Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Ahmet Halmyrat

Tymsallar

 

Düýäniò ºahy

 

Guba düýäniò häli-häzirem-ä görki-görnügi hiç neneò däldir-le welin, ýöne... Wah, sada-sähraýy bolsaò, ºeýdäýmesi bar-da bularyò.
 

Birmahallar düýäniò edil öz ýüòüniò reòkine kybapdaº, gyzgylt-goòur reòkli, özem ºaha-ºaha bolup duran owadan ºahy bar eken. Ynanaòzokmy?! Gürrüòiò aslyna ýetmän beýdibermek bolmaz ahyryn. Entek yzyny diòläò.
 

Düýe bilen sugun garyndaº bolmaly. Özem bu ikisi golaý aralykdaky ýaýlalarda otlap-suwlar ekeni. Sugunyò hemiºe düýäò owadan ºahyna gözi gider ekeni. Gözüò gitmez ýalymy? Gör-ä ony.
 

Ine, onsoò günlerde bir gün sugun düýäniò ºahyny diläpdir:
 

- Düýe dost, ýekeje gün ºähyòy dakynyp gezeýin-le. Menem ýeke gün beri owadan bolup göreýin. Gaýrat et. Özem ertir günortan suwa inýän wagtymyz getirip bereýin. Jan dost, bolýa diý.
 

- Ýeri, bolýa-da, al...
 

Ine, onsoò ertesi günortan suwa hemme kiºi gelýär welin, sugun gelenok... Düýe garaºýar, garaºýar... Soò ol suw içmekçi bolup, boýnuny uzadýar welin, suwda ºahsyz kellesini görüp birhili bolýar. Ol suw içmesini kesýär-de, ilki sagyna, soò soluna garaýar. Sugun gelenok...
 

Onuò ºol gidiºi-gidiºi bolýar. Düýäniò ºahyny aldap alyp giden sugun indi juda uzak ülkelerde ýaºaýar. Düýe janawer welin nätsin. ªol garaºyp ýör, garaºyp ýör.
 

Syn eden bolsaòyz bilýänsiòiz. Bilmeýän bolsaòyzam syn edip göräýiò. Düýe suwa gelende häli-häzirem ilkibada eòegini suwa basar-da, töweregine bir garar. Ol suwda öz keºbini görýär. Görse, kellesinde owadan ºahy ýok-da. Ine, onsoò umytly gözlerini balkyldadyp, sugunyò ýoluna garar janawar.

 

 

Durnanyò nesibesi

 

Totuguº, bilbil, turaç, torgaý, hüwi, garlawaç, durna, gotan, bezbeltek, bürgüt, çaýkel hem baýguº.... garaz, adyny tutan guºuò bolsa bir gezek bir lälezar ýere jem bolupdyr. ªonda guºlar bir-birini magtapdyr, emma olaryò içinde öz-özüni magtap baºlany-da tapylaýmazmy. Ine, onsoò biri beýlekisinden kem galyp barýan ýaly guºlar öwünmäge baºlapdyrlar. Tawus guº görküne guwandy, bilbil hoº owazyna, bürgüt gara güýjüne, hüwi jadyly gözüne...
 

Öwünýän guºlaryò bolºuny synlap, dymyp oturan baýguº durnanyò sözlerine has hem haýran galdy.
 

- Aýaklarym uzyn, ganatlarym uzyn. Ganatyndan boýnum uzyn. Dyrnaklarym, çüòküm uzyn. Göge galsam, göz ýetmez, özüm welin al asmandan ýerdäki garynjany görüp barýan. Maòa taý geljegiòiz ýok. Men göwnümiò islän ýerine uçup giderin, islän zadymy saýlap-seçip iýerin, Bagdada gidip-hurma iýerin, Horasana gidip-burma iýerin. Bilmeseòiz bilip goýuò, “burma” diýilýän bugdaýdyr.
 

- Durna dost, seniò sözüò has çökder ýaly-la. Her kimiò öz nesip eden zady bolýandyr. Nesip etmedik zady alyp bolýan-a däldir - diýip, baýguº pähimdarlyk etdi.
 

Onuò bu sözüne durnanyò gahary geldi. ªol pursat durna hatary göge galdy. Olar Bagdada hurma iýmäge gidýändigini aýdyp gykuwlaºyp gitdiler.
 

...Ýöne baýguºyò aýdany çyn bolup çykdy. Durnalar ganat kakyp Bagdada gelseler, hurma bireýýäm biºip, bazary sowlan eken. ªondan soò olar Horasana - burma iýmäge gaýdypdyrlar. Gelseler Horasanda galla möwsümi tamamlanyp, ýaòy ýaz baºlanan eken.
 

Ine, ºondan bäri durnalar Bagdat bilen Horasan arada sergezdan. “Durna uly gepläp, hurmadanam galdy, burmadanam” diýilýän sözüò manysy ºunda bolmaly.

 

 

Möjek bilen it 

 

Bir gezek gün ýaºan çagy möjek bilen it çöl-sahrada gabat gelºipdirler. Edil ur-tut harçaòlaºybermeli diýlen zat ýok, uruºdan ozal gep-gürrüò, abaý-syýasatam bardyr-a.
 

- It aga, görgürligiò neneòdir? - diýip, möjek iti synap görmek üçin sowal beripdir.
 

- “It gözi tütün bilmez” diýip eºitmänmidiò. Tüssäniò içinde-de aýna ýaly durudyr bu gözler. Gözümden nalasam-a ýalan sözledigim bolar, möjek han - diýip, it öwnüpdir.
 

- Bä, ºeýlemi?!
 

- Howwa...
 

- Hany, onuò ýaly bolsa aýt, ho-ol, dagyò baºyndaky yºyk näme?
 

- ªonam göreòokmy? Ot ýanyp dur ahyryn.
 

- Oduò baºynda kim bar?
 

- Çopan tabagyny öòüne alyp otyr.
 

- Çopanyò elindäki näme?
 

- Çemçesi bar elinde.
 

- Çemçesinde näme bar?
 

- Naharyò bir owurt suwy bar-da.
 

- Baºga näme bar?
 

- Baºga hiç zadam ýok.
 

- Oòatja seretsene...
 

- Seretdim-how...
 

- Wah, çopanam görenok-da...
 

- Sen görýän bolsaò, aýt hany, näme bar?
 

- Çemçesiniò ujunda gyl bar, çopan ºony görenog-aý. Be-eý, it aga, seniòem görgürligiò ugry ýok eken-ä - diýip, möjek iti utandyrypdyr.

 

 

Husyt pyºdyl

 

Gargyºa galanyò her hili külpet baºyna geler ekeni. Pyºdyl, gör, nä güne düºüpdir. Güýe baýyòkydan ibaly däl.
 

Bir gün pyºdyl zordan gününi görüp ýören goòºusy dul aýaldan bir çanak galla diläpdir. Ol aýalam dözmändir-de, bir uly çanagy dolduryp berip goýberipdir. Aradan kän wagt geçenden soò Pyºldylyò bergisi ýadyna düºüpdir. ªonda ol öz ýanyndan “Akly çaºan garry hatyn, nähili çanakda berendigini-de unudandyr. Oòa ºu-da bor” diýip, pyºdyl kiçijik çanagy galladan dolduryp, goòºusynyò ýanyna barypdyr. Öz ýanyndan hondan bärisi bolubam:
 

- Sen ýadyòdan çykaran bolsaòam, men unudamok. Birmahal bir çanak galla beripdiò. ªonyòy al, goòºy - diýipdir.
 

ªonda ýazyksyz hatynyò oòa gahary gelip, gargapdyr:
 

- Alyp giden çanagyò üstüòe, getireniòem astyòa gap bolsun. Bar, git. Ýok bol, gözüme görünme - diýip, ony kowup goýberipdir.
 

Pyºdyl yzyna dolananda asty-üsti çanakly süýrenip gaýdypdyr. Onuò indi ºol bolup ýörºi-dä.

 

 

Geçiguºy ahmal däl

 

Geçiguºy beýleki guºlar ýaly däl oguºýan. Ol ýatan wagty diò arkan düºüp, aýaklaryny ýokaryk galdyryp ýatýan eken. Bir gezek goýunguºy ondan bu nä boluº diýip sorapdyr. ªonda ol:
 

- Uklaòdan soò näme boljagyny bilip bolýarmy näme? Birden asman üstüme agaýmasyn, bilip bolmaz-how - diýip, ol çyny bilen jogap gaýtarypdyr.

 

 

ªagal bolsaò tanaýarlar

 

ªagal her gezek adamlaryò üýºen ýerine baranda märekäniò hemmesi “ªagal-da, ºagal” bolºupdyrlar. Ýalt-ýult edip, adamlara garap oýlanan ºagal:
 

- Bäý-bä, men bularyò hiçisinem tanamok welin, olaryò bary meni tanaýar-ow - diýip, haýran galypdyr.

 

 

Guloty

 

Guloty diýen bir guº bardyr, eý-how, onuò ýaly öwünjeò, onuò ýaly ham-hyýaly görenem dälsiòiz, eºidenem. Onuò piºesi näme diýseòizläò. Ol agºamyna ýatmakçy bolanda mazaly magtanýar: “Ertire bir sag-aman çyksam bolýar-a. Etjegimi özüm bilýän. Ilki bilen-ä bir keýik bilen bir gulany awlaryn. Soòam ýolbarsy tutup bilsem, gözlerini çokjalap keýpden çykaryn”. Ynha-da onuò öz-özüne aýdýan sözleri. ªeýdip uklaýar ýaòky. Daò atýaram welin, töweregine göz aýlap, agºamky öz-özüne aýdan sözlerinden özi görkup, çar ýana garanjaklaýar. Soò uzakly gün selpeýär, iýere zat tapanok. Ahyrsoòy ikindinara bir at tezeginiò üstüne gelip gonýar. Dörjeläp-dörjeläp iki-ýeke bugdaýdyr arpa dänesini tapar. ªony ýuwdubam ýene garaòky düºen badyna göwün ýüwürtrmäge baºlar: “Ertire bir sag-aman çyksam bolýar. Ýolbars awlaryn...”.

