Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir HADYS


 

 


 
JEMGYÝET

GÖKDEPEGAHRYMANÇYLYK DESSANYNYÒ ÝAZYLAN ÝERI

1881-nji ýylyò 12-nji ýanwarynda ir bilen 11 sagat 20 minutda 1 tonna 120 kilogram därini galanyò gündogar böleginde partladyp, oòa girmäge mümkinçilik gazanan rus goºunlary eýýäm 12 sagat 30 minutda galanyò içinde aljyraòòylyga düºen adamlary uçdantutma gyryp ýördüler. Duºmanyò 1 million 140 müò oky bardy. Ol oklar galanyò içine ýygnanan 45 müò çemesi türkmene garºy atylmalydy. Elinde sowuk ýaragdan baºga idili söweº esbaby bolmadyk her türkmene 25 okdan ýetýär. 23 günläp gabalan galanyò içine 872 müòden gowrak tüpeò oky we 120 müòden gowrak top oky atylypdyr… ªahyr Gurbannazar Eziziowyò sözleri bilen aýtsak bir baºa bir ölüm ýeterlikkä, bir baºa 25 ölüm artygrak dälmi?

Ýöne gala ýygnananlar Watan üçin bir gezek däl, 25 gezek ölmelem bolsa taýýardylar. Olar muòa boýun alykdylar. Olarda esasy maksat Watan üçin jan bermek, ºehit bolmakdy. Olar Watan üçin, ar-namys üçin gara baºy gurban etmegiò diòe sözde däl-de, durmuºda nähili bolýandygyny görkezipdiler. Bu bize ata-babalarymyzdan galan iò uly baýlygyò, iò gymmatly mirasyò biridir. Olar bize Watany söýmegiò asyl nusgasyny goýup gitdiler...

Maglumatlar www.eyho.8m.net -den alyndy


SANLAR we MAGLUMATLAR

  • Birinji ahal-teke ýöriºinde ors goºunlaryna ýolbaºçylyk eden Skobelew ekspedisiýanyò düzüminde habarçynyò bolmazlygyny birinji ºert edip goýupdyr.

  • Gökdepäni zabt etmek üçin gelen goºunyò:

    • 45 rotasy,

    • 11 ýüzlügi we eskadrony,

    • 11 raketa stanogy,

    • 76 topy,

    • 5 müòe golaý tüpeòi,

    • 150 put därisi,

    • 1 million 140 müò patrony,

    • 30 müòe golaý snarýat we granatlary bolupdyr.

    Gökdepäni goraýjy türkmenleriò bolsa bary-ýogy 600 sany rus berdankasy (1879-njy ýyldaky uruºda olja alnan) bar eken.

  • Basybalyjy güýçler guma gaçanlary yzarlap 15 wýorst ýol geçýärler. Kowgy wagty 8 müòe golaý adam öldürilýär. Gala zabt edilenden soòra, onuò içinde 6500 jeset jaýlanýar.

  • Boýy 600 sažen, ini 366 sažen bolan, içine 14 müò öý, 40 müò çemesi ilat ýygnan kiçijik galanyò içine gabawyò 23 gününiò dowamynda 872 müò patron, 12400 top oky atylypdyr.

  • Diòe gala zabt edilip alnan güni 5604 top top oky, 224 raketa, pyýada goºun tarapyndan 273 müò ok, atly goºun tarapyndan bolsa 12500 patron atylypdyr.

  • Gala alnandan soò 4 günläp talaòçylyk yglan edilipdir.

(N. Hojageldiýewiò «Skobelew milli gahrymanmy ýa-da...» atly kitaby esasynda).


Boýy 600 sažen
, ini 366 sažen bolan,
içine 14 müò öý, 40 müò çemesi ilat ýygnan
kiçijik galanyò içine gabawyò 23 gününiò dowamynda
872000 patron, 12400 top oky atylypdyr.
 

 


General Skobelew Gökdepe gyrgynçylygyndan soò
bary-ýogy bir ýyl ýaºaýar.
 


 


LEW TOLSTOÝ SKOBELEWE ÇÜRT-KESIK GARªYLYKLY GARAÝARDY

«Uruº we parahatçylyk» romanynyò awtory rus ýazyjysy Lew Tolstoý general Skobelewe çürt-kesik garºylykly garan ºahsyýetleriò biridir. Tolstoý öz ýazgylarynda «Gökdepäni eýelänlerinden soòra, esgerleriò goragsyz garrylary we çagalary talamaga we öldürmäge gitmedikleri üçin, Skobelewiò olara arak berilmegini buýrandygyny, diòe  ºondan soò serhoº bolan esgerleriò talaòa gidendikleri» barada ýazýar.

Basybalyjylar esasan garrylardan, aýallardan we çagalardan bolan guma gaçan bosguny yzarlap 15 wýorst ýol geçýärler we 8 müòe golaý goragsyz adamlary öldürýärler.

Galanyò içinde bolsa 4 günläp talaòçylyk yglan edilýär.

Bu wakalaryò esasy sebäpkäri ganhor general Skobelew Gökdepe wakalaryndan soò uzak ýaºamaýar. Ol bary ýogy 1 ýyldan soò 1882-nji ýylda ýüreginiò çat atmasyndan ýogalýar.

( http://www.levtolstoy.org.ru/lib/sb/book/1889/page/38 )

Резко отрицательно относился Толстой к наиболее популярному из полководцев конца XIX в. - М. Скобелеву. Он рассказывал, как "после взятия Геок-Тепе, когда солдаты не шли грабить и убивать беззащитных стариков, детей, Скобелев велел напоить их пьяными, и они пошли" (27, 273, 524, 53.9; ср.: 28, 248; 39, 75).


Ýusup Gojuk

Gökdepe galasyndaky söweº

(roman)

Terjime eden: Ylýas Amangeldi

(okamak üçin)

 

 


 
 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak