JEMGYÝET
BITARAPLYK
– BAGT SAKASY
Daºary
syýasy meselelere bagyºlanan “edebiýatlarda” bitaraplyk diýip
beýleki döwletleriò arasyndaky urºa gatnaºmaýan we söweºýän
taraplaryò hiç birine-de harby kömek bermeýän döwletiò syýasy
hem hukuk ýagdaýy aòladylýar. Bitaraplyk ºeýle ýagdaý hökmünde
gadymy döwürde hem belli bolupdyr, ýöne iº ýüzünde ol döwürde
o diýen giòden ösmändir. XVIII asyrdan baºlap “bitaraplyk”
diýen söz halkara gatnaºyklarynda ulanylyp baºlanýar.
Türkmen
halkynyò köp asyrlyk taryhynda bahasyna ýetip bolmajak, diýseò
ägirt uly ähmiýetli, zamana derejesindäki beýik wakalaryò biri
söýgüli Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaºynyò jöwher pähimli
syýasatynyò miwesi bolan Bitaraplyk baýramydyr. Milletiò
öòbaºçysy halkymyza her millete nesip etdiribem durmaýan beýle
bagty alyp bermek üçin ýurdumyzyò garaºsyz bolan gününden
baºlap berk alada etdi. Daºary syýasatda Türkmenistanyò
parahatçylyk söýüji, hoºmeýilli bitaraplyk syýasatyny
ýöretjekdigini yglan edip, ony gyºarnyksyz berjaý etdi.
Saparmyrat Türkmenbaºy 1992-nji ýylyò iýul aýynda Ýewropada
howpsuzlyk we hyzmatdaºlyk guramasynyò agzalary bolup durýan
döwletleriò döwlet we hökümet baºtutanlarynyò
konferensiýasynda eden çykyºynda Türkmenistanyò öz daºary
syýasat ugrunyò özeni edip parahatçylyk we ynsanperwerlik
ideýalaryny saýlap alandygyny belledi. Ykdysady hyzmatdaºlyk
guramasynyò agzalary bolup durýan döwletleriò baºtutanlarynyò
1995-nji ýylyò martynda Yslamabatda bolan duºuºygynda sebitde
bitarap döwletiò we parahatçylygy ýola goýujy merkeziò
statusynyò (derejesiniò) berilmegi hakdaky teklibi öòe sürdi.
Halkymyzyò
bitarap döwlet bolmak baradaky myradynyò hasyl bolmagynda
Beýik Ynsan Saparmyrat Türkmenbaºynyò 1995-nji ýylyò 23-nji
oktýabrynda Birleºen Milletler Guramasynyò Baº Assambleýasynyò
50-nji ýubileý sessiýasynda eden çykyºy aýratyn ähmiýete eýe
boldy. ªol taryhy çykyºynda Merhemetli Serdarymyz
Türkmenistanyò hemiºelik bitaraplyk syýasatynyò düýp mazmunyny
çuò esaslandyrdy we bu syýasatyò iº ýüzünde durmuºa
geçirilýändigini nygtap belledi.
1995-nji
ýylyò 12-nji dekabry. Bu gün türkmen halkynyò taryhyna altyn
harplar bilen ebedilik ýazylan gündir. ªol gün Birleºen
Milletler Guramasynyò Baº Assambleýasy Türkmenistanyò
hemiºelik bitaraplyk statusyny ykrar etmek we goldamak
baradaky rezolýusiýasyny kabul etdi. 185 döwletiò biragyzdan
tassyklan ºu namasy Türkmenistanyò BMG tarapyndan ykrar edilen
ilkinji bitarap döwletdigini dünýä jar etdi.
Ýurdumyzyò
hemiºelik bitaraplyk statusyny almagy 1995-nji ýylyò 27-nji
dekabrynda geçirilen Türkmenistanyò Halk Maslahatynyò
mejlisiniò üns merkezinde boldy. Halk maslahaty bitaraplyk
statusy bilen baglanyºykly Konstitusiýa üýtgeºmeler girizdi we
birnäçe kanunlary kabul etdi. Türkmenistanyò Prezidentiniò
Permany bilen her ýylyò 12-nji dekabrynda “Türkmenistanyò
milli baýramyny Bitaraplyk gününi” bellemek karar edildi.
Bitaraplygymyzy alan günümizden bäri Türkmenistan tanalmaz
derejede özgerdi. Aºgabat sebitdäki ylalaºdyryjy merkeze
öwrüldi. Paýtagtymyzda täjigara, owganara gepleºikleriniò
ençeme tapgyry geçirildi. Aýratyn geosyýasy ºertlerde ýerleºen
Watanymyz tutuº adamzadyò bähbidine hyzmat etjek ençeme
ykdysady taslamalaryny orta atdy. ªolaryò durmuºa
geçirilmegini bitaraplyk syýasatynyò miwesi atlandyryp bolar.
Maglumatlar
www.eyho.8m.net -den alyndy
 |