فصلنامه ي فرهنگي ، ادبي و اجتماعي تركمنهاي ايران

 

در باره ي فصلنامه


صفحه ي اصلي

در باره ي فصلنامه

در باره ي هيأت تحريريه

 

آرشيو


جديدترين شماره

شماره هاي پيشين

 

ارتباطات


دفتر يادداشت

 تماس با ما

وبسايت ها

 

 

روزي يك ضرب المثل



 
 

 

کورها / داستان کوتاه ترکمنی


فصلنامه ياپراق / سال نهم / شماره 34-35 / تابستان و پائيز 1385

کورها

körler / hekaıa

Elıas Amangeldi (Türkmenistan)

ص  3-1

 

Bu günki howaò ıüzi göwnaçyk, mylaıym adamyò  ıüzüne meòzeıär. Ol günüò gününe beıle bolup durmaıar. Yssy tomusdan soò güız bilen gelen salkynlyk, mylaıym ösıän ºemal özüne bendi edip barıar. Gyzgylt sary öwüsıän ıapraklar ıumºak ºemala ºahalardan peıwagtyna, parahat, hersi öz nobatynda gaçyp dur. Iki-ıeke ıaº-ıeleòler bolaımasa her kim salyhatly geınipdir. Tomusdaky ıaly ne ıuka, ne-de gyºdaky ıaly galyò. Dünıe süıt kölüne batan ıaly asudalygyò kölüne çümene meòzeıär. Onda uly utuºy gazananyò begenji, gursagyòa sygmajak bolıan ºatlygam ıok, üstüne garyny kepen ıaly örtünen gyºyò ümsüm tukatlygam. Hemme zat jana rahat BEİIK ASUDALYGYÒ ygtyıaryna berlipdir.

Bu asudalyga has ıiti öwüºgin berip uzakdan iki adam gol tutuºyp gelıärdi. Olaryò bolup gelºi adaty däldi. İuwaºdy, seresaplydy, ıazyksyzdy hem töweregiò asudalygynyò täsirine has beter düºendikleri mese-mälim görnüp durdy. Kime-kime, bu iki adama asudalyk iò uly baılykdy. ªol asudalygy bozmajak bolıan ıaly deòlerinden geçende beıleki adamlaryò çala bolsa-da ädimlerini gowºadıandyklaryny, gaty bir gürrüòe gyzanlary bolaımasa seslerinem peseldıändiklerini olar aòmaıardylar. Garºylaryndan gelıänler öòüräginden aladalanyp, sowulyp olara ıol berıärdiler. Göni ıüzlerine seredip bilmän aºak bakıardylar. Ol iki adama aòsat-aòsat tanyºlary duºmaıardy, hiç kim olary saklamaıardy. Emma gerek bolsa her kim olara hossar çykıardy. Olaryò ikisem kördi. Biri sokur kör, beılekisi çala görıän, ºowa kördi.

Biri uzynakdy, beılekisi kelte boıly. Gören gögüleri, görmedik Günleri olaryò ıüzüni ıaºyna görä däl, has gaty garaldypdyr, ıygyrtlary, gasynlary has köp goıupdyr. ªonuò üçin daºlaryndan görmäge ıaºlary kyrk töweregidir diıdirse-de, hakykatda uzyny Çerkez otuz üç, keltesi Geldimyrat otuz bir ıaºyndady. Çerkeziò elinde boıy bilen boıdaº uzyn, ak, ıeòil metaldan edilen taıajygy bardy. Ol ony öòünde çalaja bulap ıöreıärdi. Taıagyò ujy pyıada ıoluò gyrasyna guıulan betona her degende „ºyrk-ºyrk“ ses edıärdi. Manysyz bolansoò daº-töweregine kän garanjaklamaıan Çerkeziò ädimlerem pesaıdan agrasdy. Onuò ıöreıiºi güızüò ıakymly howasynyò lezzetine siòip gidip barıana meòzeıärdi.

