فصلنامه ي فرهنگي ، ادبي و اجتماعي تركمنهاي ايران

 

در باره ي فصلنامه


صفحه ي اصلي

در باره ي فصلنامه

در باره ي هيأت تحريريه

 

آرشيو


جديدترين شماره

شماره هاي پيشين

 

ارتباطات


دفتر يادداشت

 تماس با ما

وبسايت ها

 

 

روزي يك ضرب المثل



 

 

داستان ترکمنی


 

Gökdepe galasyndaky söweº

 

Ýazan: Ýusup Gojuk

Türkmen diline Terjime eden: Ylýas Amangeldi

 

 

Ýusup Gojuk 1968-nji ýylda  doglan, ýokary bilimli. Tehran Uniwersitetiniò pars dili we edebiýaty boýunça okuwyny gutarýar. 1986-njy ýyldan bäri hekaýa ýazýar. ªu güne çenli onuò 20 den gowrak kitaby Eýranyò belli neºirýatlary tarapyndan köp tiražda çap edildi. Ýusup Gojuk häzirki wagtda her üç aýdan Eýranda çap edilýän, halkara derejesine eýe bolan „Ýaprak“ atly žurnalyò eýesi we baº müdiri.

 

Sözbäºy ýerine

  Gökdepe urºundan bäri 120 ýyldanam gowrak wagt geçdi, ýene-de aýlar aýlanar, ýyllar-asyrlar geçer. Ýöne, Orsýet Patyºasynyò basyp alyjy goºunlarynyò sürünmesinden öz topragyny goramak üçin “Il bilen gelen toýda baýram” diýip aýaga galan türkmen halkynyò görkezen epiki gahrymançylygy hakyndaky hakydanyò  ýalkymy öçmez.

  General Lomakiniò ýolbaºçylygyndaky ilkinji Ahal-teke ýörüºi wagtynda Patyºanyò goºunlary bütin Orsýediò basyp alyjylykly syýasatynyò dowamynda ilkinji gezek, ýurduny gaýduwsyzlyk bilen goran türkmenlerden ýeòildiler (1879 ýylyò sentýabry).

    Türkmenlerde “Ýykylan göreºden doýmaz” diýlen bir söz bar. Bu ýeòiliºlerinden soò Ahal-teke oazisini boýun egdirmek üçin orslar ikinji ýörüºe taýýarlyk görüp baºlaýarlar. ªeýle maksat bilen 1880-nji ýylyò martynda Patyºa Orsýediniò gaznasyndan 10 million manatlyk seriºde göýberilýär we 11 müò esgerden ybarat ägirt uly goºun 107 top, 11 pulemýot bilen üpjün edilýär. Ýörüºe ýolbaºçy edilip general Mihail Skobelew bellenilýär.

    Türkmenler bu gezegem ors goºunlaryna deòsiz-taýsyz gaýtawul görkezýärler. Gökdepe galasyny goraýjylar özlerinden ençeme esse köp ors esgerleriniò garºysyna ärligi, mertligi we türkmen erkinligi üçin pidakärligi ýarag hökmünde  ulanýarlar. Galany elden bermezlik uçin erkekler ellerine  köne ýeke nili, ak saply jöwher gamalary alsalar, aýallar we çagalar ellerine ilen zadyò gyrkylykmy, paltamy, daº topurmy nämedigine garamazdan kese ýerli ýurtbasarlaryò garºysyna çykýar. Taryhy maglumatlar boýunça galanyò içindäki söweºde san-sajaksyz adam gurban bolýar. Gala elden giderilenden soò basga düºen bosgunlardan diòe aýallaryò we çagalaryò sekiz müòe golaýy patyºanyò atly we pyýada goºunlary tarapyndan gylyçdan hem-de gülleden geçirilýar. Söweºi tamamlamagy Skobelew gala basylyp alynandan üç gün soò(!) buýurýar. Bu üç günde basypalyjy goºunlar gaýtawul görkezmäge hiç bir ýagdaýy galmadyklary, aýallary we çagalary wagºylyk bilen gyrypdyrlar. Täze döredilen Zakaspiý döwletine ýolbaºçy bellenilen Skobelew bu edilen wagºyçylygyò az salymyò içinde dünýä dolmagy sebäpli wezipesinden boºadylyp Moskwa çagyrylýar. Heniz kyrk hem ýaºamadyk bu ganhor ºondan soò birnäçe aý geçip geçmänkä näbelli bir kesele uçurap ölýär.

Il ýurduny gorap, taryhda yz galdyran hakyky sähra perzentleriniò gaýduwsyzlygy, merdanalygy powestde bir gahrymanda – Batyr handa jemlemäge synanºyldy. Öz ýurduny, öýüni-ojagyny gorap ägirt uly gahrymançylyk görkezen, türkmenleriò arasynda Watana söýgüniò, ar-namysyò, mertligiò ýitip gitmezligi üçin ºehit bolanlaryò ruhunyò öòünde baº egip, bu powesti ºol merdanalara bagyºlaýaryn.

Bu pajygaly waka her bir türkmeniò kalbynda öçmejek yz goýdy. Ýyllar aýlanyp, asyrlar aºsa-da halk öz mertlerini unutmaýar we olaryò hatyrasyny saklaýar. Çunki azatlygy we Watany goranlaryò hatyrasy we olar hakdaky hakyda mukaddesdir.

Powesti pars dilinden rus diline sözme-söz höwes bilen terjime eden Gözel Täjiýewa hem-de bu terjimeden gollanyp, ony pars dilindäki asyl nusgasy bilen meniò bilen bilelikde deòeºdirip türkmençä edebi terjime eden ýazyjy dostum Ylýas Amangeldä minnetdarlyk bildirýärin. 

Ýusup Gojuk.

 

Gökdepe galasyny goramak üçin bolan pajygaly ºöweºde türkmen halkynyò görkezen gahrymançylygy we patyºa goºunlarynyò ýerli halky köpçülikleýin gyranlygy hakyndaky ýatlama nesillerden-nesillere geçip gelýär. Gökdepe urºynyò taryhy halkyò gahrymançylykly dessanynda we saz sungatynda öz mynasyp beýanyny tapdy. Ady häzire çenli näbelli bagºynyò nesillere galdyran ajaýyp mukamy hem bu wakany gürrüò berýär.

 

  Birinji perdäniò owazy: Mukaddes syr

       Gan ýaly gyzaran ºapagyò reòkine gök sähra gyzyl öwüsýärdi. Ýaºbagºy uzyn barmakly ellerini kölegeledip alyslara garaýardy. Kalbyndaky niçiksidir bir ünji ony ynjalykdan gaçyrýardy. Dogrusy bu ünji ona indi ençeme ýyllar bäri karar bermeýärdi we garºy-garºy birmahal ötüp giden gyzyl reòkli ýatlamalaryny ýaòadan hakydasyna getirýärdi. Aòyrsy gyrmyzy ºapaga  duwlanyp gidýän gözýetim hasratly ýatlamalarynda iki ýana at saldyrýardy.

          Ýaºmagy niýet edinen gün sähralygyò beýleki tarapynda, dag geriºleriniò arasynda gizlenip ugrapdy. Garºysynda egin-egne berip ýatan baýyrlar öz dillerinde alyslarda galan günleriò ýürekde bitmez ýara goýan wakalary barada pyºyrdaºmaga baºlana meòzeýardi.Ýaºbagºy kalbyndaky orun tutan köne ýaralary hakda hiç kime syr bermeýärdi. Ahyrsoòunda, Orsgeldiniò toý güni bu köne ýara täzeden gozgady.

          Ýaºbagºy yzyna öwrüldi-de gara öyleriò syrgynyna nazar aýlady. Asyl, ºu ýerdenem obada nämeleriò bolup geçýänini synlap durmalydy. Häzir obanyò içi birnäçe gün mundan ozalkysy ýaly däldi, gaýda-gaýmalaºykdy, bezenen gelin-gyzlar toý aladasy bilen baºagaýdy. Her kim bir iºe meºguldy. Bütin oba bir adam ýaly bolup toýa beslenýärdi. Uzaklardan eºidilýän kerwen jaòlary täze myhmanlaryò gelýändigini habar berýärdi.