 

 

Baýguºuò jogaby

 

Ýer ýüzündäki ähli janly-jandara hökmi ýörän Süleýman pygamber günlerde bir gün akla sygmajak iºiò baºyny tutmakçy bolupdyr. Oòa aýaly: “Ýerden diregsiz, gökden örksüz howada gaýyp ýören bir ajaýyp köºk edip beräýseò” diýipdir eken. Ol hem ºu iºi nädip bitirjegini bilmän kän oýlanypdyr. Ahyrsoòy-da guºlaryò ýeleginden gurup bolar diýen netijä gelip, ähli guºlaryò öz huzuryna gelmegini talap edipdir. Laçyn bu permany ýaýradypdyr welin, ilki bilen ýarganat gelipdir. Gele-gelmäne-de ýaranjaòlyk edip: “Men howlugýan” diýen bolup, perini sypyryp goýup gidipdir. Bu iºiò soòunyò nähili boljagyna garamadyk ýalynjaò ºeýdip ömürlik ganat-perinden jyda düºüpdir...
 

Ýuwaº-ýuwaºdan ähli guºlar gelipdirler, maslahata jemlenipdirler. Emma nämüçindir Baýguº wagty bilen gelmändir. Ahyrsoòy yzyndan Laçyny iberip getirdipdirler.
 

Guºlaryò içinde iò pähimdary bolansoò, Süleýman ony sylaýan eken. ªonuò üçin onuò bu eglenmesinde bir many bardygyny aòan Süleýman oòa sowal beripdir:
 

- Ýeri, aýdyp otur, akyldar guºum. Näme eglendiò? Ýa biziò sözümizi äsgermejek bolduòmy?!
 

- Ýok, pirim. Äsgermezlik edemok. Ýöne men bu habara ynanmadym. Süleýman onuò ýaly iº etjek bolýan däldir, biderek gürrüòdir öýtdüm.
 

- Biderek gürrüò däldigine indi göz ýetirdiò dälmi?
 

- Göz ýetirdim welin, men seniò etmek bolýan iºiòe düºünemok - diýip, Baýguº gözlerini tegeledi. Süleýmanyò onuò bolºuna gahary geljek boldy:
 

- Seniò nämä düºünip, nämä-de düºünmeýändigiòi bilmek kyn däl. Sowalym bar, oýlan-da jogabyny ber. Hoºmy?
 

- Hoº. Beriò, sowalyòyz bar bolsa.
 

- Hany sen aýt, dünýäde abat köpmi, bibat?
 

- Bibat köpdür, pirim.
 

- Bibadyò köpdügini nädip bilýäò?
 

- Ozal bibatlar-a bir bibat, abatlaram bibat bolar. ªonuò üçin bibat köpdür, pirim.
 

- Onda sen aýt, dünýäde aýal köpmi, erkek?
 

-Aýal köpdür, pirim.
 

- O nähili beýle bolýar?
 

- Bar bolan aýallar-a bir aýal, üstesine aýalynyò gepine gidip ýören ärsumaklaram aýaldyr....
 

Süleýman bu jaýdar jogapdan soò, Baýguºyò pähimdarlygyna ýene bir gezek çuò sarpa goýýandygyny bildiripdir hemem baºyny tutmakçy bolýan iºinden ýüz dönderipdir.

 

 

Serçe bilen garlawaç

 

Serçäniò ýörejek bolºuna syn eden-ä dälsiòiz? Duºaklanan ýaly jomp-jomp edip böküp ýörendir. “Howwa” bolsa onuòam öz sebäbi bar.
 

Bir gezek zalymlaryò leºgeri demi güllere dil bitirýän ýagºyzadany tutupdyrlar-da, horlap baºlapdyrlar.
 

Serçe bilen Garlawajam bu ahwalaty synlap duran ekeni. Ine, onsoò ýezitler odun ýygyp, ýaòky periºde ýaly adamyò daºyna gallapdyrlar-da çar tarapyndan ot berip goýberipdirler. Kim güýçli bolsa derrew ºonuò tarapyna geçmegi endik edinen Serçe tutaºyp baºlan oduò üstüne çüòki bilen odun-çöp daºap baºlapdyr. Garlawaç janawerem ýetiºibildiginden agzynda suw daºap oduò üstüne sepipdir.
 

Olaryò bolºuna haýran galyp syn edip duran ýagºyzada ýylgyrypdyr-da ºeýle diýipdir:

 

- Seniò oduò bilen-ä men ýanmaryn, Serçejik. Seniò suwuò bilenem men sönmerin, Garlawaç. Hany, ikiòizem  indi bu piºäòizi bes ediò. Kimdigiòizi bildim. Mundan buýana seniò-ä aýagyò duºalgy bolsun, towsakla-da ýör, Serçejik. Seniòem jaýyò adamzadyn öýünde, adamyò depesinde bolsun, Garlawajym.
 

ªeýle diýipdir-de, ýagºyzada ak tütüne öwrülip, asmana gaýyp bolup gidipdir.

 

 

Alahekhek

 

Adamy ýamanlap, içigaraçylyk edip baýnamajakdygyò belli ahyryn. Alahekhekem birmahal bijaý owadan, saýrak dilli guº ekeni. Emma ol ýamanlyk edeni üçin gargyºa galanmyºyn.
 

Bir gezek ýagºyzadalaryò biriniò yzyndan ýagy kowupdyr. Gür gara bagyò ortasyndaky ýogyn çynaryò ýanyna gelip ýeten ýagºyzada: “Ýaryl, çynarym, ýaryl!” diýipdir. Çynar ýarylypdyr. Ol agajyò içine giripdir-de: “Ýapyl, çynarym, ýapyl” diýipdirem welin, çynar ýapylypdyr.
 

Ýüpek ýaly ganat-perini ýalpyldadyp, saýrap duran alahekhek ýagºyzadanyò donunyò synynyò ujunyò agaçdan azajyk çykyp durandygyny görüpdir. Oòa çenli bolsa ýaraglaryny ºakyrdadyp kowguçylar gelipdir. “Ýere girdimi? Asmana uçdumy? Nirä gaýyp boldy?!” diýip, olar agajyò töwereginde çarp urupdyrlar. ªo barmana alahekhek oturan ºahasyndan aºak inipdir-de, ýogyn agajaò synasyndan çykyp duran bölejik matany çekeläp baºlapdyr. Bu onuò: “Ynha siziò gözleýän adamyòyz” diýdigidi. ªonda hoº owazly sesi üýtgäp, “jakyp-jakyr, jakyr-jakyr” bolup ýakymsyzlanypdyr. Sülgüniòkä berimsiz owadan elwan keºbi-de alabeder bolupdyr.
 

Duºmanlar agajy gap bilinden kesipdirler. Byçgynyò zaryn owazy ºondanmyºyn. Ýagºyzada alahekhege “Iýeniò haram bolsun. Agzyòdan-burnuòdan gelsin” diýip gargapdyr. ªeýdip alahekhek hapa-hupa zatlary iýip, töweregi arassalap ýören tüýsi bozuk, ýöne her näme-de bolsa peýdaly guºa öwrülipdir.

 

 

Geçi bilen goýun

 

Saryja tomsuò jokrama yssysyna çydar ýalymy? Ine, Goýun janawer kellesini kölegä sokup, çybyn-çirkeýden goranyp zordan bir mydar edip dur. Geçi welin beýle däl. Gudurap, bir ýerde durup karar tapanok. Ol tümmek kesegiò üstüne  çykypdyr-da, gum-kesek sowurýar. Toýnagy dagam pyçak ýaly ahyryn...
 

Üstüne kesek gaçyp, gum dökülip duransoò, Goýun ahyr dillenmeli boldy:
 

- Kim-aýt, bu dynç durup bilmeýän?!
 

- Men! Men! Geçi agaòdyryn! - diýip, ol almaz ýaly syòragyny ýene kesege çarhlap baºlady...
 

Pasyl eglenýärmi näme? Kanagatly bolsaò bolany... Ynha, ýene garalyp gyº geldi. Güpläp gar düºdi. Agyr süri agylda ümsüm ýatyr welin... Ýene ýaòky goýnuò gapdalynda bir hysyrdy peýda boldy.
 

- Kim-aýt, bi, gapdalyma sokulyp gelýän?!
 

ܺek zaòòaryò bu gezekki tapan sözüne bak:

 

- Kimdir öýdýäò, goýun dost...Geçi pahyrdyr-da. Wah... Ah, wah...

 

 

Piºik syçany synaýar

 

Bir gezek piºik jaýyò burçundaky deºikden çala kellesini görkezip, gözlerini ýyldyrdadyp duran syçana ýüzlenipdir:
 

- Syçan dost, bilýäòmi näme?
 

- Hä, näme?
 

- Eger sen ºol deºikden çykyp, ine, ºu deºige girseò, saòa ýüz tümen para bereýin.
 

- Ýüz tümen!
 

- Hawa, ýüz tümen. Aralygam ýakynja. Ynha, seret.
 

- Ara ýakyn-la, ony bilýän, ýöne para daº - diýip, mekir syçan jogap beripdir.

 

 

Tilki bilen Durna

 

Elbetde, boljagydyr-da, bir gezek Tilki bilen Durna uçraºyp, ikisiniò sözi alºyp ötägidipdir. Tilki-dä, onda gep köp, hile köp:

 

- Durna jan, dost bolduk, hemdem bolduk. Oòòut etmegem aòsat däl. Gowusy, bileje ýaºabereli. Çagalaryòy getir meniòkileriò arasyna. Dogan ýaly bolsun ýörsünler...
 

Durna onuò sözlerine ynanypdyr. Ynha, indi iki maºgala bir ýatak-jaý.
 

Ine, onsoò irden her kim öz yrsgyny gözlemäge çykdy. Tilki daga-düze tutdurdy, Durna al-asmana göterildi. Sähel salymdan soò surnugan Tilki Durnanyò uzak menzillere aºandygyna mazaly göz ýetirip, ýataga gaýtdy-da geläýdi. Gele-gelmäne-de Durnanyò çagajyklarynyò birini lak-luk ataýdy.
 

Ine, indem Durnanyò geljek ýolunyò ugrunda ýüzüni sallan bolup otyr zaòòar.
 

Tilkini görüp ºaglap inen Durna onuò bolup oturyºyny geòledi:
 

- Ýeri, Tilki dost, eýgilikmidir?!
 

- Neme-le, Durna jan. Meòki diýsem-ä birhili, seòki diýsemem birhili. Çagalaryò näme, hemmejesem özümiziòki... ªeýle dälmi näme?
 

- Ýeri näme bolupdyr, aýtsana?!
 

- Wah, ºu boýny uzynjalarymyzyò biri ýok-da - diýip, Tilki ºumjarypdyr.

 

 

Tilki bilen ªagal

 

Gep bilen duzlamaly bolsa iki paý berlen ýaly bolup ýören Tilki bu gezek ªagaldan utulaýdy. Ol gyssanyp barýan ºagaly saklady-da, gepe güýmejek boldy:
 

- ªagal ºepe, nirä haýdap barýaò-ow?
 

- Bazara barýan. Hä, näme boldy?!
 

- Aý, hiç, ýöne seò ýalakyò bazarda nä köri bar?
 

- Aýlanar göreris, belki, alarys-satarys. Ýör senem gitseò, Tilki dost - diýip, ªagal oòa sypaýçylyk etdi. Tilki welin tumºugyny asmana dikdi-de, ýene uly gepledi:
 

- Aklyò kem-ow seniò, ªagal jan. Bazara sen git. “Tilkiniò müò bir sapalagy bar, ºonuò içinde iò gowusy görünmezlik” diýip eºitmänmidiò.
 

- Eºidipdim, eºidipdim.
 

- Eºiden bolsaò näme beý diýýäò?
 

- Onyò dogry, Tilki dost, ýöne bilip goý, özüò Tilki bolsaò, bazara özüòden öò deriò barar.


 

Tilki bilen awçy

 

Awçyny kän heläk eden tilki ahyrym bir gün gapana düºäýdi. Sypmajagyna gözi ýeten Tilki ölümiò öò ýanynda ýene bir gezek Awçyny awundyrmagy ýüregine düwdi-de ýatyberdi. Elbetde, eºitjegidir-dä. Awçynyò özi ºu gepiò üstünden baraýdy.
 

Tilkiniò hamyny soýup-soýup burnuna ýetende, Awçy oòa aýnan bolup gep oklady:
 

- Ýeri-how, Tilki dost, halyò niçik?
 

Tilki zaòòar Awçynyò alaçsyz giýewisiniò öýünde ýaºap ýörmeli bolandygyny bilýän eken. ªonuò üçinem çemi gelendigini çaklan Tilki ony ýylan dili bilen çakdy goýberdi:
 

- Aý, näme...Giýewisiniò öýünde ýaºap ýöreniòkiden-ä gowy...

 

 

Güýäniò günäsi

 

Ýüòüò ganymy güýäniò nägüne düºendiginden habaryòyz barmydyr?! Bilmeýän bolsaòyz aýdyp bereýin.
 

Aslynda güýe maly dünýä sygmaýan bir baý adam eken. Ýöne maly özüne nesip etmedik juda husyt bolupdyr. ªu gysyklygy sebäpli onuò düºen gününe bakyò.
 

Bir gezek Güýe baý çöl içindäki sürülerini güýz gyrkymyna orta guýynyò töweregine jemläpdir. Çöldäki guýynyò düºelgesi dowar ýüòünden münder-dünder, hol-ha, bulut çöken ýaly bolup dur.
 

Husyt baý gyrkymçy çopan-çolugyna-da, öz-özüne-de gysganyp, gazanyò gulagyny gyzdyrmandyr. “Bulary, heý, doýrup bormy?! Näçe berseò iýer oturar. Iº etmez, gaýtam ýaltalygy tutar bularyò”.
 

ªeýdip içini hümledip, gydyrdanyp ýören baý hol uzakdan bir atlynyò bärik gönüläp gelýänini göräýmezmi. “Ýeri, munuòky nä görgi diýsene. Birden atly-abraýly adam bolup, özem myhman al diýäýse...” Ýüregine howsala düºen Güýe baý ylgap üýºmek ýüòüò içinde gizlenipdir. “Meni sorasa ýok diýiò” diýip, gyrkymçylaryna berk tabºyrypdyr.
 

Gelen myhmana talabanlar hojaýynyò ýokdugyny aýdypdyrlar. Ýalan sözlemeli bolanyna kän gynanan garyp bendeler soòky bolan iºe haýran galypdyrlar. Baýy ýüòüò içinden gözläp tapyp bilmändirler. Gysyk baý ýüòi kertip ýören kiçijik bir jandara öwrülen eken. ªeýdip myhmany güler ýüz bilen garºylap bilmedik husyt Güýe baý - güýe bolup galyberipdir.

 

 

At haçan garraýar?

 

Ozallar bedew atly ýigitler kowsa ýeter, gaçsa, gümansyz, gutular ekeni. ªonuò üçin surat ýaly owadan atlaryny ýigitler janyndan eziz görüp saklapdyrlar.
 

Uzak menzilleri aºmaly bolanda eýesi hozuò maòzy garylan, nohutly kiºmiºiò üstüne ýumurtga çakyp, togalak-togalak ýumurtga ýasar ekeni. Onsoò ýolda gidip barýarka, eýesi atynyò boýnuna kakar welin, at gaòrylyp, onuò elindäki noguly gapar. ªeýdip uzak ýöriºlerde at ýadaman, ýol külterläp gider otyr, gider otyr.
 

Bir gezek Görogly beg sorady:
 

- O-how, Gyr atym, hany aýt bakaly, sen haçan garrarsyò?
 

Gyr at ºonda ºeýle jogap beripdir:
 

- Meniò haçan garrajagymy torba biler.

 

 

At bilen Itiò söhbeti

 

At bir gezek Itiò göwnüne degipdir. “Sen aç-hor bolsaò, gapy-gapy aýlanyp, seòkildäp ýörsüò. ªonuò üçin adamlar “It arrygy bolma, at arrygy bol” diýýärler. At aç-hor bolsa-da, öz eýesiniò gapysynda durýar. Muny adamlar ºonuò üçin aýdýarlar. Bildiòmi!”
 

Bu ýakymsyz söz itiò içinden ok bolup geçipdir. ªonda-da ol mertlige salypdyr-da, ata ºeýle jogap gaýtarypdyr: “Seniò ol aýdýanyò jany bar, at aga. Ýöne sen ýene-de bir zady bilip goý. Sen ikiýüzli. Seni satsalar, sowgat etseler ýa-da ogurlap alyp gitseler, tapawudy ýok, garaz, üstüòe kim münse, sen ºonuòky bolaýýaò. Men lebzi bütin. ªonuò üçin maòa adamlar “It - wepa” diýýändirler”.

 

 

Zoruò zory kim?

 

Haýwanlaryò käte üýºüp öz aralarynda jedel edäýmesem bardyr. Jedele gyzsa olaram adamdan bäº beter bolýan ekeni.
 

Ine, düýe, pil, at, öküz, it dagy bir açyk meýdana çykypdyr-da, öz aralarynda uly goh. “Kim zor-da, kim zor!”
 

- O-how, iner iner bor-da. Men barkam baºga zory gözläp nätjek - diýip, höwür erkek esredi.
 

- “Düýeden uly pil bar” diýip eºitmänmidiò - diýägetdin, pil onuò badyny aldy-da, burnuny asman-pelege tutup nagra tartdy. Soò öküz ýeòsesini tüòòertdi: “Giden meýdany azal bilen çöwrüp taºlaýan. Men zor!”
 

Item kem galyp barýana döndi: “Uzakly gije ýatman üýrüp, howp-hatardan heder etmän, sakçylyk edýän. Men zor!”
 

Hälden bäri dymyp duran at bularyò sözüni jemledi. Köplenç iò soòundan degerli sözi kim aýtsa, ºonuòky hem dogry hasaplanylaýýar. Ine, bu gezegem ºeýle boldy-da.
 

- Men size bir zat aýdaýyn, eger dogry bolsa hemmäòiz dogry diýip jogap beriò - diýip, at öz ºertini olaryò boýnuna goýdy. “Bolýa-da bolýa” diýºensoòlar at aýtdy:
 

- Köçeden bir süri düýe geçsin, pil geçsin, öküz ýa-da it geçsin, tapawudy ýok, ony hiç kim aòºyrmaz. Ýöne atyò welin, ýeke özüniò toýnagynyò sesi bir menzilden eºdiler. “At gelýär” diýeniòi duýman galýansyò. Dogrumy, ºu aýdýanym?!
 

Olar dogry zada dogry diýmeli boldular. “Dogry! Dogry!”
 

- Dogry bolsa, zoruò zory atdyr! - diýip, bedew ýalyny silkip kiºòedi.

 

 

Ýolbarsy ynjydan söz

 

Bir gezek adam bilen ýolbars dostlaºypdyr. Mertlik merdanalyk olary ysnyºdyran ekeni. Emma “Dagy-daºy ýel bozar, adam arasyny söz” diýleni-dä. Bir gep aýtjak bolsaò öòünden mazaly oýlanmaly ahyryn. Adam öz diliniò eýesi däl ýaly. Bir gezek ol aw-ºikardan geýdyp gelse, ýolbars gowagyò agzynda et iýip ýatan eken. ªonda adam ony synlap durka bir ýakmaz sözi dilinden sypdyrypdyr.
 

- Be, ýolbars dost, senem edil it ýaly süòki iki aýagyò arasyna salyp iýýän ekeniò-ow - diýipdir.
 

Söz awusy baryp ýolbarsyò ýüregine sanjylypdyr. Gahary gelip, iýip oturan aºy bokurdagyna tegek bolupdyr. Her zadam bolsa, dostlugyò hatyrasyna ol zordan gaharyny ýuwdupdyr, öldürmekdenem saklanypdyr. Soò ol adama aýdypdyr:
 

- Gylyjyòy syr-da, sal gerºimden. Tiz bol, bolmasa paralaryn...
 

Adam nätjegini bilmän, aýdylana boýun bolupdyr. Gylyç salyp, ýolbarsy ýaralapdyr. Ýolbars aýdypdyr:
 

- Bar git. Ýene on bäº-ýigrimi günden gel - diýipdir.
 

Adam gelýänçä, ol ýarasyny ýalap guradyp, garaz biter ýaly edipdir. Aýdylan güni adam gelýär welin, ýolbars oòa gylyç ýarasyny görkezýär. Görse tyg yzy çala birdirip dur. Bitipdir.
 

- Gördüòmi... Tyg ýarasy biter, til ýarasy bitmez. Bar indi meniò gözüme görünme, çygrymda gabat geläýseò tikelärin. ªu sözem menden saòa nesihat bolup galsyn - diýip, ýolbars görgüli adamdan gaty ynjany üçin, ony kowup goýberipdir.

 

 

Alagarga oka gelmez

 

Guºlaryò içinde ýeseri alagargadyr. Etjegini edip, içiòi ýakyp, gaçyp gitmesi bardyr. Ol kän atyma-da gelenok. Niýetiò düzüw däldigini bilýän ýalydyr. ªu guºuò ýagdaýy ºeýle-dä.
 

Bir gezek alagarga jüýjesine öwüt beripdir:
 

- Hemiºe ýadyòda bolsun, eger adam seniò deòäòe ýetip aºak egilse, derrew uçgunyò. Daº alyp urjak bolýandyr, seresaply bolgun, bolýarmy?!
 

Çagasy ºonda enesiniò gözüne köpbilmiºlik bilen garap ºeýle diýipdir.

- Sen egilse, uçgun diýýärsiò welin, munyò birhili bolýar-a!

- O nähili birhili bolýarmyºyn?
 

- Egilmese uçmaly dälmi? Eger ozal elinde daº bar bolsa nätmeli?!
 

- Bä-ä-ä... Saòa öwredip oturasy iº ýok eken-ow... - diýip, enesi geò galypdyr.
 

“Ala garga oka gelmez,
 

Çopan adam çoha bolmaz” diýilýändigi ýöne ýerden däldir görseò.

 

 

Ýolbarsyò asly

 

Dagda-düzde, çöl-beýewanda birden ýolbarsa pete-pet gabat geläýseò, sypara-da ýeriò bolmasa “ýolbarsym sen, ºirim sen, pirim sen! Ýalòyzym sen, ýekäm sen” diýip ýalbaryberseò (gepläre ýagdaýyò bolsa, diliò öwrülse elbetde...) degmez. Asly asylzadadyr, ynsanyò ümüne düºüp durandyr. Arlap eselmez-de peseler, mertdir, merdanadyr. Ýol berer, gorkman deòesinden geçip gidibermelidir - diýip, garrylar gürrüò berýärler. ªu gürrüòiò ýönelige aýdylmaýandygyny aòdym-da, sorag-ideg etdim. Ahyrsoòy-da üstünden bardym. Il arasynda ýolbarsyò döreýºi hakynda ºeýle hekaýat bar ekeni...
 

Ir zamanlarda bir edermen ýigit öz gujur-gaýratyna, gara zähmetine bil baglap, az-owlak mal edinipdir. ªeýdip ol uzagyndan mally-hally, tükenmez döwletli adama öwrülipdir.
 

Bu döwletment adamyò ýekeje ogly bar ekeni. ªonda-da ol ogluny läliksiretmändir, gaýtam ýaºlygyndan iºe werziº bolsun diýip, çopan-çoluklary bilen deò tutar ýörer ekeni. Oduna gitmeli bolsa-da, goýuna gitmeli bolsa-da eòibermelidir...
 

Ine, ºeýle ýörelgeden ýöräp, gowy görüm-görelde alan oglan ýigit çykypdyr...
 

...Bir gezek ýaòky baý adamyò çopanlarynyò biri sürüden dünde-günaºa diýen ýaly bir dowaryò gürüm-jürüm bolýandygyny aòypdyr. Her näçe sak durýandyryn öýtse-de bolanok, bir goýun kem gelip dur diýýä, tükelläp görse... Ol aòyrsoòy bu syryò üstüni açypdyr. Gözi bilen görsün, ynansyn diýip, ertesi agºam hojaýyn bilen bile garawulçylyk çekipdir. Ine, onsoò bu gije hem öten agºamky ýaly waka gaýtalanypdyr... Gije ýarymdan agandan soò çopanyò gündizki görkezen ýeòsesi tüòòi, tüýsi bozuk mor goýny ýerinden turdy. Ýaºyl gözlerini gijelikde ýaldyradyp gelýän daýaw mor parahat ýatan goýunlaryò biriniò kellesinden basyp, çekeläp iýmäge baºlapdyr. Ýaòky ejiz goýny galdyrman iýen mor goýun hiç zat bolmadyk ýaly onuò ýatan ýerine özi çöküp ýatyberipdir.
 

Bu ahwaly gözi bilen gören baý ertesi daò bilen ºol mor goýny ºakgalamagy buýrupdyr. Özem onuò derisini bütin çykardyp, etini içine salypdyr-da bogdaklap, içege bilen bogupdyr. ªonlugyna-da ýanyp duran tamdyryò içine taºlapdyr. Soòam garry çopany öz ýanyna - düýpgoºa göçürip gaýdypdyr.
 

...Közüò üstüne düºen içi etli deriniò daºy koka bolup, içindäki-de byžgyryp biºipdir... Baýyò ogly ýadaw halda özüni bu ýere atypdyr, görse goºda hiç kim ýok... Bir ýerden biºen etiò ysy gelýär... Tamdyryò baºyna baryp içine seretse, taýýar ºamlyk bar. Ol gümansyz muny özi üçin goýlandyr öýdýär-de, öòüne alýar... Nahardan mazaly doýandan soò ýaòky ýigit bir erbet tisginýär-de, täsin jandara öwrülýär oturyberýär. ... Soò ol baºga alajyny tapman düýpgoºa gelýär... Ol ýerdäkiler bu gelen enaýy jandary görüp geò galýarlar... Boýny tüýli, bilekleri ýogyn, guýrugyny tarpyldadyp ýatyr... “Git, janawer, git! Ýit! Jit!” diýip kowjak bolýarlar. Gidenok...
 

Ertesi baý uzak örä giden oglunyò bu çak bolup gelmeýºini geòläp, uludan dem alýar-da “Ýolbars, gelmediò-ow!” diýýär welin, ýaòky, hol gyrada bagryny ýere berip ýatan mähnet jandar ýerinden turýar-da gaýdyberýär. Gelibem kellesini onuò aýaklaryna sürtüp baºlaýar, gözlerindenem ýaº syrygyp dur. Bu hikmete ýüregi jigläp giden baý onuò gözlerine siòe seredýär welin, görse öz perzendiniò gözleri. Adamyò gözi üýtgemez ekeni. “Ýolbarsym-ow...” diýip, eòräberýär görgüli...
 

ªeýdip bu janawer ene-atasynyò ýanynda, yzlaryna düºüp geziberýär. Oglanyò Ýolbars ady-da oòa geçýär...
 

Ýolbarsyò soòa-baka içi gysýar, çöli lerzana getirip arlaýar... Ene-ata kysmata kaýyl bolup, ony ýola salýar: “Git, oglum. Ýolbars bolup ýaºa, biz senden razy, senem bizden razy bol”.
 

Ýolbarsly wakanyò gürrüòi hemme ýere ýaýraýar. Goòºy oýdan bu ýigide gaýybana aºyk bolup ýören bir gyz bar eken... Basym adamlar Ýolbarsyò ýanynda ýoldaºynyò peýda bolandygyny görüpdirler. ªir ºol gyzmyºyn...
 

Maksatlaryndan dänmeýänlere, towekgel batyrlara “ºir ýürek” diýilýändigi ºondadyr. “Adamyò ýamany kör bolar, malyò ýamany - mor” diýilýän atalar sözüniò aòyrsynda-da meger ºu hekaýat ýatandyr.

 

 

Balyk nämüçin dymýar?

 

Balygyò näme üçin dymyp ýörendigini bilýäòizmi? Eger bilmeýän bolsaòyz çen-çak bilen birzatlar diýjek bolup azara galyp oturmaò-da, “Bilemok” diýäýiò.
 

Ýeri bolýa, diòläò, onam gürrüò bereýin.
 

Bir  gezek boz keýik gelipdir bökjekläp balygyò ýanyna. Gele-gelmäne-de ºatlygyny aýan eýläpdir:
 

- Balyk dost, aý-how balyk dost! Ikimiziò bagtymyz geldi halypa...
 

- Hany, aýt bakaly. Eºideli...
 

Uçganaklap, jüp-jüp bökýän keýik sözüni dowam etdiripdir:
 

- Ýaòy paýlanyºyk boldy, paýlanyºyk...
 

- Ýeri onsoò?!
 

- Biler bolsaò halypa, deòiz-derýanyò, kölüò-ummanyò iò çuò gatlagyny, garaz, suwuò düýbüni saòa berdiler, ýyndamlygam maòa berdiler. Indi ikimiziòki hezil. Bizi tutup biljek ýok.
 

Bu habary eºidip çuòòur oýa  batan akylly balyk ýene bir sowal berdi:
 

- Keýik dost, sen aýt! Emeli kime berdiler?
 

- Emeli?... Emeli adama berdiler...
 

- Emeli adama beren bolsalar, beýdip ºatlanyp ýörme... Ol emelini tapar... Derýada meni goýmaz, çölde-de seni.
 

Balyk ºeýle diýipdir-de, suwa çümüp gidipdir. Keýigem galypdyr aòkarylyp. Balygyò aýdan iò soòky sözi ºol bolupdyr. Ol ºondan bäri dymyp ýör.

 

 

Kim näme diýipdir?!