – ºon-a bilýän. Hawa, senem
öljegiòi bildiò, menem. Muny öòünden bilmek uly
jogapkärçilik, agyr ýük. Ýöne sen «ýazgyt», «kysmat»
diýip, onuò çözgüdini Allaò boýnuna atdyò. ªoò üçinem
rahat, parahat öldüò, men welin, ony öz boýnuma aldym.
Ahyram uruna-uruna diri galdym. Tüýkürse tüýküribersin
Sylap ýüzüme. Ynanmasyn. Kim oòa gaçgak halyòa öldüriljek
göle ýaly yzyma düºüp milisä bar diýdi? Ýeri ejesi bilen
bir käse çaýy içdi näme, içmedi näme? Öýüniò ysyndan
kükregini doldurjakmyº. Öòi-soòy tutup alyp giderdiler.
Muòa ýaºaýyº üçin göreº diýýäler. Göreº bar bolsa ejizem,
akmagam bolaýmaly.
Rejep
durdy-da göni gözümiò içine seredip:
- Aýt
maòa, dünýede jandan eziz zat bamy? – diýdi. Soòam badyny
saklap bilmeýän, beýikden aºak gaýdan ýük maºyny ýaly
jogabymy eºitjegem bolman ikinji soragyny berdi:
-
Bilýäòmi, bu zatlary saòa näme üçin gürrüò berýänimi?
Men näme
diýjegimi bilmän ýaýdandym.
-
Öòi-soòy muny saòa ýetirerler. Üstüni dolduryp, owadanlap,
«Aý, ºo dämi, jan ýaly dostuny tutduryp, milisgä girip
uruºdan galan züwwetdin» diýip, agyzlaryndan tüýkülik
syçradyp, lezzet bilen gürrüò bererler. Beý diýsem, her
täze geleniò öòünden çykyp Sylaby tutdurºymyò kyssasyny
aýdyp ýörendir öýtme. Näme diýseler ºony diýsinler, kimiò
züwwetdindigini özüm gowy bilýän. Bar, düýºümi beýlede
goýaly. ªonda men näme etdim? Halanmaz, döºümden itiler,
yzymdan hyºy-wuºy gürrüòler eder ýaly näme etdim? Hawa,
ölesim gelmedi. Kimiò ölesi gelýä? Her kim baºga alaç
tapman urºa gidýä. Men alajyny tapdym, ºoò üçin günäkärmi?
Ol akmagy öòi-soòy tutjakdylar ahyryn, özem gaçjak däldi.
Ellerini
ýumruklap, birden ot düºen ýandaga dönen pyýada, edil ºoò
ýalam tapba dymdy. Biz bir sellem sesimizi çykarman
gitdik. Soò ol hetjikläp:
-
«Durmuº - ýaºaýyº üçin göreºdir!» ine, akylly aýdylan
söz. Oýnamaga oòa Karl Marks diýmeýäler – diýdi. Rejep
atasy bilen gürleºýämi ýa öz-özüne eden iºiniò dogrudygyny
subut etjek bolýarmy – düºüner ýaly däldi. Ýöne ol meni
unudana meòzeýärdi. Birden ol sakga durup, ýene Aýa tarap
barmagyny çommaltdy-da:
-
Aýdaýynmy Aýyò näme diýýänini? Ol «Gaçanam Alla diýer,
kowanam» diýýä – diýdi.
Içen
aragy kellesine uran, gözleri köçe yºygynyò ýagtysyna
hasam gyzyl, öçüksi görünýän Rejep hahahaýlap güldi. Onuò
gülküsi ümsüm, ses-sedasyz gijede hasam ýakymsyz eºdildi.
-
Bilýäòmi, milisede hem ogry-jümrüleò arasynda ýörgünli bir
gep bardyr: «Tutulmadyk ogry däl» diýýändirler.
Men indi
içgili pyýada bir zadyò üstünden barmasa kaýyl bolup
baºladym. Garaºyºym ýaly, ol syrtyndaky gaýyº gapdan
sapançasyny çykardy. Aýyò ýagtysyna nili lowurdap duran
sapançany onuò elinde görüp süòòüm gowºady. Aýaklarymda
ysgyn galmady. Rejep welin, göwni bir ýaly onuò tutaryndan
içi okdan doly magazini aldy. Onuò içindenem dört sany oky
eliniò aýasynda goýdy-da «gör» diýýän äheòde maòa tarap
uzatdy.
- Ine,
men ºu okdan, gurºun gülleden ölmelidim, düºünýäòmi? Sen
muòa düºünmersiò. Aslynda, bu zatlary saòa nähak ýere
gürrüò berdim.
Onuò
aýasyndaky oklara jadylanan ýaly seredýädim. Ol gysymyny
gysdy. Onuò kiçijikkä bugdaý dänelerini gaçyrmajak bolup
gysymyna gysyp barºyny gören ýaly boldum. Ol az salymdan
aýasyny açyp oklary howlukman yzyna, magazine dykyºdyrmaga
durdy:
- Sylaba
welin, çynym bilen minnetdar. Ogulgüle öýlenenim, abraýly,
goragly, ýanyò ýaragly iºim, uruº ýyllary iºimiò
arkasyndan uly il iýere zat tapman sarun iýende-de horluk
görmänim, her ºatlygym, begenjim, hatda gülküm üçinem
minnetdar. Elimden gelsedi, ol akmaga ýadygärlik
galdyrardym. Inijik, seò ýüregiòe düºäýen-ä däldirin?
Bagyºla, bir azajyk içdimem, joºdumam. Öòem biri «Içýänime
içim ýanyp içýän» dýýämi, menem ºoò ýaly gürleýänime içim
ýanyp gürleýän.
Ýene az
salym sesimizi çykarman ýöredik. Aý zergär kimin dünýä
altyn çaýýardy.
-
Özümiò-ä ýüregime düºdüm. Pikirlenip görsene – tutulmadyk
ogry däl, gaçanam Alla diýer, kowanam. Bolmanda gaçýan
ºeýtany çagyraýjak ýaly-da welin, gör, ikisiniòem Alla
diýºini. Ikiòem ºol bir zada sygynýan bolsaò, onda
gaçmakda, kowalamakda näme many bar?! ªeýle dälmi? Näme
diýselerem olaryò biri dilinde Alla diýse-de ýüreginde
ºeýtany çagyrýandyr-laý. Aý, esasy zat ele düºmeseò
boldugydyr-da. Munuò Allasam ºol, ºeýtanam. Menem Alla
diýdim, Sylabam. Bir adamyò ºol nälet siòmiº urºa
gatnaºany-gatnaºmany bilen üýtgän zat bolarmydy? Bolmazdy.
Emma säwlik bilen bagty getirip bir adam diri galdy. Ol
adamdan soò ýurdyò ykbalyna täsir edip biljek ogul dogaýsa
näme diýersiò? Bolup biljek zad-a, ºeýle dämi?
Ýoldaºymyò ýeke özi ýene hahahaýlap myrtar güldi-de, soòam
esli wagt dymdy. Belki, meò bir zat diýerime garaºandyr.
Dogrusy, menem indi onuò dymanyny kem göremokdym. Emma ol
uzak dymmady. Bilmedim, eýýäm näçinji çilimini
otlanýanyny, otluçöpüò çöpüni ýanyp gutarýança elinde
saklap, onam birinji gezek görýän ýaly synlap durºuna:
-
Bilýäòmi, biziò çagamyz bolanok. Öýlenenim sekizinji ýylyò
içi, ne ogul, ne-de gyz – hiçisi – diýdi. – Barmadyk
dogtarymyz, etmedik emimiz galmady. Ahyry ejem osmakladyp,
Sylabyò garry ejesini razy etmelidigimi aýtdy. Bir palçy:
«Birini gaty erbet ynjydypsyòyz, ºoò razyçylygyny
almasaòyz perzendiòiz bolmaýa» diýipdir.
Gitmejek
bolup kän gezdim. Soò öz göwnüme-de palçyò gepi dogry ýaly
boldy durdy. ªol wagtlar Sylabam düýºüme girdi.