Geldimyradyò elinde-de hasasy bardy. Emma ol gysgady hem eıesi känbir bulaılamansoò ondan eºidilip duran ses çykmaıardy. Oòa derek Geldimyrat ıoldaºyna görä köp gepleıärdi. Onuò sesi gelip durmasa Çerkez edil elindäki hasasynyò ºyrkyldysy kesilendäki ıaly üºerlerdi. Häzir welin ol salkyn ºemalamy, daº-töwerekden gelıän beıleki sesleremi ünsüni böldürip Geldimyradyò näme diıenine düºünmedi.

-         Düºünmedim, dogrymy aıtsam diòlemändirin, gaıtalasana.

-         Aı. Sen meni diòlemekden bizar bolupsyò-a. Menem bir biçäre, gürlän bolup barıan-da. 

-         Beı diımesene.

-         Aı, bor. Bilıärmiò näme diıjek boldum, ºepe. Biz göremizok. İöne görıänlerem görenok.

Açan gürrüòiniò täsirini görjek bolıan ıaly ol çalaja açylıan gözlerini gyrp-gyrp edip ıoldaºyna seretdi.

-         O nähili?

-         Uzynyò akyly giç gelıär-dä. Boı bilen akyl ikisinde-de hökman bir baglanºyk bardyr, ıogsa bu gep tapylmazdy.

-         Görıän diıdiò, görmeıän diıdiò. Uzyn diıdiò, akyl diıdiò, nämäò gürrüòini edıäò, halypa?

-         Gulak as, heı görmän ıaºap bolarmy? Gözüò ıumuk bolsa-da, kör bolsaòam senem bir zatlar görıänsiò ahyryn? Meniòkiçe bolmasa-da, görıänsiò. Hany aıt, ºu wagt nämäni görıäò? Gözüò öòünde näme bar?

Uzyn taıajygyny ºyrkyldatmasyny goıan Çerkez ıoldaºynam saklap:

-         Çynymy aıdaıynmy? – diıdi.

-         Dagy näme, çynyòy aıt.

-         Garaòkyò içinden seò sesiò gelıär – diıip, Çerkez beren jogabyndan hoºal, ıoluny dowam etdirdi. Geldimyrat ıoldaºynyò goltugyndan geçiren goluny çykarman, ony çala silteledi.

-         Men saòa näme eºidıäò diıemok. Näme görıäò diıip soraıan. Näme görünıär? Aıagyò basıan ıapraklaryny görıäòmi?

İoluò her ıerinde, her ıerinde agaçlardan dökülen ıapraklar körleriò seresaply basıan aıagynyò astynda ynjaman ıatyrdylar. Gaty gurap ıetiºmänkäler süpürlip duransoò, täze gaçan ıapraklar ıumºakdy. Solgun hem çygdylar.

- İaprakmy? İaprak... Täsin zat. Gowy ıatlatdyò, men olardan birini alaıyn-la, kitabyma goıaıyn – diıen Çerkez aºak çommaldy, höwes bilen egilip ıeri sermeleºdirdi. Çyg ıapraklar eline ıakymly degdi. ªol ıakymy uzaga çekdirjek bolup elini bir-iki sapar eıläk-beıläk gezdirdi. Geldimyradam durup bilmän çommalyp ıapraklara elini ıetirdi. Çerkez ıerden alan ıapragyny eline, jübüsine deòeıärdi. El ıaly ıapraklar jübsüne salardan uly gelıärdi. Ondan kiçisinem Çerkez almajak bolıardy. İapraklary sermäp oturºyna ıoldaºyna-da jogap berıärdi.

-             Men bu sowalyò jogabyny bilıärin. Elime meòzeıär gerek?! Häzir deòäp diıemok. Çagakam olary kän oınapdym. Näme üçin olar aıaga däl-de, ele meòzeıärkäler, sen ºony aıtsana, halypa?  Gaıga-da meòzeıärler.

-         Bilmedim. Näme üçin gaıga meòzedeniòem bilmedim, ıöne olaò arasynda gaıyga meòzeıänleri bar. İa gaıyk diıjek bolduòmy? Çagalaryò oınawaç gaıyklaryndanam kiçijik gaıyjyklara. İöne dogry aıydıaò, köpüsi ele meòzeıär, göremogam diııäò!

-         Men olary çagakam ıapdan akdyrasym gelıärdi. Arman, ıapdan suwuò nädip akıanynam bilemok. İaprak suwuò ıüzünde towsup-towsup akıar diııärler. Sen görensiò.

-         Gördüm. İapragy tolkunlar towusdyrıar. Owadan bolıar. Gaıyklaram suwda, ıöne uly suwda, deòizde, derıada ıaprak ıaly ıüzıär. Inºallasa men seni bir gün köle äkiderin, gaıyga-da mündürerin.     

Çerkez ahyry bir ıapragy saılap aldy-da ıerinden turdy. İoldaºynyò köle gitmek hakynda aıdanlaryny eºitmedik ıaly:

-         Gaıyk diımedim, gaıgy diıdim – diıdi.

Geldimyrat köle gitmek pikirini ıoldaºy halamady diıip düºündi. Çerkeziò eline alan ıapragyny sypaºdyryp, emaı bilen jübüsine salyºyna seredip durdy.

-         Görıäòmi sen olary nähili gowy görıäò! Gözlüler bolsa olary görselerem seò ıaly gowy görenoklar. Arkaıyn basalap ıörler.

-         Bizem basalaıas-a.

-         Biziò basalanymyzyò aıby ıok. Görsedik... Sowlup bilenlerimizden sowlup-sowlup ıörärdik. Men görıänler görıänleriniò gadyryny görmeıänleriçe bilmeıär diıjek bolıan. Özüò diımeıämidiò „Ejem ıogaldy welin, ol maòa üıtgeºik adam ıaly bolaıdy“ diıip.

-         Onyò-a dogry. Çynymy aıtsam, meni kör dogrupdyr diıip dirikä ejemi günäkärlärdimem – diıip, Çerkez ıene durdy. Köneje sokmasyny çykaryp kellesini eli bilen sypalaºdyrdy.

Geldimyrat onuò bu bolºy bilenem öwrenºip giden bolmaga çemeli. Dosty sokmasyny geıip ıoluny dowam etdirıänçä garaºdy. Gözlerini gyrp-gyrp edip ıoldaºynyò ıüzüne bakdy. Emma sokur gözler bilen hernäçe öwrenºenem bolsa, derrew olaran gözüni aıyrdy. Aıtmakçy bolıan zatlaryny aòynda jemledi. İoluny dowam etdirenleri bilen sözünem dowam etdirdi.    

-         Gözlülerem ºeıle. Olaryò käbiri ıaºaıºy günäkärleıär.

-         İaºaıºy näme üçin günäkärleıärler?

-         ªeıle-dä. Ikimiz ıaly bolsadylar, günäkärlemezdiler, görmäge höwes ederdiler. Dogrusy höwes edere-de zat ıok welin, günäkärläre-de zat ıok.

-         Geldimyrat diııän-ä, birden bizem gözlüler ıaly göräısek, görıän zatlarymyzyò gadyryny bilmän ıörenlerden bolaıarmykak?

Geldimyrat ıoldaºynyò göwnünden turan gürrüòi tapanyna begendi – ıogsa ol onuò adyny tutmazdy. Uzakly günüò dowamynda, gaty zerur bolanda-da „Halypa“ diıip ıüzlenıän ıoldaºynyò diòe göwni açylanda „Geldimyrat“ diımek häsiıediniò bardygyny ol bilıärdi.    

-         ªeıle bolarsyò diıseler, eger çynym, görjegem boljak däl, maòa ºu görºümem besdir.

-         Aı, halypa soòuny bulaºdyrdyò. Bu gürrüòiò aıagy ıere degmedi. Senmi ºu görüºim besdir diıjek.

-         İo, ºu görüp ıörenler ıaly görjek bolsam diıdim.

-         Görüp ıörenleò näme kemi barmyº? Olardan baºgaça nähili görjek?

-         Baºgaçamy... Aı, sen düºünmersiò.   

Körleriò arasyna dymyºyklyk düºdi. Geldimyradyò hiç zat birahat etmese-de, geplemesini goıandygyny ıoldaºy ädim ädiºinden bilip barıardy. İoldaºyny gynandyrandyryn öıden Çerkeziò özi gürläp baºlady.           

-         Geldimyrat, seòkem ugrundan barıar. Ynha, men mydam garaòkylygy görüp ıöremsoò ol maòa boldam bir, bolmadam. Bilemok, gijä gowy diııärler, maòa galsa-ha, toba estagfyryllah, maòa galmawersin, özüm üçin gijäò geregi ıok diıjek boldum.

-         Maòa-da ºeıle. Gün ıaºdygy sussum basylaııar. İatybam rahatlanyp bilemok. Gaıta Gün dogup aıak üstüne galamsoò dynjymy almaga baºlaıan.

-         Geldimyrat, ºonda-da, bilip goı, sen nähili bagtly, Günüò doganyny bilıäò, ıaºanyny bilıäò. Maòa-da aıdyp dursuò. Menem seò arkaòdan bagtly. Seò ıaly ıoldaºy ıoklaram aramyzda kän-ä. Menden hiç zady gaty görme. ªu idekläp ıörºüò beılede dursun, her gün irden, „Gün dogdy“ diıip aıdyp duranyò üçinem, ömrüm ötünçä hyzmatyòda durmaga taııar. İöne men pahyr ıene gaıta saòa ıük bolup ıörün.

Çerkeziò kör gözleriniò owasyna ıaº ıygnanyny görmäge gözüniò ıitiligi ıetmese-de, sesiniò üıtgeıºinden ıoldaºynyò halyna Geldimyrat  bada-bat düºündi. Gürrüòi baºga terze gönükdirdi.    

-         Maòa „hä“ berip ıörseò bor, gözüm-gaºym ıük sen ıük däl. Bir gezek men iki sany gözliò süsüºenini gördüm.

Geldimyrat gara çyny bilen kikirdäp gülmäge baºlady. Onuò iliòkä meòzemeıän geò gülküsi bardy. Uzaga çekmese-de, gaty aòyrdan çykansoò eºideni ıylgyrdardy. Çerkezden „Dünıede iò gowy görıän zadyò näme?“ diıip sorasalar säginmän „Geldimyradyò gülküsi“ diıip jogap berjekdi.   

-         Süsüºdiler-de, bilıäòmi biri-birlerine näme diııärler, gözüò ıokmy diııärler. İogsa... ıogsa  ikisem görüp dur, gözleriniò bardygyny. Soò ikisem maòa serediºdiler-de gaºlaryny çytyºyp gidiberdiler.

Gülüp gürläp barıan Geldimyradyò birden ıüzi agraldy. „İa olaò çakyºanyna  men sebäp boldum, bilmedim?“ diıdi-de, ol aıagynyò burnuna bakdy. Eslije wagt sesini çykarmady.

-         Geldimyrat, gep haltaò boºaıdymy, näme dymdyò?

-         Çynymy aıtsam, soòky döwür kän öòkülem ıaly gürläsim gelenok. Gürläp-gürläp diòlemekden galıan ıaly bolup duryn.

-         Oòarsaò diòleme. Diòlemek ıüregiòi gysdyrar.

-         Onda näme özüò ıol boıy, iºde-de, öıde-de, käwagt bir zat diıäımeseò, ºo meni diòläp ıörsüò. Näme seò ıüregiò iliòkiden üıtgeºikmi?

-         Dagy näme! Meò ıüregim gysyp gysyp gysmazy çykan ıürekdir, Geldimyrat. Sen arkaıyn gürläber. Mundan artyk gysjak aladasy ıok. İöne senden ıekeje zady haıyº etjek. Öòem bir aòdyranam bolmagym ahmal, sen nämäò gürrüòini etseò et welin dünıä at dakyp, gözlülere dodak çöwürme. Beı diısem gaty göräıme. Geldimyrat, men çynymy aıdıan. Dünıä maòa gaty üıtgeºik ıaly bolup dur. O hakda... bilıäòmi... o hakda edilen ıakymsyz gürrüò maòa öılenjek bolup duran oglanyò aljak gyzyna at dakıanyò gepi ıaly bolup eºdilıär.

Geldimyrat ıene kikir-kikir güldi.   

-         Öılenıän oglan senmi?

Çerkeziòem bu gülkä, özüne berlen sowala ıüzi açyldy. Öılenıän oglan ıaly dylym-dylym etdi. Soòam bolºundan utanyp: - Sen gowsy meni gepletmesene – diıdi. 

-         Gaıta sen gowy gürrüòler tapıaò. ªu wagt toıuò boljak bolup ıören bolaısa...

Bu gezek Geldimyradyò gülküsi öòküsünden uzagrak boldy. Birdenem ol sakga durdy-da töweregine serediºdirdi.

-         Näme durduò, ıa bir zat gördüòmi?

-         İok, hiç zat göremok. Arkaıyn ıöräber. Nireden sowulmalydygymyza seretdim. Her näme diısegem meniò çalaja görıänim gowy zat.

Körler uly ıoly kesip geçmelidiler. Swetaforyò ıaºyl yºygy ıanıardy. Geldimyrat ıaºyl yºygy gözüniò bir çeti bilen görmek üçin ıüzüni ıokary tutmaly bolıardy. Onuò bolup barºy dünıä göwni ıetmeıäne meòzeıärdi. Hakykatda bolsa  ol ıaºyl yºyk öçmänkä ıoldan geçmegiò aladasyndady. İeòil-u agyr maºynlaryò bolup duruºy bolsa körleri geçirıändiklerine busanıan ıaly, ºol bir wagtyò özünde-de özleri üçin ıaºyl yºygyò ıanaryna howlugıan ıalydylar. Körler geçdi, maºynlaram ugradylar.

İene pyıada ıola düºen körler arkaıynlaºdylar. Niresinde daº bar, niresinde çukur - olar bu ıollara gözlülerden beletdiler. „İene biraz ıöresek duralga-da ıeteris. Soòam „11“-lige münüp öımüziò deòinde düºeris. Geldimyrat gapyny açar, ıerlerimize geçip oturarys, ıapyragymy kitabyò baº sahypasyna goıaryn, ıylydynyp agºamlygymyzam iıeris. Ertesi ir bilenem Geldimyrat „Tur, Çerkez, Gün dogdy“ diıer. Menem muny ıene bir gaıtalatmak üçin ıörite uklan bolup ıataryn. Bu ony bilıär. Geldimyradyò bilmeıän zady barmy! Iki däl üç gezek gaıtalatsaòam ol hökman „Çerkez, Gün dogdy“ diıer. Emma häzir duralga ıetmeli, galany soò, öz nobatyna görä geliberer. Ertirem ºu günki gün ıaly howa gowy bolarmyka? “.

Bu pikirleri kellesinde aılanam ºoldy welin, Çerkez kimidir biri bilen çakyºan ıaly boldy. Büdüräp gitdi. Elindäki hasasy zyòylyp gitdi, baºyndaky sokmasy gaçdy, özi zordan ıykylman saklandy. Geldimyradyòam elindäki hasasy gaçdy. Emma özüne hiç zat bolmady.

-         Sen ıene dodagyòy  çöwürme diııäò...

-         Bagyºlaò, bagyºlaò...

-         Bular nireden çykdy, hä? Ähli düºürenimiz biderek boldy. Edıän iºiòz ıok. Aòkow ıaly aòkarlyºyp dursuòyz.

-         Özüòiz aıtdyòyz-a töwerek boºlaw bolmasyn diıip.

-         Gözli adam gapyºdymy, hä?

-         Biz olary ıörite goıbermedik. Özleri gelıärdiler.

-         Indi nämä sömelºip dursuòyz, biçäreleri aıyryò ahyryn kadrdan.  

Uzyn saçlarynyò üstünden gaıyº papak geıen adam ıanyndaky ber-baºagaı üç-dört adama ellerini galgadyºdyryp ıene bir zatlar gygyrdy. Soò birden „Gözli adam“ diıende öte geçenini aòyp gyzardy. Utansa-da, içinden „Näme üçin biz gözli bolubam, körleriò ıanynda dili gysgakak? Bu pikir  gaty gowy filme özen bolup biler“ diıip, çete çekildi.    

-         Bolan zat ıok gerek? Hiç ıeriòiz agyrmady dämi?

-         İok, ıok – diıip, Çerkez  hasasyz ellerini iki-ıana sermenekletdi.  

-         Agalar, bärde film surata düºürilıärdi. Öz iºimiz bilen baºagaı bolup sizi görmändiris. 

Kinoçylaryò biri, nämä-de bolsa bir zada daıanjak bolup ellerini hereketlendirıän Çerkeze ıerde ıatan uzyn ak taıagyny äberjek boldy. Geldimyrat ony çalaja itekläp taıagy özi alyp ıoldaºynyò eline tutdurdy. Geldimyradyò bilip iteklemesini ol adam atdanlykda bolan zatdyr öıdüp düºündimi, ıüzüne-de almady. Taıagy eline berlenden soò Çerkeziò biraz göwni giòedi. İykylarly ıagdaı dörese ähli körler ıaly olam ilki elinden hasasyny gaçyrmajak bolupdy. Soòam jübüsindäki zatlaryò aladasyny edip bir eli bilen jübüsini daºyndanam bolsa gysymlapdy. Dogrusy onuò jübüsinde aladasyny eder ıaly zadam ıokdy – bir-iki sany ilik, gözüni süpürıän matajygy, haçandyr bir wagtlar iıen hurmasynyò Käbede bitıän agaçdan diıip yrym edip saklap ıören ºänikleri, bäº-üç manat puljagazy bardy. Hemem hälki ıerden alan ıapragy. Elini daºyndan tutsa-da penjesi jübsündäki ıapragyny gowy ezipdi. Muny duıan Çerkeziò bir hili endamy dyglap gitdi.

İerde ıatan sokmany kakyºdyryp Çerkeziò kellesine geıdirdiler. Ol bolsa henizem elini jübsüne sokup, ıapragyny sermeleºdirıärdi.

Bu garaºylmadyk garjaºyklykdan ıoldaºyna görä çalt baº çykaran Geldimyrat ıoldaºynyò goltugyndan tutdy-da: -İör, Çerkez ıör. Gatyrak ıöräli. Bärde kino düºürıärler öıdıän. Birden bizem düºäımäli – diıip, ony alyp ugrady. Çerkez ıuwaºlyk bilen:  

-         İapragymy owradypdyryn – diıdi.

-         İaprak hiç. İapragy baºga ıerden alarys...

بازگشت به فهرست اين شماره

 

 

فصلنامه ي ياپراق يك نشريه ي غيردولتي است و به هيچ گروه ، تشكيلات ، سازمان ، حزب و انجمني وابسته نيست

و افتخارش اين است كه به شكل مستقل ، در حيطه ي فرهنگ ، هنر و ادبيات تركمنها فعاليت مي نمايد.

 

© İaprak