          Söòky günler oba adamlarynyò iò hözürli günlerine öwrülipdi. Dogrusy obanyò toýam-ýasam hemmeler üçin birdi. Kimdir biri toý tutsa obaò ulusy-kiçisi öz töyy ýaly ºo ýerdedi… Niçikmi kimiòdir biriniò baºyna agyr gün inäýse-de obadakylar ony ýeke goýman, derdini deò paýlaºýardylar…

          Golaýdaky depäniò aòyrsyndaò at toýnaklarynyò tozany göterildi. Ýaºbagºy aòyrdan atyny gorgunladyp çykan iki kiºini gördi, olaryò ýüzleri oba tarap bolsa-da, bagºyny görüp atlarynyò baºyny oòa tarap öwürdiler.

          Ýaºbagºy atlylaryò geýen gyrmyzy donuny görenden olaryò kimdigini tanady. Dor bedewleriò aýagyna göz ilenokdy. Atlylar golaýa gelip atlarynyò badyny gowºadyp, gele-gelmäne atdan böküp düsdüler-de bagºyn gabadynda aýak çekdiler.

          Ýaºbagºy olara çiòerilip diýen ýaly seretdi. Onuò ýüzi ýagtylyp gitdi, ýigitleriò berdaºly göwresine buýsanç bilen garap durdy. Atlylaryò baºyndaky ak silkme telpekleriniò burumlary ºemalyò badyna ykjap, olary haýbatly görkezýärdi. Olaryò biri has-da golaýa geldi. Merdemsi sesi bilen Ýaºbagºa ýüzlendi:

          — Kaka! Bu ýerde ýeke özüò näme iºläp ýörsüò?

          Aòyrrakda duran ýoldaºy onuò sözüniò üstüni ýetirdi:

— Bagºy aga, ogluò toý güni, seni sylap üstüne märeke bary ýagyp dur, size obada garaºýandyrlar.

Ýaºbagºynyò olara syryny, has beteri-de olaryò keýpini gaçyrjak zady aýdasy gelmedi. Aslynda, baºgalara içini döker ýaly, kalbyna çöken ýatlama labyryndan özi hem baº çykaryp barmaýardy.

Emma, atlylaryòky rastdy. Bu gün onuò begenmeli günüdi. Ol ýylgyrdy-da garºysyndakylara bakyp:

— Sen hak aýdýaò oglum! … Zelelei ýok. Maòa, gaýta siz birneme alada bolupdyòyz.

Uzyn böýly ýigdekçe Ýaºbagºynyò ogluna tarap ümläp:

— Ýaºuly, Orsgeldiò häzir atynyò çapýan wagty. Atyò baºyny çekmän bir demde Hywa  baryp-gelibiljek! — diýip heziller edinip güldi.

Orsgeldiniò weli utanjyna ýüzi gyzardy. Bagºy oglundan goòºy obalara ugradylan çakylykçylar barada sorady:

— Orsgeldi, oglum toýa çagyrylanlaò hemmesine habar ýetirlipmi?

Orsgeldiden öòünça, atynyò ýalyny sypap duran dosty jogap berdi:

— Toýa geljegiò aòyrsy-bärsi ýok, bagºy aga! Siz dutaryòyzyò owazyna aºyk myhmandan ýaòa gapyòyzda ýer tapylmasa gerek.

Dogrudanam, Ýaºbagºyny tanamaýan ýokdy. Onuò dutarynyò owazynyò ýetmedik obasy galan däldir. Oba çapar ugradylyp bagºynyò toýa çagyrylmadyk, Ýaºbagºynyòam eline dutaryny alyp çagyrylan ýerine tarap ýola düºmedik güni ýokdur. Bu towereklerdäki toy-baýramlaryò  Ýaºbagºysyz, onuò dutary bilen birlikde “gel bärisiz” geçenini bilýän tapylmaz. Toýlar, baýramlar Ýaºbagºysyz toýa-baýrama meòzemeýärdi, gyzyksyzdy. Niçikmi Ýaºbagºynyò dutarynyò sesi ýaòlanyp ugradygy daºdan-u ýakyndan uly-kiçi bary üýºerdi. Onün baran ýerinde goºa kiriºiò owazy dagy-jülgäni, sähralary, gum alaòlarny gaplap alýardy. Bu güò, onuò oglunyò toý gününde hem çar ýandan myhmanlaryò çozjakdygynyò ujy iki däldi.

Ýaºbagºy ýene-de yzyna gaòryldy, obadaky toý baºagaýlygy artmasa kemelmeýärdi, adamlaryò üýºýän öýi arynyò ketegi ýaly “waò” berýardi. Bagºy ýigitlere:

— Siz baryberiò, serediò myhmanlaryò hyzmatyny kem etmäweriò, menem ynha yzyòyzdan bararyn! – diýip sargady.

Ýigitler duran ýerlerinden towsup ata mündilerde oba tarap atlarynyò jylawyny göýberdiler. Bagºy üçin hem indi bu ýerde eglenere bahana galmandy, öýüòde myhmanlar garaºyp durka ýeke özüò telbe ýaly obaò çetinde aýlanyp ýörmek gelºiksizdi.

Üstüne odun hem-de ýandak basylan uly araba obaò çetinden girip barýardy. Arabaò tigirleriniò jygyldysy esli wagtlap Ýaºbagºynyò gulagynyò içinde gaýtalanyp durdy we ýüreginde ýaòy köºeºip ugran ýatlamalaryò ýarasyny täzeden gozgady. Adamlaryò bir topary Garasuwyò güzerinden gatyrlaryò üstüne atylan meºiklerini suwdan dolduryp baºly-barat oba tarap gelýärdiler. Golaý-goltumdaky gara öýleriò daºyndaky aýallaryò üýºmegini görmek bolýardy, ýöne olaryò daºaryny suwlaýany haýsy, süpürýäni haýsy saýgarmak kyndy.

Birdenem aýal adamyò agy sesi gelen ýaly boldy. Ýa biri gülýärmi? Toý ýerinde aglanmaz ahyryn?! Öýleriò birinden ýaòy göze görnüp ugran üç-dört gyz çykdy-da, düzlüge tarap ylgap gitdi. Olaryò saçyna ören kümüº düwmeleri, toýa dakynan ºaý-sepleri ºaòòyr-ºaòòyr ses edýärdi. Bu sese Ýaºbagºyò maòlaýyndan sowuk der geldi.

Ol indi öz ýanyndan gyssanmaga baºlady. Ädimini çaltlandyryp ugrany hem ºoldy weli, arkasyndan kimdir biriniò mähirli salam berýän sesini eºitdi. Yzyna öwrülende, orta ýaºlaryndaky bir pyýadanyò kiçijik gyzjagazyò elinden tutup duranyny gördi. Ýaºbagºy görenden olary tanady, geçen ýyl olar oba gelip-gidipdiler. Elleºip görüºenlerinde bagºy toýa gelýän myhmanyndan gyzynyò saglygy barada sorady:

— Ýaºuly, tüweleme Siziò eliòiziò derman kemi ýok, Hudaýa ºükür, ynha özüòiz görýäòiz ahyry – diýip, gyzjagazyna mähirli garady.

Ýaºbagºy gyzjagaza göz aýlanyndan myhmanyò aýdýanlarynyò hakykatdygyna göz ýetirdi. Onuò ýaòajyklaryna adaty sagatlygyò reòki ýöräpdi. Ol kakasynyò gataòsy ellerini göýbermese-de utanjyna kesesine bakdy.

Ýaºbagºy ýylgyrdy. Gyzjagaz kakasynyò arkasyna gizlendi. Kakasy:

— Geçen ýyl, Alladan söòky umydymyz sizdiòiz. Öò, Allanyò eradasy bilen Siziò obaòyza düºdük,.. daºyndan, adamlardan eºitdik…

Ýaºbagºy onuò kesekilerden nämäni eºidip biljekdigini aòýardy. Ellerinde, barmagyny basan ýeriniò keselini, derdi-belasyny aýyrýan bir gudratyò bardygyny özi-de köp adamdan eºidipdi. Çünki ol ºol elleri bilen oruslaryò birnäçesiniò ganyny döküpdi. Ýöne, bu gürrüòleri adamlaryò ynamynyò netijesidir diýip hasaplaýardy. ªol pajygaly wakada ganhor basypalyjylaryò janyny jähenneme ugradandygy üçin köpçülik kalbynyò islegi bilen bagºyò ºirin sazlary çykarýan barmaklaryna keselleri bejerýär diýip hasap edýän bolmagy-da mümkindi.

Ýaºbagºy egnindäki possunyny düzediºdirdi. Sähra tarapdan gelýän sergin howany demine dartdy. Gara öýleriò arasyndan ýöräp barºyna ädimini ýygjamlatdy.