Düýºümdirem öýtmän, derrew oò bilen razylaºjak boldum. O
welin, razylaºmady «Git, ejemi razy et» diýdi. Hopugyp
oýandym. Bu düýºden soò birden-birden dünýäni unudyp,
asmandan gaçan ýaly, ähli zady geò görüp, akylym haýran
oturmany çykardym. Ogulgül görgüli «Näme bolýa, gyýw,
saòa?» diýse-de «Aý, bilmedim, töweregim, bar zat düýº
ýaly» diýýän. Gijeler oýanyp, «Wah, ºu wagt enem jan
gelsedi, meni Bibi Patma janyò ýoluna çykarsady, biziòem
ýekeje çagamyz bolsady. Ogul gyz diýjek däl, öýden bir
arlygyò ysy gelsedi» diýýän. Mesele çagada-da däl. Çaga
meniò üçin çaga däl, aklygymyò delili. Çagam bolsa Sylabyò
meni bagyºladygy, Allaòam günämi geçdigi boljak...
Perzentsiz gugaryp ýörsemem özüm üçinem, uly il üçinem men
ýakasy gaýyºly, ýüzi gara... Düºünýäòmi ejem osmakladyp,
aòar ýaly edip maòa Sylaplara gitmelidigimi emaý bilen
düºündirýä. «Sylabyò ejesiniò ýüregine bitmejek ýara
saldyò, git isle janyòy alsyn, isle-de bagyºlasyn»
diýenok. Ogulgüliò sesini çykarman serediºini bir
görsediò, ejemiò osmakladanam müò paý gowy eken diýersiò.
ªeýle bir ýowuz, geçirimsiz, ahmyrly seredýä, ýöne ýeke
agyzam dil ýaranok. Bolmanda adam: «Bolar, iºalla, sabyr
edeli» diýer. Men göwünlik beren bolsamam artykmaç bir zat
dilinden sypar öýdüp gorkýan ýaly, derrew gürrüòi
üýtgedýä. Gijelerine ºeýle bir ýüregim gysýa, hiç uklap
bilemok. Içimde bir zat üzülip barýan ýaly. Ony üzmejek
bolup, büküdip, aýaklarymy ýygnap düýrügýän. Gaýta,
nobatçylyk etsem ýene ýagºy. Ýöne näme üçindir ºu gije
beýleki gijelere meòzänok. ªeýle bir içimi dökesim gelýä,
sen bolmadyk bolsaò garalyp duran arçalara, asmandaky Aýa
gürrüò bererdim... Ahyry oba gidip, Sylabyò ejesini
görmegi ýüregime düwdüm.
Häzir
ýazyp otyryn welin, Rejebiò bu zatlary gürrüò berýärkä
wagtal-wagtal çüòke gabalan möjek ýaly öçli serediºini,
birdenem gözleriniò ejizligini görkezmejek bolup obadan
çykyp, ölümine garaºyp ýatan garry köpegiò boºan, agyr
gussadan baºga ähli zatdan boºan öçük gözlerini, käte
janygyp ellerini galgadyºyny, käte-de ysgyn-mydaryny
ýitirip ädiklerini zordan ýerden göterºini, baºga-da onuò
içindäki harasadyòmy, agyòmy, alaçsyzlygyòmy daºyna
çykyºyny görkezýän zatlary ýazyp bilmeýändigimi duýýan.
«Gorkadan» arasy bäº ýüz metrden daº däldir welin, ýedi
menzili aºan ýaly bolup ahyry Lenin bagyna-da geldik.
Sosna agaçlary elektrik yºygynyò ýagtysyna hasam goýy
ýaºyl görünýär. Çyraò yºygynyò alarak düºýan oturgyçlaryò
birinde oturdyk. Rejep indi meniò ýüzüme-de seredenokdy.
Ýüregindäki azary egismegiò ýerine, gaýta, derdiniò
agralýany görnüp durdy.
- Hawa,
ahyry obamyza gitdim. Milise eºikli gideýin diýdim. ªu
eºigem özüme gorag edinen bolýan. Ýagy bilen garpyºjak
ýaly – syrtymda-da pistoledim. Obamyz tanar ýaly
bolmandyr. Ýer yranandan soò täze ýurda göçüpdir.
Hatar-hatar jaýlar. Tok çekilipdir, krandan suw akyp dur.
Annaberdi agsagam kolhoza baºlyk bolupdyr. Garaz,
soraºdyryp Sylaplara bardym.
Sylabyò
ejesi Amanbibi eje garrapdyr, gözleri kütelipdir, meni
tanamady. Kim bilýär tanasy gelmedigem bolsa belli däl.
Gapylaryndan «Salowmaleýkim» diýip girenimden ýalòyºanymy
bildim, ýöne yzyma dolanmaòam ebeteýini tapmadym. Niçigem
bolsa, tanaýan däldir diýip: «Meni siziò ýanyòyza Rejep
iberdi. Amanbibi eje razy bolsun, meò baºga alajym ýokdy
diýdi» diýen boldum. Pahyr «Kim Rejep?» diýýä-dä. Menem
näme diýjegimi, nädip düºündirjegimi bilemok, näme «Ogluòy
tutdyran Rejep» diýeýinmi? Hernä birden özi içini çekip,
«Hih! Omy?» diýdi. Ol «Hihi» eºdenimden awtomadyò okuna
tutan bolsalar beýle yza çekmezdim. Sakawlap «ªeýtmese, oò
özünem urºa aljak ekenler... razy boluò, Amanbibi eje»
diýdim. Ýer ýarylmady, men girmedim. «ªu diriligimden urºa
gidip ölenem bolsam gowy bordy» diýen pikir ilki gezek
Sylabyò ejesiniò öòünde oturkam oòurgamdaky ýülüklerimi
sanady. Görgüliò garryja, horja barmaklarynyò sandyraýºyny
bir görsediò. Adam ýaly binamys mahluk ýokdur. Hany turup
gidip bilsem, gara dere batyp, ölübilmän otyryn.
«Hä, oò
bilen bile iºleýäòmi? Bilýän janym. Indi hemmesine-de
düºünýän. Neressämiò kysmaty ºeýle bolmaly, okdan ölmeli,
ýat ýurtlarda galmaly eken. Ýogsa, ºonça ýoly geçip,
tutulman-gapylman, gapyò agzyna gelende-de ºoòa
duºaýmalymy? Boljak iºe çäre ýok diýleni. Ýöne bir
didaryny ganyp-ganyp görüp bilmedim, käsejigine çaý guýup
berip bilmedim, ºoòa neme edýän. Alla ony gorajak bolup,
Sylap jana ºonça ýol geçirenem bolsa bize bilme ýok. Allaò
iºine akyl ýetýämi, köºek. Kä wagt ýeke özüm çagamy ýatlap
oturýan-oturýanda pikir edýän, her zat göwnüme gelýä.
Kakasy Iºan jan atamyzyò yzyndan gidip – gelmedi, çagamam
agtygy üçin ºeýle boldy. Iºanyò itinem bihal görme
diýilmänmi, o-da Iºan janymyzyò agtygydy-da. «ªehit çagam,
oòa sebäpkär bolup, sogabyny artdyrandyr, belki» diýibem
özümi köºeºdirýän. Öòi-soòy ölmeli. Ömür diýlen ölüme
barýan ýodajyk ýalydyr-da, janym. Ýöreseò gutarmajak ýol
barmy?! Ýolunyòam, ýodasynyòam sadagasy bolaýyn, ýöne
berenje ýolunda azaºdyrmasyn. Razydyryn, men ölýänçäm oba
göçüp gelmese bor...»
Amanbibi
ejäò keçäò gülüni gasyn-gasyn bolup giden süýem barmagy
bilen dyrmap, baºyny galdyrman aýdan bu sözlerini
diòlänimden soò ºo ýerde takga janym çykaýmalydy –
çykmady, turup gaýtdym. Mundan-a agamyzyò ganyny aljak
diýip inileriniò biri böwrümden ak saplyny geçiren
bolsady... Görgüliò ogluny, Sylap dostumy ikinji gezek
öldüren ýaly boldum. Ak gyòajam daòynypdyr welin, edil
garry enem-dä. Öwrüp-aýlap itsiòem diýip goýberdi. It
bolsaò it diýilersiò-dä. Ýeri bir käse çaýy guýup berdiò
näme, bermediò näme, iki arada bir adam ölümden gutuldy
ahyryn.
Sylaplardan bolsa iki-üç tamy geçendirin-dä, öòümden
keýtikläp, bir goltugy piºekli Annaberdi çykdy. Nädeýin,
salam berdim.
-
Sen-maý, bäh, ölme-de ýit diýleni – diýip gaýta-gaýta
gaýtalaýa, elini kölegelidip baºdan aýaga synlaýa. Adam
bir hal-ahwal sorar. Meò birden erbet gaharym geldi. Ýok,
Annaberdä däl, ähli zada. Oò jonnuk aýagyna, öz aýagymyò
abatlygyna, ölmänligime, ölmeýänime... Degen ýerini iýip
barýan aºgar ýuwudan ýaly boldym – içim eräp gitdi. Diòe
boºlukda dar agajyndan asylan kimin ýüregim hallan atyp
dur. Ýoknasyz ýylgyrdym-da:
-
Ölübermeli bormy? Menden mesiò gözi çyksyn. Özüò
horlanypsyò-la? Iº känmi? Baºlygam bolupsyò, tüweleme,
gutly bolsun. ªähere düºýänsiò-ä, habarlaºaýaòogam. Öýe
gelsene, könäni ýatlaºarys, oturarys – diýip, üstüne
süründim, götinogry etdim.
Meò
bihaýalgymdan indi ol haýa etdi. Birhili müýnürgedi.
- Aý,
hawa... Iºem kän... – diýip ýere bakdy.
- Iºe
gutarma barny, Annaberdi. Aý, Sylaplara bardym...
Ýeri nirä
baranyòy kim soraýa diýsene, yzyny düºündirip bilmän
dymdym. Annaberdem gep tapmady. Ahyry ýene özüm:
-
Bolýa-da, saglykda görºeli – diýip ýolumy dowam etdim.
Obadan
saýlanyp sähel ýörändirin-dä, birden ýalt edip ýoluò
gyrasyna seredenimi duýman galdym. Bir wagtky suw tutýan
pilimi taºlan çaýyrlygymy göräýerin öýtdüm. Göwnüme pilim
oklan ýerimde ýatan ýaly, öòümdenem egni köne güpbüli,
saç-sakgal basan Sylap çukaýarly göründi. Çyksady, öòüne
düºüp öýlerine alyp barsadym, ejesine buºlasadym. Soòam
bile urºa gidip, gar ýassanyp bileje ölsedim. Emma
çaýyr-da galmandyr, pilem. Diòe öòki öýmüziò ýeri garalyp
bildirip dur. Ekenje tudumam öòküsi ýaly ýapraklap otyr.
Gaýta ýognapdyr, ulalypdyr. Onuò sagdynlygyna gözüm gitdi.
Atamam ºo ýerden tutup alyp gidipdiler. Diºim agyranda-da
enem bilen ho tarapa gidipdik...
Hawa,
garaz obamyzdan bahymrak daºlaºanymy kem görmedim. ªol
wagt niredendir bir ýerden çykan ykmanda köpegem alkymyma
geldi-de ýüzüme jiòkerlip duruberdi. Hor düºen itiò myrtar
sypatyndan dünýäm öòküsindenem beter daraldy. Oò periºan,
betnyºan pormysynda özümi gören ýaly boldum. „Ýit!“ diýip,
ýerden kesek almak üçin egildim. It seòkildäp gaçmak
bilen boldy. Menem papagymy piserdip ºähere gidýän uly
ýola tarap haýdadym. Syrtymdaky pistolediò gatysam
endamyma batyp gidýärdi. Ony çykaraga-da çekgämden ýeke
oky goýberäýesim gelýärdi hem hakykatdanam ºeýdäýerin
öýdüp, adamly ýola garºy ýelkidikläp, aýak aldygyna
ýöreýärdim. Indi seredýän welin, Amanbibi eje meni
bagyºlady, bagyºlamady, hatda oglum bolaýanda-da, aslynda,
üýtgejek zat ýok eken. Oglumam atasynyò kimdigini ýaºyryp
ýaºar. ªol oglum, oglumyò oglam bir hata iº ýa jenaýat
etse, «Bulaò atasy ºeýdip diri galandyr, dünýede hasapsyz
zat ýokdur» diýiljegi belli. Meò jenaýatçylara gözüm
gidýä. Olar berlen ýyllaryny oturyp türmeden çykanlaryndan
soò «Elim bilen etdim, egnim bilenem çekdim» diýip
bilýäler. Maòa welin ne jeza bar, ne amnistiýa – kyýamat
ahyra çenli... Hatda Amanbibi eje-de «Razydyryn» diýýä...
Ýeri
Annaberdide näme günä bar?! Sen özüò ºeýle durmuºy saýlap
aldyò. Indi bigaýratla, mert dur, çyda, çydama – öz iºiò.
Her kimiò ömründe özüne kesýän bahasy bar, ºol bahaòam
diriligiò bilen ölümiò arasyna atylan köpri. Sen ºoò
üstünden ýöräp, o tarapa geçmeli. Mesele diri galmakda
däl, ölmegi baºarmakda eken. Atamyò bilýän, meò bilmeýän
zadym ºol eken...
Rejep
esli salym dymyp oturdy. Näme diýjegimi bilmesemem dymyºyp
oturmak agyrdy.
- Oba
gidip-geleniòe kän wagt geçdimi?
- Ýok. ªu
gün üç gün.
Rejep
birhili ajy ýylgyryp maòa seretdi-de:
- Entek,
Sylabyò ejesiniò razyçylygyndan soò çagamyzyò
boljagy-bolmajagyny bilere wagt geçenok – diýdi. Soòam
egilip ýerden bir daºjagaz aldy-da elinde oýnan bolup, ony
garaòkylyga zyòyp goýberdi.
Birden
ýadyma Rejebiò iºdeº ýoldaºyny halas edenini okanym ýadyma
düºdi. Muny agzap agzamankam ol agzymdan kakyp aldy.
- Ýok, o
baºga. O wagt özüm ölerin öýdüp sähelçe göwnüme-de
gelenokdy. Düýºümde men okdan ölüpdim.
- Ýogsa
öljegiòi bilen bolsaò götünjeklärmidiò?
- Ýok.
Dogrusy, o göz açyp ýumasy salymda boldy. Oýlanara,
ýaýdanara maý bolmady. Bilip janymy orta goýanam bolsam bu
wakalaryò biri-birine hiç hili baglanºygy ýok. Meò ýerime
kimem bolsa ºeýderdi. Sylabam «meò ýerime kimem bolsa
satardy» diýen ynanjym ýeke-täk halasgärimdi. Jähenneme
barýanyòam ýoldaº araýany gaty çyn eken. Uruº ýyllary muòa
hasam berk ynanýadym, ýöne ýaºadygymça bu ynanjymyò
salgymdygyna, gaçybatalgadygyna düºünýän. Düºündigimçe-de
boýnuma öz elim bilen salan syrtmagym dartylýar. Bar, muny
etjek köp ekenem-dä, million bolsun, Sylaby satyp uruºdan
galmajak ýekeje adamam tapylmasyn, ºonda-da özümi nädeýin?
Gaýta, indi bir bigaýrady görsem içimden «ªu-da meòòaly
satardy» diýýän-de, öòkümdenem çuò gorpa ýykylan ýaly
bolýan. Ýalan sözläp nädeýin, ºu wagta çenli «ªul-a
arkaýyn, ikirjinlenmän urºa giderdi» diýjek adamyma az
duºdum. Bu dost, adamlaò erbetliginden däl, urºuò
erbetliginden. Bolmalysam ºeýle. Adaty ynsanyò öz ganynam,
baºga biriniò ganynam meýletin dökesi gelmeýä. Urºasy
gelmeýäne «dönük», «gaçgak» diýýäler. ªol urºy
turuzýanlara welin «ýeòiji», ýaman etse-de «ýeòilen»
diýýäler. Setanda-seýranda saýlantgy merdi göremde-de
ýüküm ýeòleýändir öýtme. Ondaky ýykylýan gorpum, belki,
beýlekiò çenem däldir. Meò ýalòyzlygymy, kim bilýä,
dowzaha atylanyò ýalòyzlygy bilen deòeºdiräýmeseò...
Rejebe
näme jogap berjegimi bilmedim.
- Ol
gyzylja bugdaý dänelerini guºlar ýeke-ýeke çöpländir,
garynjalar hinlerine daºandyr. Meòem uly iliòki ýaly diºim
agyrsa, bir gije gören düýºüme ºeýle ynanmadyk bolsam.
Atam atylmadyk bolsa, belki, takdyr diýilýäne agtygynam
ynandyrardy. Urºa-da giderdim. Kim bilýär ölmän dolanybam
gelerdim. Ölmedim-ä, urºa gidenem bolsam ölmezdim.
