Gurbannazar
Ezizow
(1940-1977)
Geçen asyryò
ikinji ýarymynda özboluºly talanty bilen gysga ömründe
türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrmagy baºaran ºahyr
Gurbannazar Ezizow Aºgabat etrabynyò Büzmeýin obasynda
1940-njy ýylda eneden bolýar. Ol 29-njy orta mekdebi
tamamlap, Türkmen Döwlet uniwersitetine okuwa girýär.
Gurbannazar on bäº ýaºyndaka, onuò ilkinji goºgulary çap
edilip baºlanýar. Döredijilige ýaºlykdan bütin durky bilen
berlen G. Ezizow uniwersiteti tamamlansoò, çagalar
neºirýatynda, soòra “Edebiýat we sungat” gazetinde,
Türkmenistanyò ýazyjylar birleºiginde iºledi. Ol iò köp
okaýan ºahyrlardandy. Mydama gözlegdedi.
G. Ezizowyò
döredijiligine täzeçillik, az sözlülik, çuò many-mazmunlylyk,
özboluºlylyk, kapyýa (içki sazlaºyk, bogun sazlaºygy, äheò
sazlaºygy) mahsusdyr.
Ol redif,
refren, omonik rifmalar, setiriò baºyny ritmalaºdyrmak,
içki ritmi güýçlendirmäge köp üns berdi. Türkmen
edebiýatyny täze forma we mazmun bilen baýlaºdyrdy. G.
Ezizow ýüzlerçe täzeçil, gowy goºgular bilen birlikde
türkmen edebiýatynda ilkinji bolup “Sönetler çemenini”
döretdi. “Daº gyz”, “Pikir derýasynda akyl gämisi”, “Söýgi”,
“Güýz” poemalaryny, “Nesiller”, “Uruºdan soò”, “Tabyt”
dramalaryny, “Görogly” ºadessanynyò librettosyny ýazdy.
Türkmen sährasy
Bahar
meýlisinde çyksaò seýrana,
Türkmen
sährasynyò aldyr gülleri.
Baºyò sypap
seni goýar haýrana,
Belent
daglaryndan öwsen ýelleri.
Gara bulut
gelip, zemine çöker,
Al-asman
gübürdäp, depregin kakar.
Daglardan
sil akar, ýene gün çykar,
Gyz-gelin
doldurar reýhan çölleri.
Ýagyºy
ýaraºar ýaýlaò ýazyna,
Gerçekler
bendidir aºyk gyzyna.
Sesin goºup
dutar, gyjak sazyna,
Saýrar
illerimiò ºirin dilleri.
Serpaý
Söýüò meni –
ýürek söýgi küýseýär,
ªeýle bir
küýseýär – ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama
ýeterlik söýgi
Bilen
bir pursatlyk söýüò siz meni.
Maòa kän
zat,
Uly bir zat
gerek däl,
Eliòizi
ýüregòize goýuò siz:
Size söýgi
bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi
kesä çekmän söýüò siz.
Söýüò meni –
ähli erki hem durky
Bilen size
tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüò
söýüp ýörseò elmydam
Birazajyk
agyr düºjek ekeni.
Söýüò meni –
siziò sadyk guluòyz,
Soòra menden
size galar ºeýle paý.
Men size
bahasyz serpaý ederin –
ªalaryò
elinden gelmejek serpaý.
Maglumatlar
Almagül Ýusubowanyò
«Türkmen edebiýatynyò taryhy ösüº döwürleri»
atly kitabyndan alyndy.
«Baºkent» bilim merkeziniò neºirleri.
Aºgabat 2005.
|