| Maýa
Jumanyýazowa
Türkmen halylarynyò dünýä
akyl ýetiriº esaslary
Gadymy
nagyºçylyk däpleri türkmen halkynyò halylarynda aýdyò
ºöhlelenipdir. Ol kem-kemden haly nagyºlarynda sungat
derejesine ýetmek bilen, baºky durkyny üýtgetmän
saklanypdyr. Gadymdan gelýän däbe ºu hili wepalylygyò
özüne ýetesi sebäpleri bar. Bu ýagdaý haly dokamaklygyò
dünýä akyl ýetiriº esasy bilenjemgyýetiò çeperçilik
däplerininò baglaºyklylygy netijesinde emele gelipdir.
Sungatyò özüni
döreden jemgyýetiò ideologiýasyny beýan edýändigi hiç kime
gizlin däl. Bu ýagdaý haly barada aýdylanda-da
ºeýle. Onuò formasam, mazmunam jemgyýetde agalyk sürýän
ideologiýa tabynlyk roluny oýnapdyr.
Halynyò
ideýa mazmunyny açmak jemgyýetdäki çeperçilik stilini
düºündirmäge ºert döredýär, mundan baºga-da, türkmen
halyçylyk sungatyndaky ideýalaryò nesilden-nesle geçip
gelºine göz ýetirmäge ýardam edýär.
Munuò
üçin baºga ºol sungaty döreden halkyò dünýä akyl ýetiriº
sistemasynyò häsiýetli taraplaryny aýdyòlaºdyrmak
zerurlygy döreýär. Halyny dördeijileriò diýseò özboluºly,
üýtgeºik stilleri musulmançylykdan öòki döwürde ýüze
çykmak bilen, ol belki-de, skifleriò sungatyna ýakynlaºýar,
onuò bilen bir kökden gaýdýan bolmagy-da ähtimal.
Skif
halklarynyò dünýä akyl ýetiriºleriniò esasynda hindi-eýran
halklaryna mahsus bolan köp sanly ynançlar ýatyr. Olary
birleºdirýän zat – ynançlar sistemasynyò birmeòzeºligidir.
ªol dünýä akyl ýetiriº meòzeºligi netijesinde dörän sungat
barada alym S. Rudenko ºeýle diýýär:
« ... ol sungat ähli deò hem elýeterli bolupdyr. Onuò
güýji ºonda bolmak bilen, ägirt ulu territoriýadaky
birmeòzeºligi-de ºunuò bilen düºündirilýär».
Umumy görnüºde
skifler (saklar, dahlar, massagetler, alanlar, sarmatlar,
eftalitler) diýlip atlandyrylan gadymy çarwa-çomry
taýpalaryò türkmen halkynyò kemala gelmeginde oýnan
rollary ylymda subut edildi. Olaryò durmuº obrazlary-da
Türkmenistanyò ilatynyò soòky döwürlerdäki ýºaýyºlaryna
meòzeº bolupdyr.
Gadymy döwürde
ýaºan ýerli ilatyò eýran diline meòzeº ºiwede
gepländikleri bize belli. ªeýlelikde, ºol halklaryò
sungatlaryndaky meòzeºlik obrazlardyr simwollaryò
ýakynlygy olaryò pikirleniºlerindäki umumylyklaryò
netijesidir. Häzirki türkmenler üçinem hut ºonuò ýaly
pikirlenme mahsusdyr.
Öòi bilen,
skifleriò, soòra bolsa türki halkaryò mifleriniò esasynda
türkmen halkynyò haly nagyºlarynyò esasynda ýatan
obrazlardyr simwollar sistemasy barada pikir öwürmek
mümkin.
Skifleriò
Lipoksaý, Arpoksaý hem Kolaksaý atlandyrylan üç dogan
baradaky belli mifinde dünýäniò dikligine üç gatlakdan
ybaratdygy barada aýdylýar. Iò ýokarky gatlak – asman,
ortaky gatlak – dag, aºaky gatlak bolsa – suw hem ýer.
Skifleriò Targitaý atlandyrylan hudaýy Asman hem Zemin
atly hudablaryò nikasyndan doglupdyr.
Olaryò iò körpe
dogany Koleksaý skifleriò ilkinji patyºasy bolupdyr.
Ilatyò ynanjyna görä, ony skifleriò ýurduna Gün ýollapdyr.
ªonuò üçinem, skifler Güne sežde edýärler. Olaryò ynanjyna
görä, Gün – durmuºyò kuwwatyny hem soòsuzlugyny aòladýar.
Mundan baºga-da, Gün skiflerde harby edermenligiò simwoly
hökmünde görlüpdir.
Güne sežde etmek
hem onuò bilen baglylykda geçirilýän hasyl baýramçylygy
Eýranda Ahanemitler eýýamuynda gabat gelýär. Hasyl
baýramçylygy Parfiýa Nusaýynda-da geçirilipdir. Muny pil
süòkinden ýasalan ritonlaryò ýüzüne oýulyp çekilen durmuº
sahnalaryndanam bilmek bolýar.
Skif halklarynyò
dünýä akyl ýetiriºleri belli-belli predmetlere ýa-da
tbeigat hadysalaryna çokunmak bilen bagly bolupdyr. Olar
ºol zatlaryò gudratly güýjüne ynanypdyrlar. Skifler Gün
üçin ýörite ymarat salyp, çöp-çalamdan ägirt uly
mährap-gurbanlyk berilýän ýer edinipdirler. Mährabyò
ýokarsynda hudaýyò simwoly bolup hyzmat edýän köne demir
gylyjy – akinagy goýupdyrlar. Oòa her ýyl ýabylary, iri
ºahly mallary hem her ýüzünji ýesiri gurban beripdirler.
Ol harby hudaý hasaplanypdyr...
Taryhçy Strabonyò
ýazmagyna görä, massagetler ýokary häkimiýet eýesi bolan
atly-derejeli adamlar jaýlanan mahaly atlary Güne gurbn
beripdirler.
Eýran
mifologiýasynda Gün esasy hudaý hasaplanyp, ony asmanda
dört sany ak at goºulan kolesnisada (iki tigirli ýeòil
söweº arabasy) hereket edýär diýip, göz öòüne
getiripdirler. Atlara «ýyndam», Güne bolsa «ýyndam atly»
diýlip häsiýetnama berlipdir. Mundan baºga-da, Günüò
hereketi guºuò (bürgüdiò) tizligi bilen deòeºdirilipdir.
Gün – haç, tigir,
at, guºuò bir bölegi – bularyò bary eýran hem türki dilli
halklaryò arasynda gadymy döwürlerden bäri Günüò
simwolikasy hasaplanylyp, durnukly häsiýetleri bilen
tapawutlanypdyrlar.
Orta Aziýanyò
gadymy döwürde atçylygyò hem çapyksuwarlygyò ýokary
derejede esasan ýurdy hasaplanýandygy bellidir. Orta
Aziýanyò «asman atlary» baradaky maglumatlar hytaý sene
ýazgylarynda duº gelýär. Awestada-da çarwalaryò hem
çapyksuwarlaryò – turlaryò durmuºy aýdyò suratlandyrylýar.
Zoologiýanyò
barlaglary ºol gadymy atlaryò tohumy bilen häzirki meºhur
ahal-teke hem garabaýyr atlarynyò meòzeºligini ýüze
çykardy.
Skifleriò
miflerinde dagyò ortaky dünýäni aòladýandygyny, adamyò
bolsa – «asman atlary» bilen berk baglanyºyklydygy
gyzyklydyr. ªu ýerde türkmen gahrymançylykly eposy bolan
«Göroglyda» baº gahrymanyò atynyò dagda, gowakda
saklanýandygyny belläp geçesimiz gelýär. Bu ýagdaý Orta
Aziýanyò daglarynyò özboluºly keramatly ýer
hasaplanýandygyna güwä geçýär.
