Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XX asyr türkmen edebiýaty
Gurbannazar Ezizow

Söýgi

(Sonetler çemeni)

I

Ömrüò agajyndan düºüp dur günler,
Günler ömrüò eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün ºäher däl - gaýdyp gelere.

Her kimiò geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz
Seniò ruhuò bilen ederin mydar,
Meniò bar ruhumy direlden serwim.

Ýolumyzyò çatak düºeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi merdem,
Uruºdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.

Düºüò, ýatlamalar, köòlüme häli,
Saralan ýapraklaò düºüºi ýaly.

II

Saralan ýapraklaò düºüºi ýaly,
Solgun ýatlamalar giripdir köòle.
Uçurdyò eliòden arzyly ýary,
Indi bir ýatlamaò söhbetin diòle.

Köpler kimin duºmasam-da ýara men,
Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliº.
Päklige düºündim ºo duýgy bilen,
ªoò bilen baºlandy iò gözel durmuº.

Duýmadym ºoò bilen gussa-gaýgyny,
Soradym halyòy her bir geçenden.
Öòde-soòda iò päk - asyl duýgymy
Alyp çykdym suwuò, oduò içinden.

Ýollar kimin uzap barýar bu günler,
Ýollarda duºuºýar aºyk göwünler.

III

Ýollarda duºuºýar aºyk göwünler,
Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary.
Gysdy penjesine ölümli günler,
A men, näme üçindir, ýene-de diri.

Buguò eteginde ýazyldym ýere.
Öldüm. Soò seretsem, ýene-de diri.
Berliniò öòünde öldüm men ýene.
Öldüm. Soò seretsem, ýene-de diri.

Seò bilen ýylyndym çygly zeminde,
Seò bilen, eý, meniò ºatlygym, görgim.
Ähli ölümleri öldürdim ºonda,
Özüm üçin, hemem seò üçin, serwim.

Töwerek gümmürdi, töwerek däri.
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.

IV

Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary,
Özi bolsa gidip otyr ummana.
Indi seni baky dünýeden bäri
Görüp biläýjegim örän gümana.

Ýöne mahal-mahal iòrik garalyp,
Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar,
Azaºan ýolagçyò geýmine girip,
Meniò söýgim meniò gapymy kakýar.

Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:
Köòül arzuwyna ýetme ýok.
Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,
Ýaºamagam iki gezek berlenok.

Her günüò - bir ömür, bir uly sene -
Söýgi günleriniò adaty, ine.

V

Söýgi günleriniò adaty, ine:
Her günüò - açyºdyr,
her günüò - ºatdyr.
Onuò algebrasyn çözersiò. Ýene
Birini ýazansyò, ikisem ýatda.

Meniò söýgim ºeýle kämil çykypdyr,
Eger sen dönäýen bolsaòam daºa,
Söýgim gursagyòa girip, diýerdi:
“Sen meni ýaratdyò. Indem sen ýaºa!”

Bir gösem-ä, saòa elim ýetenok.
Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý.
Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly,
Ikimize welin, ýeterlik olar.

Ýatlama-da sary, gussa-da sary.
Yºk lezzeti köòli guçýar günsaýy.

VI

Yºk lezzeti köòli guçýar günsaýy,
Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara.
Baglaò pyntyk ýaryºy deý mart aýy,
Ähli duýgularyò pyntygyn ýarar.

ªeýdip, mana düºer ýigdekçe, ine.
Nädogry ýaºaýºy birden sazlaºar.
Düºüner ol Aýyò gözelligine,
Lukman bolup güller bilen sözleºer.

Aºyk ýigit bilen söhbet açma kyn:
ªol wasp eder ýerdäki aýyn.
Demigip gürrüò biýr saòa günuzyn,
Ol uzyn gijä-de taýyndyr, taýyn.

Köòül öwºün atmaz yºkyò ugruna,
Aºyklar duºmasa biri-birine.

VII

Aºyklar duºmasa biri-birine,
Bir deòze guýmasa ol goºa derýa,
Ähli umyt siòer ýeriò ºoruna,
Ähli geljek göni geçmiºe barýa.

Men seni soraglap gezýän dünýäni,
Seni tapjak bolýan ºamu-säherden.
Bu gün bu ºäherden otla münýärin
Taparyn diýp baºga oòat ºäherden.

Sorag belgisi deý garaòky gökde,
Egri aý soragly bakýar gözlerme,
...Ýyldyzlar uzakda, ºeýle uzakda,
Uzaklygy çalym edýär gözleròe.

Ýürekler almasa söýgüden paýy,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.

VIII

Dogmajak ýalydyr güni hem aýy,
Aºyk ýigit aýra düºse ýaryndan,
Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy?
Bu ýeke-täk ýolmy ýollaò baryndan?

Söýgi hasrat däldir.
Ýürekde dörän,
Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak.
Men söýgini belent göterdim örän,
Misli maòa tabºyrylan al baýdak.

Men ölerin.
ªeýdip mazaram dörär.
(Alaç barmy - tebigatyò emri bu).
Söýgim gelip mazaryma büdürär
Hem bir ädim uzaldar meò ömrümi.

Söýgim gözýaº döker üstümde günde,
Her hal säher tüm çetinden jyklanda.

IX

Her hal säher tüm çetinden jyklanda,
Suwy süýjän alma kimin daò atar.
ªeýdip ýarym dünýe gezen, ykmanda
Günüò mis naýzasy zemine ýeter.

Sen meniò bagtymmy ýa meniò gaýgym?
Bagtymmy?
Gaýýymmy?
Ony kim bilýär.
Seslen sen, seslen sen, eý meniò söýgim,
Saòa oòat sözler aýdasym gelýär.

Men sensiz ºatlykda ýaºadym, arman,
Örän köp ºatlykdan ýadadym - irdim.
Seni tapsam, ºat ºäherde ornuò bar.
Gussa ºäherimi bagta öwirdim.

ªonda bagtym üste uly gün dogar,
Rugsat berenden soò haýbatly horaz.

X

Rugsat berenden soò haýbatly horaz,
Baºlar baky urºy “ýok” bilen “baryò”.
A men sen barada ýazaryn gazal,
Oòarsam gussamy ilden gizlärin.

Öterin men ähli deòizden, otdan,
Goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym.
Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan,
Seni söýüp, soòra mertlik gazandym.

Döredi özümde gomlaryò beýgi,
Ýeòdim men olary ýeòºi deý gämiò.
Belki, myradyna ýetmedik söýgi
Ýeten söýgülerden kämildir kämil.

Bu dünýe jemidir (oý ediò, barlaò!),
Ähli duºan hem duºmadyk ykballaò.

XI

Ähli duºan hem duºmadyk ykballaò
Dünýesidir biziò ümmülmez dünýä.
Duºanlary - bir ýassykda uklarlar,
Duºmadyga - bir ýassyk az görünýä.

ªu gün köçämizden bir gözel geçdi.
Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden?
Ol saòa ºeýle bir gaty meòzeºdi,
Seò adyòy tutman saklandym zordan.

Sen sesimi eºden bolsaò eger-de,
Ýüregòi gyýardy ol misli päki.
Men nirde ýansam-da, doòsam-da nirde,
Seniò rahatlygyò bozmaryn baky.

Seniò rahatlygyò bar bolsa eger,
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar.

XII

Üstünden lowurdap tylla Gün dogar,
Oòatlygyò hemem erbet pälleriò.
Onuò örän uly aladasy bar -
Olam aladasy uly ºarlaryò.

Ýogsa onuò özem men diýen aºyk,
ªol ylgap ýör. Oòa pellehana ýok.
Her günde bäº sany materik aºyp,
ªinden Aý ýaryna duºup bilenok.

Ýöne ol ýyladýar duºmadyklary,
Aýa duºman, edýän ahmyrna derek.
Bize-de, Gün ýaly, gussajyklary
Öz nurumyz bilen gizlemek gerek!

Oòatlyk, nur ýagsa ýagmaly wagty.
Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty.

XIII

Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty,
Sekiz elli gussaò manysy ýokdur.
Iru-giç päk bolsa ynsanyò bagty,
Baºda söýýän wagty ýüregi päkdir.

Söýgiò bilen maòa beren päkligiò
Bu baºymy belent göge ýetirdi,
Meniò ykbalymda seniò ýoklugyò
Maòa juda tämiz gussa getirdi.

Seniò gussaò bilen galdym belende,
Seniò gussaò bilen ömrüm abatlyk.
Gussa söýgi bilen dörän bolanda,
Dünýede iò tämiz ºatlykdyr ºatlyk.

Guramaz dünýede söýgiò daragty! -
Ine, adamzadyò iò zerur bagty.

XIV

Ine, adamzadyò iò zerur bagty:
Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
Siz ºeýle bir söýüò, ºeýle söýüliò,
Goý, gökde ýyldyzlaò gözleri gitsin.

Söýüp - peslik, pislik köküni gyryò!
Söýgi bilen söýüò! A söýgi giòdir.
Her hal geçmiºimden ýokdur ahmyrym,
Çünki meò geçmiºim - seniò söýgiòdir.

Seniò aýdyp ýetiºmedik sözleriò,
Ýaòakda gijeden yz galan halyò,
Seniò meni gözläp ýören gözleriò -
ªudur ähli geçen. geljek ykbalym.

Gör, eýýäm iòrige gark bolupdyr ýer,
Ömrüò agajyndan düºüp dur günler.

MAGISTRAL

Ömrüò agajyndan düºüp dur günler,
Saralan ýapraklaò düºüºi ýaly.
Ýollarda duºuºýar aºyk göwünler,
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.

Söýgi günleriniò adaty, ine:
Yºk lezzeti köòli guçýar günsaýy,
Aºyklar duºmasa biri-birine,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.

Her hal säher tüm çetinden jyklanda,
Rugsat berenden soò haýbatly horaz,
Ähli duºan hem duºmadyk ykballaò
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar!

Söýülse, Gün - dogsa dogmaly wagty,
Ine, adamzadyò iò zerur bagty!

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak