JEMGYÝET
Ýaºyl Tugum bolmasa,
Aýym-Günüm dogmasyn!
(Ylýas Amangeldi)
Gyº
ukusyndan soò pyntygy ýarylan agaçlar ýaºyl reòke bürelip
ýaºamaga baºlaýar. ªahalarda saýraýan guºlar bu reòkde
ýaºaýºyò bardygyny buºlaýan ýaly. Ýaºyllyk ýaºlyk, ýaºyllyk
ösüº, ýaºyllyk dowamat. Menem Baýdagymyò ýaºyl reòkinde
ýaºaýºymy, geljegimi-dowamymy görýärin. Göwnüm ýaºyl tugumyò
deòinde guº bolup pelpelleýär.
Enemiò ýumºak
elleri baºymy sypan bolsa, ýüpek Baýdagym kalbymy sypaýar.
Atam arkama kakyp ýola salan bolsa, Baýdagym elimden çekip öòe
alyp barýar. Onuò pasyrdysyndan yhlas aldym, nagyºlaryndan
agzybirlik. Ondaky Aý, ýyldyzlar meniò üçin älemiò
aý-ýyldyzlary ýaly sowuk hem ºeýle uzakda däl. Olar maòa hem
ýakyn, hem mähriban, hem ägirt. Hem baºymyò täji. Onuò
ýyldyzlary süýnmez, Aýynyò öòi tutulmaz.
Ýaºyl tugum,
haram el ýeterden, haram dil ýeterden beýikde pasyrdaýan tugum!
Bu dünýede nämäniò aladasyny edip ýaºadyò diýseler, iman
gazanyp, Seni has-da beýige götermegiò aladasyny edip ýaºadym
diýerin. Bu dünýede nämäò aladasyny etmän ýaºadyò diýseler,
Seni hernäçe beýige götersemem, baºga baýdaklaryò depesinden
garatmagyò aladasyny etmän ýaºadym diýerin. Çünki sen
garaºsyzlygyò, bitaraplygyò, parahat, asuda döwletimiò
baýdagysyò.
Seniò iò gowy
görýän düºünjäò näme diýseler "Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm
dogmasyn" diýerin. Il-gün nämede jemlenýär diýseler, ýaºyl
tugunyò astynda diýip jogap bererin. Seniò iò ýigrenýän
düºünjäò näme diýseler, agzalalyk diýip jogap bererin. Ony ýok
edip biljek güýç nämede diýseler, ýaºyl tugumda diýerin.
Beýik Pyragy:
Ilinden
aýra düºen-
Ah çeker ili gözlär.
Ýolundan aýra düºen-
Jäht edip ýoly gözlär...
...Gökde
ganat ýaýan gaz-
Gözleri köli gözlär.
diýende,
owadan deòeºdirmäniò hatyrasyna däl-de, gazlaryò kölsüz oòup
bilmeýºi ýaly, adamyò hem ilsiz oòup bilmejekdigini sähel
paýhasy bara düºüner ýaly edip aýdypdyr. Magtymgulynyò ili bu
gün Türkmenistan döwleti boldy. Indi ol ah çekmeýär. Il gözi
ýaºyl tuguna bakýar. Il baýdaksyz oòup bilmez.
Mährem
gujaksyz,
Oýunjaksyz.
Bir çaga
Atsyz-ýaragsyz
Bir esger
Bolup bilerin.
Baýdaksyz bolmaryn!
Joº
uranda jahyllygyò höwesi,
Gözýetimde tolkunlarda çaýkanýan
Gämi men
ªemalsyz,
Ýelkensiz bolup bilerin,
Baýdaksyz bolmaryn!
Ýekelik
gussasyn çekip,
Kysmatyna garaºan,
Bir ýetiºen gyz bolsam,
Bagtym açylyp,
Gelse toý günüm,
Joralarmyò toýunda gözüm giden kürtesiz,
Örtünjesiz oòup bilerin,
Baýdaksyz bolmaryn!
Gyz
bolaýyn, ogul bolaýyn-
Öz Watanmyò balasy men.
Bergimdir ony goramak,
Birem ajala dogry garamak.
Aç-suwsuz oòup bilerin,
Gije ukusyz oòup bilerin,
Baýdaksyz bolmaryn!
Ölsem
mazaryma daº,
Ýa ýazgy diýip,
Alada etmäò gardaºlar siz.
Hiç zat gerek däl. Besdir.
Aý ºuglasy ýuwsun guburym üstün,
Mazarym daºsyz,
At-sorsuz galyp bilerin,
Baýdaksyz bolmaryn!
Myhmansyz,
saraýsyz,
Öýsüz-öwzarsyz,
ªäher, obasyz,
Galyp bilerin.
Söýenlerim, söýýänlerim,
Edip biwepalyk gidip bilerler...
Sopbaº, hiç zatsyz galyp bilerin,
Hiç zatsyz oòup bilerin
Baýdaksyz oòmaryn,
Baýdaksyz bolmaryn!
Goºunyò
öòünde watan esgeri,
Bir eli gylyçda, baýdakdadyr bir eli...
"Ol kim?" diýip sorasaòyz
Mendirin.
Batyr watançy
Mendirin...
El-aýak
çapylyp biler,
Garagym gapylyp biler
Hem gülleler deºip, hem ataºlar,
Ýandyryp biler meni...