Obaò çetinde, uly bir oraçanyò öòünde ýene bir söwüºlik bugurçyny ýykyp, aýaklaryny mäkäp däòyp, ýüzüni kybla tarap bakdyrdylar. Onuò daºyndakylaryò biri, gapdalynda sallanyp duran gynyndan pyçagyny çykaraga-da çete çekilip çalgy daºyna çalmaga durdy.

Pyçagyò tygyna günüò ºöhlesi düºüp ýaldyrap giden-de, Ýaºbagºynyò demi-demine ýetmän baºlady. Ylla diýersiò gamanyò tygy daºa her degende çykarýan çakyr sesi bilen beýnisiniò ýygyrtlaryna çalynýan ýaly boldy. Pyçagyò her hereketine agyrydan ýaòa kellesi güwläp gidýärdi. Düýäniò damagyny çalmakçy bolýan kiºi  gamanyò ýüzüne suw sepiºdirdi-de, pyçagyny täzeden, öòküsindenem batly çalmaga baºlady. Aòòyrrakda ýedi ojakda ýedi gazan atarylypdy. Olaryò aºagyndaky ot barha güýçlenýärdi, ºatyrdap ses edýärdi. Obanyò tanymal aºpezleri toýuò myhmanlary üçin nahar atarmaga taýýarlanýardylar.

Gamasyny iº bitirmäge taýýar hasaplan gassap ara salym salman, gözüni al-asmana dikip ýatan bugurçynyò kelle tarapyna ýöneldi. Gapdalyndakylar ýerli-ýerden öz etmeli wezipelerini jür ýerine ýetirmek üçin ykjamlandylar.

Daýaw pyýadanyò gollaryny çermäp, alkymyna dykylyp gelýänini görenden janawar dyzanmaga synandy, emma daºyna geçen adamlar uzyn boýnuny rehimsizlik bilen ýere basdylar. Bugurça bar güýji bilen lägiräýmese baºga alaç galmandy. Janawer bu dünýädäki iò soòky bozlaýºyny gutarmanka al-gan daº-töwerege syçrap gitdi. Hat-da gassabyò üºt-baºy hem gyzyl gana boýalypdy.

Ýaºbagºynyò ýüreginiò galagoplugy ýetjek derejesine ýetipdi. Eger-de häzir daº-töwerek çolalyk bolsa, dünýäsini gaplap alan hesretden ýaòa kellesini dyzynyò üstünde goýup sagatlarça aglajakdy. ªonda düòýäniò ähli deòizleriniò suwuny jemleseòem onuò gözüòiò ýaºyndan az gelerlidi.

Obanyò ortasynda uly ak öý dikilipdi. Ak öýüò gapdalynda uk ýaly iòçe agaç dikilip onuò al-asmanda galagaýan ujynda guga meòzeº ak ýaglyk pasyrdaýardy. Bu toýuò nirdedigini salgy berýän nyºandy, ak öý bolsa ýaº juwanlaryò kir-kimirsiz durmuºynyò, bagtynyò alamatydy.

Obanyò ýaº-ýeleòleri dumly-duºda topbak-topbak bolup, atlaryny kiºòedip eýläk-beýläk geçýärdiler. Häzir atlaryò hokranmasyny, kiºòemesini eºitmegem Ýaºbagºy üçin horlukdy. Bu duýguny hat-da ezýet, horluk diýmegem hakykata laýyk däldi. Onuò kalby hasratdan hem-de tolgunmakdan dolupdy we bu ýagdaý oòa ezýet berýärdi.

Öòler Ýaºbagºy atlaryò çapyºyny görende, at toýnagynyò sesine joºardy, buýsanjy artardy. Häzir oòa näme bolýarka? Muny onuò özem bilmeýärdi. Häzir ol dutaryna – on iki perdeli gazmasyna ýetmelidi. ªabram ºelpeli kakuwlar etmelidi, aýdyma gygyrmalydy. Agysy ýüregine dolup demi tutulanyò hynçgyryºy ýaly jukkuldamalydy. Emma, häzir dutardan irdi, onuò wagty däldi. Toýuò heniz ýaòy baºydy, myhmanlar doly ýygnanmandy. Hajygowºandaky ak sakal gojalar, beýleki obalaryòam saz söýer garrylary, bu jelegaýlaryò pälwan ýigitleri gelmändi. Onuò hemiºekilerdenem üýtgeºik joºup, gara suw bolan ýüzünden gara derini saçyp, hyjuwyna bäs gelip bilmän ýeke dyza galyp, aýdyma gygyrmagy üçin hemmelriò jemlenmegi hökmandy.

Ýaºbagºy gör-bak, haçandan bäri ºeýle güne, ºeýle agºama garaºýardy. Ol mydama-da Orsgeldiniò toýunda özüniò aýdym aýtjakdygyna, aòrysynda baryny edip  märekä hezil berjekdigine ynanýardy. Beýleki toýlardanam has labyzly aýtmak islegi bilen joºýardy. Çünki bu toý oòa öz geçmiºini ýatlamaga ajaýyp bahanady. Kalby atygsap durdy. Onuò geçmiºi hakdaky ýatlamalary Orsgeldi bilen gözlüje ýaºytdaºdy. Perzendi bilen deò ulalan ýatlamalar öt ýaly ajydy, pajygalydy. ªunça ýyllaryò dowamynda ol bu pynhan syryny hiç kime açmandy. Ne Orsgeldä, ne-de baºgalara dil ýarmandy.

Ençeme at goºulan araba ýaº juwanlar üçin dikilen öýüò golaýyndaky oraçalaryò biriniò deòinde saklandy. Elleri bukjaly gelin-gyzlar arabadan emaý bilen düºüp, öýe girip gitdiler. Gyz-gelinleriò ºaý sepleriniò, gyzyl gülýakalaryò ºaòòyrdysy Ýaºbagºynyò gulagynda ýaòlandy.

ªaý sepleriò her ºaòòyrdysy közüò üstüni ýelpäp geçýän ºemal ýaly onuò ganjyrap duran ýaraly ýatlamalarynyò  kesmegini soýýardy.

Orta ýaºan aýallar we ýaº gyzlar öz aladasy bilendi. Çapyksuwarlar çapyºyga taýýarlanýardylar. Ertir aýrybaºga bir gün dogmalydy. Ýaºbagºy üçinem, Orsgeldi üçinem ertirki gün üýtgeºikdi, beýleki günlere meòzemejekdi.

Ýaºbagºy toý tutulýan öýe bardy. Oturanlaryò bary bir adam ýaly bolup ör turdular. Dik duranlaryò arasynda ýaºy boýunça onuò özünden has ululary hem bardy. Bagºy öýdäkiler bile ýeke-ýeke görüºdi. Adamlar onyò toýuny gutlaýardylar, bagºy bolsa baº atyp oòaýýardy.

Öýüò töründen oòa orun berdiler. Ol agraslyk bilen töre geçdi. Ortara-da ot ýakylypdy, oduò tüssesi tüynükden ýokary göterilýärdi. Bagºynyò öòüne çay getirdiler, ol howlukman käsesine çaý guýdy-da, doldurylmadyk käsesini ýokary göterdi. Bir käse içensoò ýassyga tirsegini berdi.

Dutar edil onuò depesinde, tärimden asylgy durdy. Mahmal gabynyò içinde. Bir eli çeperiò tiken gaby. Nepis, inçe nagyºly. Wagty gelende dutar bu gapdan çykmalydy. Ýaºbagºy bu mynasyp pursady araýardy.

Hiç bir toýda onyò kalby ºeýle bikarar bolmandy. Saza baºlamazdan öò ýüreginiò häzirkisi ýaly ºeýle gürsülläp uran wagty ýokdy. Henize çenli dutaryò perdelerine, gapagyna ellerini ýetiresi gelip hiç haçan häzirkisi ýaly tolgunmandy.

Ýüregi atygsap agzyndan çykaýsam diýýärdi. Ol ahyry ýüreginde nämeleriò gopýanyna düºündi. Öz düºen ýagdaýy we gaplap alan duýgulary oòa beýle bir nätanyºam däldi. Ol ºol duýgular bilen ulalypdy. O duýgular mydama oò bilen bile ösüp, bile ýaºan eken. Al gany mysaly damarlarynda aýlanyp durupdyr. Bu duýgusyz asla, Ýaºbagºyny göz öòüne getirmegem mümkin däl, olarsyz Ýaºbagºy sazanda-da, hiç kimem bolmajak eken. Ol bu düygularyò keºbini dutarynyò perdeleriniò arasynda görýärdi. Belki-de görýändigini duýýardy. Her gezek ºol perdelerden elini ýöredende  barmaklarynyò ujy ºol syrly duýgulara galtaºýan ýaly bolup gidýärdi. Bular bir ajap duýgulardy, arman ýüregiòi daglap gidýän agyrylary bardy.

Daºarda kemsiz garaòky düºsede myhmanlaryò gelmesi dowam edýärdi. Arabalaryò tigirleriniò jygyldysy, atlaryò hokranmasy, düýeleriò jaòynyò sesi toýa gelýän myhmanlaryò gündizkiden has köpelýändigini habar berýärdi. Ojakdaky oduò daºyna üýºenler özara gürrüòe gyzyºypdylar. Emma, Ýaºbagºy hiç kimiò sesini eºitmeýärdi. Ol nazaryny alawlaýan otdan  öýüò tärimlerinde titiräp görünýän kölegelerden gözüni aýyryp bilmeýärdi. Onuò ýüregi hem haýsydyr bir oduò ataºyndan lowlap durdy.

Ýaºbagºynyò gulagyna diòe ortadaky ýanýan sazagyò ahy-nalasy eºidilýärdi. O sesler kem-kemden güýçlenýärdi we onuò ýüregini mynçgalaýardy. Indi Ýaºbagºynyò ýüzünde gahar bilen gazabyò alamatlary peýda bolupdy, ojakdaky nar-gyzyl öwüsýän köze dikilen göreji baºga hiç zady görmeýärdi. Dili bilen howany ýalap geçýän ot güçlenýärdi, közleriò üstüne atylan  sazak ºahalary oduò howruna döz gelip bilmän göçýän seçmeler kimin ºatyrdap ses edýärdi.

Tutaºyan sazagyò ºatyrdysy gitdigiçe onuò hyýaldaky dünýäsiniò jümmüºine aralaºýardy. Ýüregi çalt-çaltdan urýardy. Çygar sazagyò tutaºandan soò has güýçli ses edip ýanyºy onuò üçin yzy üzülmän atylýan oklaryò sesine öwürlipdi. Ojakdan ýokary göterilýän gök tüsse bolsa däriniò ysyna örülip dem almaga maý bermeýärdi.

Ýaºbagºynyò dem almasy kynlaºýardy. Ol tolgunýardy. Bagºynyò nazary oduò ýalkymyndan öýüò tärimine düºýän kölegeleri yzarlap bir eýläk, bir-beýläk geçýärdi. Birdenem ol kölegeler urºujylaryò sandyraýan suduryna meòzäp, göräýmäge edil gapdalyòda garma-gürmelik, ala-basgy baºlandyr diýdirýärdi. Duýdansyzlykda atlaryò kiºòemesine menžäp bir gykylyk gopdy. Sandyrap duran sudur ýüzünligine gürpüldäp gitdi. Beýlekisi öòe okduryldy. Üçünji bir kölege sesiniò ýetdiginden bagyryp, süýnmek gollaryny galgadyp  galmagalyò gopan ýerini salgy berýärdi.

Ýaºbagºy nalaç hala düºüpdi. Atlaryò çirkin kiºòäp garºydaºyna topulmasyndan, gylyçlaryò ºaòòyrdysyndan paýrap atylýan oklardan onuò gulagy kamata gelipdi. Geò galaýmaly ýeri, ol kölegeleriò alabasgysynyò içinde eli dutarly iki ýana çarpynýan öz keºbini hem görýärdi. Ol ýykylýardy, turýardy, gygyrýardy… Gynyndan çykan hanjarlary görýärdi. Olar ýokary galyp kölegeleriò depesinden inýärdi.

Ýaºbagºy oduò içinde galan ýaly çar ýany bilen lowlaýardy. Onuò kalby lowlap ýanýardy, tenini bolsa sanjylýan pyçaklaryòkydanam beter agyry gurºap alypdy.

— Orsgeldi! Orsgeldi!

Daºarda kimdir biri onuò oglunyò adyny tutup çagyrýardy. Emma, häzir bu sözler bagºynyò gulagyna baºgaça eºidilýardi we ony, üstlerine ýagy dökülen adamlaryò “Ors geldi, ors geldi” diýip, bu iki jümläni ilkinji sapar haýda-waý gygyryºýan pursadyna dolaýardy.

Ýaºbagºy özüne geldi-de, oglunyò ady tutulyp gygyrylan tarapa gaòrylyp seretdi. Daºarda Orsgeldi silkmesini ºemala ykjadyp daºyny gallap alan deò-duºlary bilen söhbete gyzypdy. Onuò elinde kakasynyò köne hyrlysy bardy. Gapdalda bir ýerde yzly-yzyna gümpüldäp göçýän tüpeò sesleri ýaòlandy. Mundan ýigrimi ýedi ýyl ozal Ýaºbagºy öz obadaºlarynyò ellerinde ºeýle tüpeòleri görüpdi.

Ala meýdan tarapda ýene-de birnäçe gezek tüpeò atyldy. Obanyò ýaº-ýeleòleri Orsgeldiniò toýunyò hatyrasyna asmana ok ýagdyrýardylar. Ýaºbagºy muòa öòküsindenem beter tolgundy. Ýatlamalaryò agyr labyry onuò ýüregini gysyp-gowuryp barýardy. Bir gülläniò sesi onuò gulagynda dynman, üznüksiz ýaòlanmaga baºlady. Bu sese sandyrap gitdi. Nagra çekip, ýerinden towsup diýen ýaly ör galan bagºa hemmeler aòkaryp galdylar.Ýöne weli hiç zat onuò azaryna-da däldi, ol dulda asylgy dutaryna ýapyºdy.

Gaýra goýmak mümkin däldi. Eger-de ol dutary gümmürdedip ugramasa janyna jaý tapyp bilmejekdi. Daºynyò mahmal gabynyò bagjygyny gyssanmaç çözüºdirdi-de dutary eline aldy.

Ol hökman çalmalydy, ol hökman aýdyma gygyrmalydy. Ýüreginde baslygyp gemre baglan dertlerini ºabram kakuwlar bilen kakyp-kakyp aýyryp daºyna zyòasy gelýärdi.

Süýnmek barmaklar tarlara  kaklyºandan dutar erbet iòledi. Bagºynyò gözleri ýaºa doldy. Ýüzünden gaýdýan der seýrek, ak sakalyna siòip ýitip gidýärdi.

Daº-töwerekden onuò sesine ylgaºyp gelenler içerä sygar ýaly däldi. Ynjalykdan gaçan adamlaryò nazary  onuò her bir hereketini sypdyrman yzarlaýardy.

Eger-de Ýaºbagºy dutar çalyp baºlamadyk bolsady, onda ýüregi kalbyna dolan duýgulara tap getirmän ýarylaýjakdy. Gör, näçe ýyllap ol bu duýgulary hiç kime duýdurman saklapdy, ºu pursada garaºyp gezipdi. Gözleriniò hanasyna dolan gözýaº damjasy ýaòagyndan togarlanyp aºaklygyna syrygyp gaýtdy. Eli özüne ne ýer tapýardy ne-de ynjalyk. Ol bu elleri bilen dutaryò ruhuny oýarmalydy.

Dütar düzülgidi. Ýaºbagºy adaty ediºi ýaly titreýän aýasyny olary sypaýan ýaly ºekilde perdeleriò  üstünden ýöretdi. Dutaryò sapyndaky perdeleriò bogunlary ýaly kalbyndaky duýgular mese-mälim bildirip durdy. Ýüregi ynjalyp, gözlerini ýumdy-da Ýaºbagsy dutaryna ºabram kakdy. ªabram kakuwlardan gaýdýan gaýgyly bir mukam öýüò içini doldurdy. Soò bolsa burum-burum tüsselere goºulyp tüýnükden daºaryk çykyp, ýyldyzly Asmana çenli göterlip gitdi. Äleme dolup gidýän bu mukam heniz eºidilen mukam däldi, ony henize çenli diòläp gören ýokdy.

Ýaºbagºyò barmaklary ikinji perdä geçdi.

 

 

Ikinji perdäniò owazy : Tutulmadyk  toý

 

Tüpeò sesi eºidildi. Edil häzirkisi ýaly uzaklara ýaòlanyp gidýän tüpeò sesi eºidildi. Edil ºu günki ýalydy ºo günem, ok yzyndan ok atyldy, goh üstüne goh gopdy. ªol gün ºeýly goh-galmagalyò sesi daòdanyò düýº görülýän, dynçlyga gark bolan adamlaryò ne oýanmaga, ne ýerinden galyp daºary çykmaga, daº-töwereginde nämeleriò gopýanyny bilmäge höwessiz ýarym oýa ýarym ukuda mahaly eºidilipdi.

ªo gün daºarda nämeleriò bolup geçýänini sesme-ses eºidýärdim; arman, meniò ýerimden galasym gelmeýärdi. Nurberdi hanyò petekesini gaýºardyp ýören, ähli bäsdeºlerini gyzyl-ütük edýän, her gün ganatlaryny pasyrdadyp ukudan oýarýan horazynyò sesem bimaza edýärdi.

Köçeden kimiòdir biriniò gülküsi, kimiòdir biriniò gürrüòi, atlaryò aýagynyò dükürdisi eºidilýärdi. Men ýatlamalaryò gatynda hars urýardym – ejem bilen kakamyò hoº gezen günlerine gaýdyp barmagyò zaryny çekýärdim. Her näçe jan etsemem olaryò ýüz keºbini göz öòüme getirip bilmeýärdim. Emma, men her edip hesip edip aýlaryò we ýyllaryò aòyrsynda galan günlere, orslaryò aýagynyò yzy galan günden has alyslara barmalydym. Lomakiniò, olaryò goºunbaºylarynyò gelmeginden öòki döwre dolanmalydym.

Çünki orlsaryò daban yzy biziò topraga düºenden soò meniò ýadymda galany diòe agy-efgan, aýallaryò saç ýaýyp çekýän nalasydy. Öwülýä äkidilýän jesetleriò içinde ejem bilen kakamyò jesedini saýgarar ýaly däldi.

Bu sesler meni beýnimdäki ýadyma salyp bilmeýän müò towlam ýatlamalaryma erkimi elimden alyp äkidýärdi. Ähli durkum bilen Batyr hanyò sesini küýseýärdim. Kim ol Batyr han? Batyrhan maòa tarap ilden saýlanyp gaýdan. Meni bagryna basan. “Mert bol oglum, mert bol” diýen adam.    

Soò onuò possunyny ýadyma salyp bildim. Ol Batyr hanyò sesi ýaly ýumºakdy, ýylydy. Ýöne bir zamanlar maòa ýüzleri düºenine begenip, begençlerinden ýaòa ýagtylyp giden ýüzleri ýatlap bilmeýärdim. Ýene Batyr hanyò “Erkek bol, oglum, oglum” diýýän sesi gulagyma geldi. Menem ºol günden bäri Batyr hanyò ogly.

Gözümi açsam, daºarda eýýäm jahan ýagtylypdyr. Nurberdi hanyò horazy bogazyna sygdygyndan gygyrýardy, beýlekiler bolsa onuò yzyny alyp göterýärdiler. Alyslardan, guýynyò içinden eºidilýän dek läle kakýan gyzlaryò sesi gelýärdi. Ýerimden turdum. Günüò ýagtysy süýºe-süýºe gapyò jaýrygyndan içeri giripdi. Daºary çykdym. Galaò galyò diwarynyò kölegesi ýere ýazylyp ýatyrdy we ol gara öýümiò gapysyna ýetýärdi.

Oba adamlary topar tutup Batyr hanyò öýüne tarap ýonelipdiler. O ýerde dokuz baºly ak öýler tutulypdy. Meniò göwnüme gelºine görä, eýýäm, ýaºulylar gelnalyjy kerwene baº bolup goòºy oba ugran bolmalydy.

Düýn agºam naharyndan soò Nurberdi han Batyr hanyò adyndan ertir säher bilen gelinalyjylaryò goòºy oba ugradyljakdygyny habar beripdi. Ine, ºo habardan soò men, hemmelerden öò turup, gelinalyjyny ugratjakdygyma öz-özüme söz beripdim. Emma, her näçe ökünsemem ýatyp galypdym.

Agyldan goýunlaryò mälemesi eºidilýärdi. Agylyò gapysyny açanymdan  owlak-guzular üstüme towsup diýen ýaly öòe atyldylar.Olar maòa özlerini örä çykarar öýdüpdiler. Men hasyr-husur agylyò gapysyny ýapyp, böwürde, öz baºyna, gözenegiò aòyrsyna basylan bededen alyp olaryò öòüne döküºdirdim.

Goýunlar men nirä ýöresem ädimimi sypdyrman yzyma düºýärdiler. Men goýunlar bir ýerde basalaºyp durmazlar ýaly bedäni ýetdiginden agylyò her ýerine-her ýerine atyºdyrdym.

Daº çykmak üçin ýönelemden, süriniò baºyny çekýän goç maòa tarap gaýtdy. Ol gelip, burum-burum ºahlaryny dyzyma oýkalap baºlady. Onuò böýnundaky jaò hereketine goºulyp düòòürdeýärdi. Men ýaòadan bede alyp gelip, onüò öòüne aýratyn atdym, ýöne goçuò bede bilen küýi ýokdy. Ol daºaryk – örä  gitmek isleýärdi.

Süri mydama onuò yzyny eýermäge endik edensoò, dowarlaryò bary agylyò iºigine tarap ümzük atýardylar. Burum-burum ºahyny indem agylyò gözeneklerine oýkaýan jaòly goçuò ýüòlerini sypap: ”Bu gün gaýrat ediò, ertir örä gideris, düºündiòmi?” – diýip öz meýlimi aýtdym.

Sürä erk edýän öòbaºy goç bilen çopan itim barka men mydam arkaýyndym. Uky üstümi basan wagty, ala köpek bilen jaòly goça sürini ynanyp ine-gana ýatýardym. Olaryò hiç bir belany sürä ýakynlaºdyrmajakdygy ikuçsyzdy. Köpegim sürini möjekden gorasa, ºahly goç bir goýnuòam süriden  bölünip gitmegine ýol bermez.

Agyldan çykanma ýarym sagat çemesi wagt geçipdi. Öýde elýaka köýnegimi geýip, Batyr hanyòka tarap ugradym. Batyr hanyò öýi galanyò edil merkezindedi. Azanyò sesi ýaòlanyp durýan uly metjit hanyò öýüniò alkymyndady. Metjidiò daº-töweregi injire, dereklere, serwi agajyna bürelendi.

Metjit bilen Batyr hanyò öýüniò arasynda bazar meýdanjygy ýerleºýärdi we Molla Muhammet ol ýerde harytlaryny ýaýradyp göçme söwdasyny ederdi. Molla Muhammediò göçme söwdasynda göwnüò näme islese tapdyrýardy.

Söwda bolmadyk wagty bu  ýeri toý tutýanlar üçin göreº meýdançasyna öwrülýärdi. Aýlaryò ýagºysy remezan gelende agzyòy bekläp, özüòem bu ýere gelmeseò geliºmejek ýalydy. ªonuò üçinem galadaky uludan-kiçä, ýaºu-garry – hemmeler bu ýere ýygnanardylar. Bu ýerde eòek bary gymyldardy, tesbi bary sanalardy, gep bary diòlenerdi. Wagt tiz geçip, bir görseò Gün ýaºyp agºam namazynyò azany aýdylardy. 

Men bu meýdança ýetemde tas, doòup galypdym. Örküçleriniò arasynda kejebe gurlan heºdek maýanyò Batyr hanyò iºiginde ºol çöküp oturºydy. Ol äwmezden gäwmiº çalýardy. Baºlary ak telpekli, egni gyrmyzy donly, örme guºakly atlylar meýdanyò çetinde, üýºüºip duruºlaryna Batyr hanyò öýünden kimiòdir biriniò çykaryna  we kerweni ugradaryna garaºýardylar.

Bu ne hekaýat? Gelin alyjylar näme üçin häzire çenli ýola düºmeýärkä?

Myhmanlar toý üçin niýetlenip dikilen täze öýlerde çaý içip oturyºlaryna mesaýy gürrüòe gyzypdylar.Olaryò baºyny agyrtmaýan gürrüòleri galmandy: bu ýylky otluk sonarlar, mallaryò ähli görnüºleri, hat-da gaýraky obalara azar berýän möjek ordasy hakda aýdylma kemi galmandy.Ýöne bar gürrüòiò ahyry gelin alyjylaryò näme üçin ýola düºmeýänligine gelip syrygýardy.

Men eglenmezden Batyr hanyò öýüne ýöneldim. Öýüò iºigi açykdy, tamda ýygnananlaryò hemmesi daºardanam kemsiz görüòýärdi. Men eýwana girdimde çökdüm. Sebäbi jaýyò içine üýtgeºik bir ünjiniò ynjalyksyzlygy dolupdy. Içki jaýda aksakallar otyrdy. Olaryò nazary bitakatdy. Bir bela gopmadyk bolsa-da biri diýip howuò basylýardy.

Kimdir biri: “Bu bir heleý gybaty bolaýmasyn-how! Ozüòiz bilýäòiz ahyryn, bu wagtyò adamlary suw görmän tammam çykaryberýärler ahyry…”

Nurberdi han degiºmä salyp gürledi:

-Molla Muhammet! Aý-how, sen harydyòy geçirjek bolup ilaty basga salýan dälsi-òä?!

Hanyò sözüne gatyrak gülenlerem, ýöne ýylgyryp oòaýanlaram,  böwrüni diòlänlerem tapyldy.

Diýmek Molla Muhammedem ºu ýerde. Men oturan aksakallara ýaòadan göz aýladym. Dogrydanam Molla Muhammet Batyr hanyò gapdalynda howlukman çaý owurtlap otyrdy. Men indi nämäò nämedigini aòyp ugradym. Molla Muhammet täze haryt bile täze bir habaram getiren borly. Ýöne hemmeleri serpmeden gaýdan ýaly eden habaryò düýbi düz bolsada biri?!

Dogrusy, her gezek bir täze habar tapmak Molla Muhammediò indi endigine örülip gidipdi. Ol çuwal-çuwal harytlaryndan baºga-da ganar-ganar habaram getirerdi. Haryt alyº-çalyº edip göçme söwdasy bilen türkmen ýaýlalarynyò  ähli obalaryna aýlanyp çykansoò adamlar onuò harydyny-da, getirýän gürrüòlerini-de ynanjaòlyk bilen kabul ederdiler.

Molla Muhammet baºyny ýaýkady-da kinaýa bilen:

— Nurberdi han, Taòry ýalkasyn! Men hakda beýle hatyrjem pikir edýänsiòem öýtmändirin? – diýdi-de  sözüniò yzyny Batyr hana gönükdirdi.

— Men öz bilýänimi aýtdym. Galanam özüòiz biliò, erteki gün bihabar galdyk diýmeseòiz bolýa…

Batyr han oturyp bilmän:

— Orsuò goºunbaºysyna kim diýdiò? – diýip sorady.

Molla Muhammediò gür gaºlary bürºüp gitdi:

— Meniò eºitmeºime-hä Skobelew diýýä… Skobelew!

Ol sözüni tamamladym diýen terzde käsesine ýaòadan çaý guýundy. Kimdir biri saklanyp bilmän:

— Sen nirden bilýäò olaò biziò ili basyp aljagyny?

Ýene biri jogaba garaºman:

— Lomakiniò guýrugyny ýamzyna gysyp gidiºini gördüòiz, saryja ors yzyny köwlener ýaly bolmady heý! Indikisi nämekä bulaò?

Molla Muhammet jogap bermese ynjalmajagyny bilip ºeýle diýdi:

— Meò bu gürrüòleri toslap tapmaýany-ma belli… Bu gürrüòi baryp birki hepde öò Kawkazda eºitdim. Belkem orslar eýýäm ºu töwerekdedir, kim bilýär?

Batyr hanyò göwnüne ünjiò aralaºany daºyndanam aòdyrýardy. Dogrusy bu ýerdäkileriò birahatlanmadygy galmandy. Jaýa doly çäýnekler getirilip, boºanlary äkidilýärdi. Orslar hakda eºidenimden öten agºamky gören düýºüm, ejem bilen kakamyò keºbiniò göz öòüme gelmeýºi ýadyma düºdi.

Ýaòý bir gulaklar orslaryò geljek-geljeginden dynypdy. Bu gün ýene-de ýörüºli gürrüò orta düºdi.

Batyr hanyò ýüzüne koneliºen aladalaryò buludy çökdi. Bu aladalar garºy-garºy gozgaýan köne ýaralara meòzeýärdi. Öýüò içini agyr dymyºlyk gurºady.

Meýdançanyò  gyrasyndaky derekleriò kölegesinde dik duran Adyna hanyò ýüzi gamaºykdy.Ol egni iòòeden çykma gyzyl donly, aýagynda aýna gonç ädigi günüò ºöhlesine ýylpyldaýardy. Gyýma balagynyò gapdal jübüsinden Molla Muhammetden alan sagadynyò zynjyry görünýärdi. Adyna han il gözünden ogrynça, aram-aram jübüsinden sagadyny çykaryp, onuò süýºmeýän dillerine umyt bilen seredýärdi.

Adyna hanyò nökerleri Toýly, Myrat we beýlekiler onuò daºyny gaplap durdular. Ol ýoldaºlarynyò söhbetinden üzülmeýän ýaly bolup görünse-de, barybir bar küýi içerdedi, ýaºulylaryò geljek netijesine sabyrsyz garaºýardy.

Batyr han ahyry ümsümligi bozup:

— Her näçe kelle dowsegem, toýy dowam etmekden baºga ýolumyz ýok. Eýýäm günorta golaýlap ýör. Bu wagta biz gelin alyp gelmeli ahyry… Men gudalara günorta çenli gelinalyjymyz barar diýip lebiz etdim. Är lebizden, koý bogazdan diýýä… Türkmenler baºyny goýar welin lebzinde durar. Beter gijä galman ýola düºeliò! – diýip,  ýaºulylara ýüzlendi.

Oturanlaryò içinde belli pikire gelip bilmeýänleri kändi. Batyr han: ”Allany çagyryp öò atlylary ugradalyò, kerwenem ýuwaº-ýuwaº barybersin, ýogsa aòyrdakylaram “näme boldyka?” diýip kyn güne galar” diýip sözüniò yzyny ýetirdi-de, ýola gitjeklere ak pata ber diýýän ºekilde ýerinden gobsunyp, gapdalrakda oturan Ahmet ahuna yºarat etdi.

          Içerden Kuranyò aýatlary okalyp ugrandan, jaýyò daºyndakylaram ýerli-ýerden dyz epmäge baºladylar. Ahmet ahunyò öz endigi boýunça hiòlenip okan aýatlary daºardakylara  eºidilýärdi. Batyr hanyò “Ämin” diýen güòleç sesi geldi. Töwür  galdyrylandan soò hemmämiz ýerimizden galdyk.

          Jaýdan ilki aksakallar, olaryò yzysüre hem beýlekiler daº çykdylar. Batyr han ýaºynyò bir çene baranlygyna garamazdan hemiºe ºähdiaçykdy, ata atlananda jahyllara gaýra dur diýdirýärdi. Egnine possun atynan, kellesindäki garaköl telpegi has hem azmly görüòýäò Batyr han eýwana çykdy-da: “Aty getiriò!” diýip buýruk berdi.

          Kimdir biri ylgaºlap meýdançany okkessir geçip gitdi, sähel salymdan gyr atyò jylawyndan idip yzyna köwlendi. At satanlakdy, ýaly ösgündi, geò galaýmaly ýeri boýnunda birnäçe gara tegmiller bardy. Hanyò aty-da, beýleki atlardan aýyl-saýyl tapawutlanýardy. Gyr at diòe Batyr hany golaýyna eltýärdi. Il içinde Batyr hanyò Gyr atynyò aòyrsy Göroglunyò atyna baryp ýetýämiº, toýnagy gyzansoò onuò yzyndan ýel hem ýetip bilmeýämiº diýen ýaly her hili gürrüòler bardy. Bu gürrüòleriò rowaýat däl-de, hakykatdygyna,  Batyr hanyò atynyò ºemaldanam ýüwrükdigine özümem ºaýat.

          Batyr han atlanýança hemmeler, üstünde gelin getiriljek kejebe gurnalan heºdek maýa-da, öòatlylaram, Tagan baýyò iki gäwmiº goºulan agaç arabasy-da, onuò üstündäki kerwene goºuljak aýal-ebtatlaram, erkeklerem ugramaga taýyn bolupdy.

          Dabany ýer tozadýan, gyzmaç ýigitleriò birnäçesi ýola düºen kerwenden öòe saýlanyp galanyò demir derwezesinden ok bolup çykdylar. Olaryò galanyò daº ýüzünden asmana atylýan tüpeòiniò sesi  Arkajyò düzüne ýaò salýardy.

          Adyna han assa gülümjiräp deò-duºlary bilen ak öýe girdi.

          Kerwene goºulan düýeleriò iò soòkusy jaýlaryò aòyrsyna öwrülip gözden ýitensoò men boºap galan meýdança nazar aýladym. O erde  Molla Muhammediò sopbaº özi galypdy. Ol esli wagt göze görünmeýän ýüpe baglanan ýaly bir nokada seredip durdy-da, baºyny ýaýkanyny duýman galdy. Soòra baºyny aºak salyp goºuna tarap gaýtdy. Men ylgawymy ýazdyrman barºyma galanyò iç ýüzündäki basgançaklary bilen onuò üstüne çykdym. Kerwen öz maýdalyna galadan barha daºlaºyp barýardy.

          Biziò galamyzyò diwarlary belentdi,  baºy ho-ol asmanda hellew atýardy. Diwaryò biºirilen kerpiçden örülen  iò ýokarky bäs-alty hatary  gyzylymtyl reòkde has-da göze ilginçdi. Kä-ýerleri bolsa ýaòý diº çykýan çaganyòky ýaly aòòy-tüòòidi.

          Men galanyò her ýerräkde gurlan garawul diòine baryp, kerwen gözden ýitýänçä yzyndan garap durdum. Galanyò daºynda janly-jemendäniò hereketi kesildi, lemmer-lemmer gara bulutlar galanyò üstüni büredi. Barha güýçlenýän ºemal olary kowalap kerweniò yzyndan ýetirmäge jan edýärdi. Birdenem, toplanyp bir-biriniò üstüni basan bulutlar çakyºaga-da gögi lerzana getiräýjek, ºol çakyºmadan soò bolsa bedreden guýulýan dek çabga gelip galany suw-sil edip gidiberjege meòzeýärdi.

 

 

Üçünji perdäniò owazy: Kerweniò ýolunda galan gözler

         

Galada galanlaryò mazasy gaçypdy. Nirä barsaò, niräòe seretseò orslaryò ýaòadan çozuºy hakda gürrüò edilýärdi. Molla Muhammediò getiren habary gündiziò günortany arassa Asmanda ýyldyrym çakan ýaly bolupdy.

          Molla Muhammediò öz aladasy özüne ýetikdi. Galaò merkezindäki meýdançada ýaýradan harytlarynyò daº-töweregi adamdan ýaòa hyò berýärdi. Erkek bolsun aýal bolsun parhy ýok, her kim gerek zadyny soraýardy.

          Emma adamlaryò ünjüsi, birahatlygy ýüzlerinden bildirip durdy. Gün ýaºmak üçin düýlenip ugrapdy. Göwünlere aralaºan ünji ulalýardy. Adamlaryò bir topary Batyr hanyò öýüniò daºyna üýºüpdi. Olaryò hemmesi bir adam ýaly Nurberdi hana serediºýärdiler. Batyr hanyò galada ýok günleri bar kiºi Nurberdi hana gulak asýardy.

          Maòa duran ýerimden Nurberdi hanyò ýüzi görüòmeýärdi, ýöne onuòam ýagdaýynyò hiç kimiòkiden enaýy däldigi aòdyryp durdy.

Kimdir biri gözüni kölegeledip uzaklara seredip durºuna:

          — Basym agºam düºer, kerwenden weli habar-hatyr ýok. Nurberdi han ýeri muòa näme diýersiò? Näme etmeli?

          Nurberdi han gaýga üstüni basdyrana:

          — Nätmeden Hudaý saklasyn! Heniz agºama çenli maý bar ahyry. Wagtyndan öò basga düºmegiò hajaty ýok. Müò gaýgy bir iº bitirmez. Onsaòam biziò medetkärimiz Perwerdigär Alladyr!

          ªeý diýdi-de, Batyr hanyò eýwanyndaky gülli keçäniò üstüne çökdi. Nas kädisini çykaryp, eliniò aýasynda jemlän nasyny diliniò astyna  atyp göýberdi.  Berk gysan dodaklaryny müòküldedip aºak bakyp oturdy. Häzirki pursatda onuò her bir hereketi iliò göz astyndady. Nurberdi hanyò bolºundan, hereketinden her kim bir many çykarýardy. Her näçe giòlik etse-de, hanyò ýüreginiò jümmüºindäki ünji-gaýgyò yzasy aýrylyp gidibermeýärdi.

          Märekeden boýy saýlanyp duran Adyna han hemmelerden beter aladalydy. Onuò bir ýerde durmaga karary ýetmeýärdi, bir içeri girýärdi, bir daº çykýardy, bir oturýardy, bir turýardy, garºy-garºy sagadyna seredýärdi. Ak derekleriò uzyn hatarynyò deòinde bir öòe, bir yza ýöreýärdi.

          Ol pälwansypatdy, gerdenleri tegelenip durdy, omurdanlary ºiriòki ýaly öòe omzaýardy, deò-duºlaryndan me-saòa saýlanýardy. Onuò bü günki  sowukganlylygyny ýitirip, özüni saklap bilmeýºi meni geò galdyrýardy. Ol garºy-garºy kisesinden elýaglygyny çykaryp  ýüzündäki burçak-burçak der damjalaryny sylýardy.

          Adamlaryò köpüsi galanyò daºyna çykypdylar. Her kim ilerdäki depäniò üstüne çykyp, boýunlaryny üzere getirºip kerweniò giden ýoluna garaýardy. Galanyò dort künjündäki asmana göterilen garawul diòlere çykyp gelin alyp gelýänleri hemmelerden öò görmegi arzuw edip alyslardan nazaryny aýryp bilmeýänlerem köpdi. Birdenem  garawul diòlerden kimdir biri: “Gelýäler, gelýärler! Hon-ha öòatly tozanlap gelýä!” diýip, çasly gygyrdy.

          Hemmeler dem almasyny saklap ses gelen tarapa öwrüldi. Köp garaºylan habar dogrusy duýdansyz ýaòlanypdy. Emma, göwünlerimizi dolduran tolgunmalardan, ünjilerden soò eºidilen “Gelýäler” diýen habar ganat bagladyp guº bolup uçurypdy. Asmana zyòylýan telpekler galanyò  diwaryndanam ýokary saýlanýardy, adamlar bir-birlerine: “Gözüò aýdyò!” diýiºýärdiler, däri gapgarylan peºeòler çar ýandan gümpüldäp göçýärdi.

          Adyna han ºatlykly sesler eºidilip ugrandan gyssanmaç daºary çykdy. Daºyndakylar eýýäm uòjüni undup, oòa degisýärdiler. Begenjinemi, utanjynamy onuò elleri, aýaklary bir ýerde durmaýardy.

          Nurberdi han ellerini galgadyp, ºatlykly habara duýdansyzlykda üstüni basdyran adamlara görkezme berýärdi:

          — A-how, näme öwelºip dursuòyz! Galaò gapysyny giòden açyò, Batyr han gelýä…Boluò, boluò, durmaò ahyry…

          Garaºmakdan eòki giden gala birden janlandy.Gelin alyjylary garºylamaga taýynlanyp ugradylar.

          Nurberdi han öz öýüne baka gyssanmaç ýöneldi, kän eglenmän, eline dutaryny alyp çykdy. Bu dutaryò arkama-arka geçip, iò ahyrynda Nurberdi hana gelip ýetendigine we hanyò ony gözüniò göreji ýaly saklaýandygyna hemmeler beletdi. Nurberdi han ädimlerini gowºatman Batyr hanyò eýwanyna baryp girdi-de:

          — Adamlar, belläp goýuò! Kerweniò öòatlysynyò baýragy ynha, ºu dutardyr!

          Öòatlynyò aljak baýragy, dogrudanam deòsiz-taýsyzdy. Bu dutaryò täsin owazyny menem  diòläpdim. Onuò kädisiniò daºyna oýulyp nagyºlar çekilendi, göreni özüne çekýärdi. Birdenem, dutara eýe çykjak atla gözüm gitdi. Onuò atyny gara suw edip galanyò derwezesinden giriºi, “Adamlar gözòiz aýdyò, kerwen Babarapdan geçip gelýär” diýip habar beriºi, Nurberdi hanyò elinden nagyºly dutary alyp maòlaýyna sylyºy göz öòümde janlandy.

          Men ylgawymy ýazdyrman galanyò diòine tarap  howlukdym. Dutara eýe çykjak ýigidiò kimdigini bilmäge gyssandym. Basgançaklaryò iki-üç tekjesinden üºtiaºry towsup ýokarlygyna galdym. Ol ýere eýýäm köp adam ýygnanypdy. Olaryò hemmesi-de gözleriniò köküni gyryp kerweniò görünjek tarapyna serediºýärdiler.

          Iòrik garalyp baºlapdy. Gitdigiçe  goýalyºýan garaòkyda gyr atyò sudury göründi. Galanyò dört künjündäki diòlerden ºatlykly sesler eºidildi. Begenjine hemmler herekete gelipdi. Çagalar böküºýärdiler, ulular birek-biregiò gerdenine kakýardylar. At haý diýmän gala tarap golaýlaýardy. Birdenem mähelläniò sesi lowurdap ýanýan oduò üstüne suw guýulanda birden sönüºi ýaly tapba ýatdy. Atyò üstünde hiç kim ýokdy. Ol ýekedi we haly periºandy. Mundan soòky iniòi düýrükdiriji duýgular duýdansyz, göz açyp ýumasy salymda adamlaryò erkini ellerinden alypdy. Adam bary aòk bolup galypdy. Men  galanyò depesinde toplanan ºabyrdap ýagmaga taýyn gara bulutlar ýagybam bilmän, agramyna-da bäs gelip bilmän baºymyza çökäýermikä öýtdüm.

           Nädip galanyò diòinden aºak düºenim ýadyma düºenok. Derwezeden gala girip gelýän gyr atyò töýnagynyò baºly-barat sesi ýüregimiò urgusy bilen deò çykýardy. At, Batyr hansyz yzyna gelenine namys edýän mysaly baºyny göterip bilmeýärdi. Ol ýüzüni sallap galanyò ortasyndaky meýdança geçip barýardy. Adamlar öz gözlerine ynanmaýardylar. Alaçsyz halda, tykgyrdap deòlerinden geçip barýan atyò yzyna düºüp, meýdança tarap gaýtdylar.

          Halaýyk agzyna suw alan dek gepsiz-gürrüòsiz aòk bolup galypdy. Hiç kimiò hat-da hyýalyna gelen çaklamalarynam daºyna çykarasy,  uçursyz bir belanyò gopanlygyna ynanasy gelmeýärdi. Meniò gulaklarymy dykyp eºitmejek bolýan sözlerimi, içimden haýsydyr bir güýç gaýtalaýardy: “Boljak iº boldy, ynan!”.

          Bu sözlerden aýagym çolaºýardy, baºym aýlanýardy, kelläme taýak bilen urlan ýalydy. Men elimde baryny edip Batyr hanyò öýüne ugradym.

          Barsam eýýäm hemmeler bu taýa, gara suw bolan atyò daºyna üýºen ekeni. At janawar: ”Menden zat soramaò” diýýän dek, ýalyny ikiýana bulaýardy. Uzyn-uzyn kiºòeýärdi. Onuò kiºòeýºi aýdym aýda-aýda sesi gyrlyp giden bagºyny ýadyòa salýardy.

          Nurberdi han bu ahwalata uzak seredip durup bilmän baryp atyò boýnuna elini goýdy, ýalyny, daýanykly omurdanlaryny sypalady. Olaryò ikisi bir-birlerine düºüòýän dek esli wagtlap ynjalykly kadda gelip bilmediler. Batyr hanyò  gyry bu derdiniºmä çydap bilmän ýer peºedi-de, art aýaklarynyò üstüne galyp bar güýjüne aýylganç kiºòedi.

          Nurberdi hanyò gözlerine ýaº aýlandy. Adyna han bolsa bu bolup geçýän ahwalatyò düýºüdigine-de, huºudygyna-da ynanman, ýüregi sogrulan dek gözlerini alaçsyz tegeläp galypdy. Onuò tegelenen gözleri bir zadyò omurlyp, döwülip barýanyny görýäne meòzeýärdi. 

           Nurberdi han Adyna hanyò ýanyna geldi-de onuò golundan tutdy. Ol goluò çiginleri gahar-gazapdan düwülip köýneginiò ýeòini ýyrtaýjak bolýardy. Handan ses-seda çykmaýardy. Diòe Adyna hanyò: “Hany kerwen? Hany kakam?” diýip, berk gysan diºleriniò arasyndan çalaja pyºyrdany eºidildi.

          Aýallar, olaryò yzysüre hem çagalar aglaºyp baºladylar. Molla Muhammet dukanyò tekjesiniò aòyrsyna geçip, ºybygyny temmäkiden doldurmaga durdy. Aýallaryò agysy uly orlaºyga ýazypdy. Molla Muhammet olaryò sesini eºidip, çilimini uzyndan-uzyn sordy, soòra ellerini dyzyna urup: “Lä ilaha il-allah! Özüò gowusyny edeweri Allam!” diýdi-de ýerinden galdy.

          Ahyry Nurberdi han gataòsy ellerini Adyna hanyò golundan aýyrman durºuna adamlara ýüzlendi:

          — Adamlar, entek, ruhdan düºerden irdir. Men Batyr hanyò diridigine Allanyò birligi ýaly ynanýan! Görüò-ä, onuò atyndan gan çykan ýeri ýok, diýmek basga düºer ýaly bahana ýok!

          Nurberdi han her häçe giò göwünlik etmäge çalyºsa-da adamlaryò özüne doly ynanmaýanlygyny aòýardy. Ýola gidenleriò yzynda galanlaryò barybir saly suw üstündedi. Nurberdi han ýaº-ýeleòlere garap:

          — Baryò, eli ýarag tutanyò atlanyò, haýal etmän kerweniò ugruna çykmaly!

          Ýigitler onuò bu sözüne mähetdel atly-atyna garºy ylgady. Adyna han bykyny gylyçly, eli hyrly tüpeòli atlanyp, hemmeden öò yzyna geldi. Ýigrimä golaý  atly toplanan dessine Nurberdi han Adyna hanyò üzeòòisinden tutup durºuna olara iò soòky sargytlaryny tabºyrdy:

          — Ýolda-yzda esewan boluò! Gelin getiriljek oba howlugyò, kerweniò baranny-barmanny anyklaò! Gaýypdan bir ahwalata uçrasaòyz  gala çapar ugradyò, biz gelýänçäòiz garaºjakdyrys.

           Öòlerinde nähili garaòky iºleriò duranlygynyò bir çetini aòýan ýigitler duran-duran ýerlerinden atlaryny gamça basdylar. Olar galanyò derwezesinden ok ýaly atylyp  çykdylar.

          Atlylar gidensoò dünýäò ähli ýüki ýeke öz baºyma düºen ýaly halda galypdym. Demime sorýanym howa däl-de, gyzgyn çäge, gyzgyn gurºun bolup demligimden geçýärdi. Meýdançadan daºlaºyp barºyma galanyò diòine çykmaga hyýal edýärdim. Emma, aýaklarym diýen etmeýärdi. Aty gelip, özi galan Batyr hany gaýdyp hiç mahal görmerin diýen pikir bile ölsemem ylalaºyp biljek däldim. Meò haýyma-waýyma bakman kelläme ornaºmak isleýän wehimli oýlary kowmaga gurbatym çatmaýardy. Asla, göwrämi götermäge-de  mende güýç galmandy, köýnegimiò ýakasyndan mäkäm ýapyºyp özumi saklajak bolýardym. Diòe, dilime öz-özi gelýän: “Allajan özüò gora! Biziò dadymyza özüò ýetiºeweri jan Alla” diýip gaýtalaýardym. Gözümiò öòünde nokatlar, suw köpürjigi ýaly düwmejikler, çüýºe ýaly damja peýda boldy. Onuò aòyrsyndan tozana siòip barýan, biri-birine gatyºan ýigrimi atly uzaklaºyp barýardy.

          Zordan garawul diòine çykdym, gaýgy-hasratdan ýaòa mejalym galmansoò, düºelen kerpijiò üstünde ºüýndim. Ýürek öz ýerine sygmaýardy. Ol ºeýle bir çiºip ulalypdy welin, içimde dem almaga ýer göýmandy. Birdenem men dodaklarymyò, eòeklerimiò gagºap gidýändigini duýdum. Gözüm garaòkyrap, endam-janymy galpyldy eýeledi. Gözüme ilýän zatlaryò bary  bir ýana gyºaryp, ýykylyp barýardy. Ýerinden süýºüp, ornuny üýtgedýän dünýäni saklap biljek güýç galmandyr. ªol çagºap barýan dünýäniò jümmüºindenem Batyr hanyò sesi gelýärdi: “Mert bol oglum! Mert bol!”

          ªapak  gyzarypdy. Narynç reòke boýalan Gün gan ýüzünde çaýkanýan gaýygyò içine girýän mysaly ýaºyp barýardy.

                 

 

Dördüòji perdäniò owazy: Ýas tutýan halaýyk