Ähli
zady, Sylaby tutduranymam delile getirýän, ýöne oò
ejesiniò ýanyna gidenimi welin, hiç bagyºlap bilemok. Indi
garrap ölýänçäm her gije diýen ýaly Sylaby tutdurºymy,
ejesiniò keçäni dyrmap oturºyny göz öòümden kowjak bolup
ýörmelimi? Meò bar edenim Allaò ýaradan dünýesini, beren
diriligini söýdüm. Ähli kiºiden aºa söýdüm. Meò günäm –
ºol söýgim.
Obadan
öýe gelsem, ejem bir tarapdan, Ogulgül beýleki tarapdan
ýüzüme siòe-siòe serediºýäler, gönüläp soramakdanam
çekinýäler. Sesimi çykarman içki jaýa geçip, eºigimi
çalºyrmaga durdum. Birdenem milise eºigimi ºeýle bir
ýigrendim, nädip ony aýagymyò aºagyna alyp depelemäge
baºladym. Edil nähilidir bir ýakymsyz, etiòi iýip barýan
mör-möjegiò hininiò üstünde direge daòylan mysalydym.
Mör-möjekler aýaklarymdan ýokaryk dyrmaºýan, menem olary
aºak kakyºdyryp depeleýän ýaly, duran ýerimde
depirjikleýärdim. Olar ºeýle bir kändi. Ýogyn pürse
saralgy bolamsoò gaçybam bilemokdym. Diºimi gyjap,
eºigimde arym köýen kimin depeläp durºuma: «Bagyºlady,
«razydyryn» diýdi. Oba göçüp gelmeseò bor» diýdi. Iºanyò
item bihal däldir» diýdi» diýip gygyrýan. ªonda-da içim
sowamady. Kirli eºik ýuwanyò bilen gaýdyp täze bolmaýar.
Öò segsen ýaºamazlykdan gorkýadym, indi segsene çenli
ýaºap ýörmekden...
Rejep
ýüzüni tutdy. Az salym ºeýdip oturdy. Birdenem baºyny
galdyryp Leniniò ýadygärligine tarap ümledi-de:
-
Ýok-laý, hon-ha akylly adam. Durmuº hakykatdanam göreº.
Ýazgydyòam ºol, kysmatyòam, takdyryòam. Göreº – ýeò, ýene
göreº – ýene ýeò. Ölýänçäò göreº, öleòsoòam, çüýrär
gidersiò. Ynha, durmuºyò manysy, ynsanyò bu pyrlandyrylyp
goýberilen dünýä gelmesiniò maksady. ªonda-da
ejizlenäýýä-dä... – diýdi. Biçäre ýigidiò gözünde ýaº
göründi. Niçigem bolsa, ýoldaºymyò ýüzüne seredip bilmän,
ol «göreºjeò» adamy öò görmedik ýaly ýadygärlige bakdym.
Ýeòiýoluklaò serdarynyò elini Gündogara tarap uzadyp
durºy-durºudy. Birdenem onuò elini uzadýan tarapyndan bir
zenanyò orsçalap «Kömek ediò!» diýip gygyrýan sesi
eºdildi. Rejep zöwwe ýerinden galdy-da ses çykan tarapa
ylgady. Menem iki ädim yzynda. Gykylyk bagyò garaòky
burçundan, sosnalaryò arasyndan gelýärdi. Rejebiò
sapançasyny çykaryp, gürmege girenem ºoldy welin, «tark!»
edip tüpeò sesi çykdy. Ol böwrüni tutup öòüme ýykyldy. Ony
tutubam ýetiºmedim. Oòa çenli saryýagyz maºgala çirkin
gygyryp ýagta gaçdy. Onuò turup gaçan ýerinde harby eºikli
ýognas kiºi eden iºine puºman edip, baºyny tutup otyrdy.
Ol gaçjagam bolanokdy. Aýyò ýagtysyna onuò hälki
restorandaky harby eºikli gyzyl pyýadadygyny tanadym.
Sapançasam gapdalynda ýatyr. Ondan elli bizar Rejebe
ýapyºdym. Rejebiò böwrüni tutup duran eli ganyna
boýalypdyr. Biçäräò baºyny galdyrdym. Ol kepän dodaklaryny
müòküldedip çalaja: «Ok... ok...» diýip gaýtalady. Soòam
bar ysgynyny jemläp ýene «Ok! Ata...» diýdi-de täsin
ýylgyrdy. Elimde jan beren ýigidiò gözlerini ýumdursamam
ýüzünden bu ýylgyryº aýrylmady.
|