Gol-ganatym gopup-gopup,
Läº edip,
Galdyryp biler meni...
Golsuz oòup bilerin,
Ganatsyz oòup bilerin.
Baýdaksyz oòmaryn,
Baýdaksyz bolmaryn!
Esger bolup,
öòünde dyz epip, ýaºyl tugy öpýärkäm öz enemiò maòlaýyndan
öpdüm. Onuò öòünde wepadar boljakdygyma kasam edemde dünýeden
öten ata-babalarymyò, Gökdepe galasynyò, Gazawat
gyrgynçylygynyò, Garrygala söweºleriniò, Sarahs merdanlarynyò...
Watan diýip, türkmenim diýip jan beren ähli ºehitleriò öòünde
kasam etdim. Iliniò ildigini, ýurdunyò ýurtdugyny, bilen
halkym munuò ºaýady ºudur diýip ýaºyl tugy asmana göterdi.
Ýaºyl baýdaklar mertebesi has-da belende galyp, ruhy göge
göterilen halkymyò ganatlary ýaly pasyrdaýarlar. Onuò her
sapagy bir türkmendir, onuò her nokady bir türkmenistanlydyr.
Baýdak ýöne bir taýaga dakylan mata däl, ol meniò mertebämdir.
Ýaºyl tugum -
ol meniò terbiýämdir. Adamyò dogry edep-terbiýäni almagy üçin
oòa ilkinji nobatda görüm-görelde gerek. Ilki ejemiò elinden
tutup ýörjen-ýörjen boldum. Ol meniò üçin beýik - emdirdi,
ýöremäni öwretdi. Meniò ilkinji ädimlerim onuò gujagyna tarap
ädildi. Soò kakama öýkündim. Ony ejemem, doganlarymam, obamyò
adamlaram sylaýardylar. Ol maòa öwüt-nesihat berdi.
Bilmeýänlerimem ondan bildim, bilýänlerimi hem. Il-günümiò
hyzmatyna çykyp, ilkinji äden ädimim ondan gaýtdy. Soò
Garaºsyz döwletli, ýaºyl baýdakly boldum. ªu dünýede ondan
beýikde pasyrdaýan hiç zady görmedim. Men onuò ýüzünden ejemiò
mährini, kakamyò paýhasyny, özümiò kim bolmalydygymy okadym.
Diòe men däl, Ony hemmeler baºlaryndanam belentde göterip
gezýärdiler. Hatda Watanym hem ºonuò bilen tanalýardy. Men
özümi baýdagyma mynasyp bolmalydyryn diýip terbiýeledim. Beýle
iº eder ýaly sen näme türkmen dälmi diýip özümi erbet
endiklerden sakladym. ªony baºarmaz ýaly sen näme türkmen
dälmi diýip özümden arassa ahlagy, tutanýerliligi, ýeòºe tarap
erjel hereket etmegi... talap etdim. Ýaºyl tugum meniò
türkmenligimdir.
Aòyrsy
gözýetime baryp direýän ýaºyl, maýsalyk meýdana garasaò,
ýüregiò rahatlyk tapar. Ondan turýan bug arassa asmanyò bezegi
buluda öwrülýänçä, ümür-duman bolup, dag baºyna garºy süýºüp
gidip otyr... Her gezek Baýdagyma bakamda ºu görnüº göz öòüme
gelýär. Ýaºyl tugum hakyndaky düºünjelerimize, oòa bolan
hormatymyza, onuò öòündäki borjumyza garaýºymyz hem ýyl-ýyldan
goýalyp gidip otyr.
Guº özüniò
guºdugyna düºünen gününden uçup baºlarmyº. Guºdugyny bilmedige
ganatyò peýdasy ýok. Guºdugyny bilenden soò welin, özüni
gaýadan oklan bürgüt çagasynyò ganatlaryna güýç inip, göge
galkyp gidýär.
Ýaºyl tugum
meniò bereketimdir. Her öýüò bereketini keçede-düºekçede
ulanmasy gadagan bolan düýe ýüòünden dokalan saçagy goraýar.
Onuò hatda çetjagazyna aýagyò degmesi hem biziò ilde günädir.
ªeýle mukaddes saçaklaryò jemlenmesi sensiò, mukaddes tugum!
Türkmen saçaklarynyò ählisiniò mukaddesligi sendedir, tugum!
Sen Watan saçagysyò! Sen pasyrdap durkaò hiç bir keseden gelen
nebitime-de, gazyma-da, halyma-da, bedewime-de, dänäme-de,
pagtama-da... eýemsiräp bilmez.
Ýaºyl tugum -
ol meniò ýüzümdir. Bir kese ýurda barsam meni daºymdan synlap
türkmendigimi bilmezler. Gözüme seredibem, saçyma seredibem,
gepleýºime seredibem meniò haýsy ýurtdan gelenimi bada-bat
aýdyp bilmezler. Emma baýdagymy görkezdigim meni hemmeler
tanar. Ol meniò ýüzümdir. Ähli abraýym, çeken zähmetim, aºan
menzillerim, ýeten derejäm.. . - hemmesi baýdagymyò ýüzüòdedir.
Hudaýa ºükür, ile çykmaga ýüzüm bar, ile görkezmäge ýaºyl
tugum!
Ýaºyl Tugum
bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn!
 |