Pazyryk halysynda
atlylar bilen birlikde dört hem sekiz sany simi bolan
tigir görnüºli iki belgi-de ºekillendirilipdir. Günüò
simwolyny hem dünýäniò dört tarapyny aòladýan ol belgiler
ºol halynyò bagyºlanylyp dokalan adamynyò patyºadygyny
alamatlandyrýan bolsa gerek.
Haç – dini simwol
hökmünde gadymy dünýäniò ähli ýurtlarynda bellidir. Günüò,
bol hasylyò, oduò simwoly bolan haçyò ilkibaºdaky ähmiýeti
barada dürli çaklamalar bar. Demirgazyk Amerikanyò
indeýlerinde haç – hormat goýulýan dört sany tebigat
hadysasy bilen baglanyºyly, dünýäniò dört tarapynyò
simwolyny aòladýar. Türkmen halkynyò kemala gelmeginde
önjeýli rol oýnan skif halklary ºol simwollary kabul
edipdirler.
Güni – Ody
alamatlandyrylýan dürli görnüºli ºekildäki haçlar gadymy
hem antik döwürlerde gözden-dilden gorap saklaýan
däp-dessur predmetlerine bezeg hökmünde dakylypdyr...
Pazyryk halysynda
adamlaryò, atlaryò, realistik ºekilleri bilen birlikde
kwadratyò içine çekilen guºlaryò ºekilleri-de gabat
gelýär. ªunuò bilen baglylykda, Pazyryk halysyndaky
guºlaryò ºekillerini türkmen halylarynda ulanylýan «gaz
aýak», «guº yzy» ýaly nagyºlaryò aòyrsy hasaplamak bolar.
Ähli simwollar
türkmen halylarynda häzirki günlere çenli saklanyp
galypdyr. ªundan çen tutup, ärsary, teke, ýomut, çowdur
halylaryndaky guºlaryò ºekilleriniò Ýokary Hudaýyò
simwolydygy barada pikir öwürmek mümkin. Olarda guºlar
dürli görnüºlerde – geraldiki formada, ganatlaryny ýaýyp
duran görnüºde, köp halatda bolsa guºuò haýsam bolsa bir
bölegi ºekillendirilýär. Guºlaryò bütewi ºekli diòe harp
görnüºinde gabat gelýär.
Skifleriò hem
soòraky türki halklaryò miflerinde kwadrat kysymy ºekiller
Ýeriò çäkliligi baradaky ideýany tekrarlaýar. Älemiò
çäksizligi baradaky ideýa bolsa Gün arkaly aòladylýar.
Günüò reòkiniò somwolikasy – gadymy halklarda gysyl geòk
hasaplanypdyr. Türkmen halyçylyk sungatynda gyzyl reòk köp
görnüºlerde ullanylýar. Olaryò arasynda açyk gyzylam, ülje
görnüºli goýy gyzylam bar.
Tekeleriò «guºly
göl» atlandyrylýan nagºynda bir gölüò içinde 24 guº
ºekillendirilen. Ol bir urugyò agzalaryna ylahy güýjüò
geçmegini aòladýar. Çowdurlaryò «örtmen göl», ýomutlaryò
«dyrnak», «kyrk ºah» ýaly nagyºlary-da ºol ideýany
tekrarlaýar.
Gadymy adamlaryò
düºünjesine görä, ol ýa-da beýleki jandarlaryò güýji
urugyò agzalaryna geçýärmiºin. Totemlere ynanmagyò
alamatlaryny türkmen jemgyýetinde häzire çenli saklanyp
galan teke, düýeji, tilki, tana we baºga-da birnäçe
tire-taýpa atlarynda-da görmek bolýar. Taryhçy
Reºideddiniò ýazmagyna görä, 24 oguz taýpalarynyò 4
adamdan ybarat her toparyna ýyrtyjy guºlaryò biri totem
hökmünde berlipdir...
Ýokarky
aýdylanlardan çen tutup, türkmen halysyny – dünýäniò milli
obrazy hasaplamak mümkin.
|